25-nji awgust - 11-nji sentýabr 1960-njy ýyl 83 ýurt, 5338 türgen, 17 sport, 150 bäsleşik. 461 medal (152-149-160) Aslynda Rim şäherinde Olimpiýa oýunlary 1908-nji ýylda geçiriljekdi. Ýöne Italiýanyň günortasyndaky Wezuw dagynda wulkanyň emele gelmegi sebäpli ýaryşy gurnamaklyk Londona tabşyryldy. Şeýlelikde, Italiýa 0limpiadany gurnamak üçin 52 ýyl garaşmaly boldy. Italýanlaryň paýtagty Lozanna, Detroit, Budapeşt, Brýussel, Mehiko Siti, Tokio şäherleriniň arasyndan saýlanmagy başardy. 25-nji awgustda başlan Olimpiada 5338 (611-si zenan) türgen gatnaşdy. XVII 0limpiýa oýunlary 100-den gowrak teleýaýlym studiýasy tarapyndan Ýewropanyň ähli künjündäki ilata ýetirildi. Şol sanda Demirgazyk Amerikada teleýaýlym arkaly görkezilen ilkinji 0limpiýa oýunlarydyr. San Marino, Sudan, Tunis, Marokko, Surinam ýaly döwletleriň ilkinji gezek gatnaşan Olimpiadasynda Hytaý, Gana, Yrak, Efiopiýa ýaly ýurtlardan gelen türgenler 0limpiýa oýunlarynyň taryhyndaky ilkinji medallaryny gazandylar. 0limpiada esasanda öňki SSSR bilen ABŞ-ly türgenleriň ýiti bäsleşigine öwrüldi. Soňlugy bilen medallaryň sanawynda öňki soýuzly türgenler bassyr 2-nji gezek öňdeligi eýelediler. Olar 43 altyn, 29 kümüş, 31 bürünç jemi 103 medal gazandylar. Amerikaly olimpiadaçylar bolsa, 34 altyn, 21 kümüş, 16 bürünç medala eýelik etdiler. Ýer eýesi italýanlar 3-nji basgançaga mynasyp bolup, 13 altyn, lO kümüş, 13 bürünç medal gazanmagy başardylar. ÝATDA GALAN ESASY WAKALAR Marafon ylgawynda aýak ýalaňaç ylgan efiopiýaly ýeňil atletikaçy Abebe Bikila altyn medala mynasyp boldy. 20 ýaşyndaky Wilma Rudolf bir Olimpiadanyň hatarynda ýeňil atletikanyň 3 ugrunda (100,200 metr we 4x100 metr estafeta ylgawlarynda) altyn medal alan ilkinji ameri kaly zenan ýeňil atletikaçy boldy. Şeýle-de, öňki SSSR-li zenan gimnastikaçylar 18 medalyň (altyn, kümüş, bürünç) 15-sini aldylar. * Musulman bolanyndan soň adyny Muhammed Ali diýip üýtgeden amerikaly boksçy Kassius Marsellus Kleý 81 kilogram agramda altyn medal alyp, özüniň şöhratly basgançagynyň ilkinji ädimlerini ätdi. Ol ondan soň professional boksçy bolup, başarnykdan doly karýera eýe boldy. OLIMPIADANYŇ ÝYLDYZY: ALADAR GEREWIÇ Wengriýaly fehtowaniýaçy Aladar Gerewiç 0limpiýa oýunlarynda bir ugurda 6 altyn medal gazanan häzirlikçe ýeke-täk türgendir. Eger-de 2-nji Jahan urşy sebäpli 2 0limpiýa oýunlary ýatyrylmadyk bolanda, Gerewiç has ýokary netijeler görkezip bilerdi. 6 0limpiada gatnaşan Gerewiç 1960-Rim 0limpiadasynda çykyş edeninde 50 ýaşyndady. Onuň karýerasynda 0limpiadanyň çäklerinde jemi 7 altyn, 1 kümüş, 2 bürünç medal bar. 0l sportuň taryhyndaky iň uly 0limpiýa fehtowaniýaçy hökmünde tanalýar.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir