Saçlaryňda ak görünýär, eje jan, Tisgindirip, meniň juwan dünýämi. Diýýärsiň: «Bu garrylykdan bir nyşan» Entek garramaga Saňa ir dälmi?! Ogul-gyzyn adam edip ulaldan, Köpler üçin Sen ýönekeý bir zenan, Emma meniň üçin, perzendiň üçin Sen niçiksi belent, elýetmez ynsan! Bergili men Saňa, bergili baky, Şol bergi dur ömürbaky boýnumda, Bu barada pikir etmän ozallar, Mydam ýaýnap gezdim Seniň goýnuňda. Bu gün bolsa müýnli bakyp ýüzüňe, Synlap Seniň gyraw basan başyňy, Öz içimden Saňa sorag berýärin: «Agartdymkam Seň näçe tar saçyňy?!» Pikirlerimi aňan ýaly ýüzümden, Diýýärsiň: «Bu tebigatyň kanuny!»
Bu garrylykdan bir nyşan
-
Formidable
10 years ago
- Berekella!
Bayja 10 years ago- gowy goşgy eken sagja bol!