13-nji 29-njy awgust 2004-nji ýyl 201 ýurt, 10625 türgen, 28 spoit, 301 bäsleşik, 930 medal (301-302-327) Tomusky Olimpiýa oýunlary başlan ýerine gaýdyp gelmek üçin 1 asyrdan gowrak wagt garaşmaly boldy. HOK-yň agzalarynyň ses bermegi esasynda Rim, Keýptaun, Stokgolm we Buenos Aýres şäherleriniň arasyndan saýlanan Afiny häzirki zaman Olimpiýa oýunlaryny gurnan ilkinji şäherdir. Afiny hem Pariz, London, Los Anjeles ýaly Oiimpiadany 2 gezek gurnan şäherleriň hataryna goşuldy. XXVIII tomusky Olimpiýa oýunlary 13-nji 29-njy awgust aralygynda geçirilip, oňa 201 döwletden 10625 türgen (4329-sy zenan) gatnaşdy. Teleýaýlym arkaly 3,9 milliard adamynyň tomaşa eden (Sidneý Olimpiadasyna 3,6 railliard adam tomaşa edipdi) bu Olimpiadasynda Kiribati we Timor-Leste döwletleriniň türgenleri ilkinji gezek çykyş etdi. Medallar boýunça Amerikadan gelen türgenler soňky Olimpiadalarda bolşy ýaly bu gezegem 1-nji ligi hiç kime bermediler. Olar 35 altyn, 39 kümüş, 29 bürünç, jemi 103 medala eýelik etdiler. 2-nji lik basgançagyna bu sapar Hytaý döwletiniň olimpiadaçylary çykmagy başardy. ABŞ-lylardan 3 altyn medal az alan hytaýlylar jemi 63 medal gazandylar (32-17-14). Orsýetiň türgenleri bolsa, 28 altyn, 26 kümüş, 38 bürünç medal bilen 3-nji orny eýeledi. Ýer eýesi grekler bolsa 6 altyn medal bilen 15-nji orna mynasyp boldy. ÝATDA GALAN ESASY WAKALAR Marokkoly Hişam El-Gerruz 80 ýyl soň Olimpiýa oýunlarynda 1500 we 5000 metr aralyga ylgamakda altyn medal gazanan ilkinji türgen boldy. Iň soňky sapar 1924-nji ýylda Paawo Nurmi şeýle netije görkezipdi. Türkiýeli agyr atletikaçy Nurjan Taýlan 48 kilogram agramda altyn medala mynasyp boldy. Ol Olimpiýa çempiony bolan türkiýeli ilkinji zenan türgendir. Basketbol boýunça Argentina ABŞ-nyň üstünligini soňlandyrmagy başardy. Ýarym finalda ABŞ-nyň basketbol toparyriy 89-81 hasabynda utan Günorta amerikalylar finalda italýanlardan 84-69 hasabynda üstün çykmagyň hötdesinden geldi. Germaniýaly kanoeçi zenan Birgit Fişer Olimpiadada altyn medal alan iň ýaş hem-de iň garry kanoeçi boldy. 6 Olimpiadada altyn alan ilkinji zenan türgen diýen adyň hem eýesi bolan Birgit Fişeriň Olimpiýa oýunlarynda 8 altyn, 4 kümüş medal gazandy. Marafon ylgawy 1896-njy ýyldaky ýol esasynda ylgalyp geçildi. Marafondan başlan ýaryş "Panatinaiko" stadionynda tamamlandy. Keniýaly ylgaýjylara päsgelçilikli 3000 metr ylgaw ýaryşynda taý tapylmady. Olar 3 medala-da eýelik etdiler. Hytaýly Li Şiang päsgelçilikli 110 metr ylgawynda altyn medala mynasyp boldy. Şeýle-de, amerikaly ýüzüji Maýkl Felps 6 altyn, 2 bürünç, jemi 8 medal gazanmagy başardy. OLIMPIADANYŇ ÝYLDYZY: KELLI HOLMS Şikeslerden we psihologiki birahatlyklardan saplanyp, 2004-nji ýyldaky Olimpiada gatnaşan Beýik britaniýaly ýeňil atletikaçy Kelli Holms 800 we 1500 metr aralyga ylgamakda altyn medal gazandy. Ilki çekeleşikli geçen 800 metr ylgaw ýaryşynda ahyrky pursatda ýeňiş gazanmagy başardy. Sidneý-2000 Olimpiadasynda-da 800 metrde 3-nji ýeri alan Holms Afinyda 1500 metr aralyga ylgamakda-da altyn medala mynasyp boldy. 01 34 ýaşynda 800 we 1500 metr aralyga ylgamakda altyn medal alan iň uly ýaşly zenan türgen diýen adyň eýesidir. Kelli Holms Albert Hillden soň (1920-nji ýylda) ýeňil atletikada 2 medal alan ilkinji britan türgenidir.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir