Awstraliýaly paraşýutçy Feliks Baumgartner ABŞ-nyň Nýu-Mehiko ştatynda 29 kilometr beýiklikden aşaklygyna gaýtdy. Onuň böküşi şowly boldy. Stratosfer gatlagyna çenli çykyp kapsuladan böken Baumgartner paraşýutyny açmazdan ozal 862 kilometrlik tizlige ýetdi. Bu synag şol birwagtyň özünde astronwtlaryň adatdan daşary ýagdaýlar ýüze çykanynda älem gämisi bolmazdan, Ýere gaýtmaklaryny gazanjak ýörite eşik geýlip amala aşyryldy. Baumgartner ýere aýak basanyndan soňra "Bu synag diýseň ajaýyp boldy. Muny hemişe arzuw edipdim" diýdi. Baumgartneriň indiki maksady 1960-njy ýylda goýlan 31,5 kilometr belentlikden bökmek boýunça rekordy täzelemekden ybarat. Şeýlelikde, ol bu rekorda adyny ýazdyran Josef Kittingerden uzduryp, taryhda yz galdyrmak isleýär.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir