Her halkyň özboluşly däp-dessury, öz tebigatyna mahsus ýaşaýyş-durmuş şertleri, edähetleri bar. Öý-hojalyk işleri ýa-da maşgaladaky perzent terbiýesi hem şol ýagdaý esasynda gurnalan. Perzent, çaga terbiýesine aýratyn üns bilen bakýan pederlerimiz nesilleriň sagdyn we aň-düşünjeli bolup ýetişmekleri, şeýle hem tebigat bilen sazlaşykly ýaşamaklary üçin zerur bolan ähli zatlary öwredipdirler. Çünki daşky gurşawyň, tebigatyň diňe bir maddy dünýämize däl, ruhy dünýämize hem giň täsiriniň bardygyna irgözinden akyl ýetiripdirler. Daş-töweregimizi, tebigatymyzy arassa saklamak, janly-jandarlara, ösümlik dünýäsine talaň salmazlyk ýaly düşünjeler dürli pähimleriň, nakyllaryň, kyssadyr hekaýalaryň üsti bilen ýetirilip durlupdyr. “Kim bir nahal oturtsa ýa-da ekin ekse, şondan hem guş-gumry, mal-jandar ýa-da ynsan balasy iýse, bu şony ekeniň sadakasydyr” diýen pähim has rowaç bolupdyr. Bag-daragt ekmegiň sogaby iň ýokary derejedäki ýagşylyk bilen deň goýlupdyr. Agaç ekmegiň sogaby, pazylaty gadymdan bäri meşhur we ol çagalykdan aňymyza guýulýan terbiýeleriň biri. “Kimde-kim bir agaç ekse ýadygär, Dünýä kitabynda onuň ady bar” diýen setirler hem muny tassyklaýar. Bir düýp daragtyň biziň durmuşymyza ýetirýän peýdasy hakda gadym döwürlerde nämeler ündelen bolsa, indi şol paýhaslar anyk ylmy deliller bilen öwredilýär. Okuw kitaplarynda öwran-öwran gaýtalanýar. Daragtlaryň biziň süňňümize we sagdynlygymyza ýetirýän täsiri örän uly. Ol hem maddy, hem ruhy taýdan ähmiýetlidir. Käbir daragtlar bize juda täsirli we jadyly güýji bagyş edýär diýsek, öte geçmeris. Ymgyr çöllügiň ýa-da ýaýbaň sähralygyň goýnunda bir daragta gözümiz düşse, ýüregimize ýakyn we ýakymly kimdir birine duşan ýaly begenýäris. Şäherdir obalarda, ýol ýakalarynda ýa-da howlynyň içinde ösüp oturan daragt, soňabaka maşgalaň bir agzasy ýaly juda mährem görnüp başlaýar. Olaryň ruhy dünýämize salýan giňligi, çaýýan öwüşgüni hem tükeniksiz. Ýylyň ähli möwsüminde hem onuň peýdasyny aýdyň duýýarys. Bahar paslynda ýaşyl begrese bürenen daragtlar, ýaşaýşa umydy goşalandyrýar, göwünleri galkyndyrýar. Jöwzaly tomusda ýaşyl ýapraklarynyň, şahalaryň-dallaryň astyndaky dynjyň özi uly zada degýär. Güýzde gaýmalaşyp düşýän sary ýapraklaryň arasynda gezim edip görüň, beýle täsirli duýgulary hiç kim ýa-da hiç zat hem berip bilmez. Gyşda ak gara basyrnan daragtlary synlamak nähili ýakymly. Tebigat ak gary bilen olaryň üstünde şeýle bir nagyş çyzýar welin, onuň sungat babatda hemişe adamdan rüstemdigine göz ýetirýärsiň. Lukmançylyk ylmynda tejribe esasynda subut edilen birnäçe zatlar hem daragtyň ähmiýetiniň uludygyna syrygýar. Ýagyş ýagandan soňra, açyk howada baglaryň astynda gezelenç etmegiň neneňsi şähdiňi açýandygy hiç birimize gizlin däl. Daragtlaryň arasynda gezmelemek güýçli nerw dartgynlylygyny köşeşdirýär, agşamlaryna bolsa süýji we rahat ukyny bagyş edýär. Alymlaryň tassyklamagyna görä, diňe ýekeje düýp daragt ýa-da agaçlaryň haýsy hem bolsa bir görnüşi hem umumy özüňi duýşuňy kadalaşdyryp bilýär. Daragtlarda aýratyn bir keramatly güýjüň bardygyna uýýan druidler agaçlaryň energetiki güýji we onuň ynsana täsiri hakda hiç hili maglumaty öňe sürmändirler. Ýöne häzirki zaman ylmy barlaglaryň tejribeleri daragtlaryň adamlara iň ýokary derejede energiýa berip bilýändigini subut edýär. “Her ynsana hoş ýakýan bir daragt bar. Daragtlar bilen dil tapyşmak saglyga örän peýdaly. Her daragtyň aurasy töweregine doly täsir edýär” diýlip, ösümlik dünýäsi bilen gyzyklanýan we olaryň täsirini öwrenýän alymlaryň işinde nygtalýar. Druidler bolsa: “Eger-de siz öz howluňyzda bir düýp daragt oturtsaňyz, ol hemişe siz üçin goraýjylyk wezipesini ýerine ýetirer durar. Öýüňize golaýlaşýan ýaramsyz energiýany özlerine siňdirip, ötegçileriň ýaramaz nazaryndan gorap saklar” diýip ýazýar. Biz öz daş-töweregimizdäki agaçlary şeýle bir söýýäris. Synlaýarys. Çünki olar durmuşa owadanlyk we öwüşgin çaýýar. Hat-da hemme zada biparh garaýan käbir göwünler hem daragtlaryň ýanyna gelende ýüregine giňlik we gowulyk aralaşýar. Daragtlaryň arasynda gezim edýärkäk, asudalyk, rahatlyk, ynjalyk bizi doly eýeleýär, gaplaýar. Käbir hassalara lukmançylyk emleri hökmünde daragtlaryň arasynda gezim etmek ündelýär, maslahat berilýär. Penjiresinden gök daragtlar görnüp duran bolsa, şeýle hassalaryň beýlekilerden tiz sagalýandygy käbir tejribeler arkaly subut edilipdir. Ynsan bilen daragtyň arasyndaky şeýle baglanyşyklar örän kän. Ýogsamam, tomus, güýz paslynda ir säherde turup, şahalaryndan miwe ýygyp, ýolup gördüňizmi? Sagdyn we ýeňil dem almak üçin zerur bolan kislorody bölüp çykaryp, howadaky kömürturşy gazy ýaly maddalary sorup almagy hem uly bir nygmat ahyry. Biziň iş başarjaňlygymyz, güýjümiz, kuwwatymyz hem dem alşymyz bilen bagly - näçe arassa we sagdyn bolsa, şonça-da özümizi gujurly duýýarys. Daragtlar howany arassalap duran süzgüçler ýaly juda ähmiýetli. Daşky gurşawyň abadanlygy we arassalygy üçin olaryň belli bir bahasy ýok. Zyýanly gün şöhlelerinden, ýeldir şemallardan, ýagyn-ýagmyrlardan goranmakda hem ýene daragtlar peýda berýär. Ine, şonuň üçin hem biz agaç nahallaryny oturdýarys. Olaryň goýry saýaly we datly miweli daragtlar bolup ýetişmegi üçin yhlas edýäris. Tebigatymyza we ruhy dünýämize gözellik hem-de öwüşgin çaýmagy üçin, hemişe ýagşy ýatlamalara hemra bolmak üçin daragtlary, nahallary oturdýarys. Biz bu ýerde diňe bir düýp daragtyň ähmiýeti dogrusynda söz açdyk. Bir düýp daragtyň mysalynda birnäçe peýdany ýatlap otyrkak, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tebigy gurşawy abadan we arassa saklamak, ýaşlarda ekologiki terbiýäni ösdürmek babatda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan işleriniň beýikligine, geriminiň giňligine, iňňän sogaply we pazylatly amaldygyna has aýdyň göz ýetirýäris.

Köneler, Mirab tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir