Arada inilerimiň biri haýyş bilen ýüz tutdy. Daşary ýurda okuwa gitmek isleýändigini, ýöne käbir meseleleriň biynjalyk edýändigini ýaňzytdy. Maslahat sorady. Mesele şundan ybaratdy: “Daşary ýurtlarda okap geleňsoň, bu ýerde diplomyňy tassyklatmak kynmyşyn. Ähli zähmetiň yrýa bolmagy gaty mümkinmişin. Gitsemmikäm ýa gitmesemmikäm?” diýip sorady. Meniň etmeli işim tanyş-bilişlere ýüz tutup, şu meseläniň anygyny bilmekdi. Elimden gelýän kömegi gaýgyrmadym. Dessine şol ugurda işleýän tanyşlarymyň birine jaň etdim. Daşary ýurtlarda okamagyň düzgünlerini, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň talaplaryny soradym. Diplomlaryň tassyklanyp, tassyklanmazlyk ýagdaýy bilen gyzyklandym. Mahlasy, ýagdaý şeýle ekeni: eger-de daşary ýurtda okap gelen bolsaň, diplomyňy tassyklatmak müşgil mesele däl. Gerekli resminamalar, esasan hem, hakykatdan-da şol ýerde okandygyň hakyndaky tassyk haty we diplomyň bar bolsa, şol ýokary okuw jaýynyň bilim beriş derejesi halkara ülňülerine laýyk gelýän bolsa, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň ýörite şol ugurlara seredýän bölümine ýüz tutaýmaly. Kähalatlarda diplomyňy tassyklatmak az-owlak wagt alyp biler, sebäbi eliňde şeýle resminamalaryň bardygy hakykatdan hem şol ýerde okandygyňy subut edenok. Ol hakyky okalyp alnan diplommy ýa galp diplommy, muny takyklamak üçin Bilim ministrligi şol edaralara, bilim jaýlaryna ýörite soragnama bilen ýüz tutýar we jogaby gelýänçä garaşmaly bolýar. Şol jogap näçe tiz gelse we okandygy çyn hem-de diplomy dogry-düzüw bolsa, esasy mesele çözülýär. Elbetde Bilim ministrliginiň goşmaça talaplary bolup biler, mysal üçin dil, taryh, syýasat ýaly hökmany bilmeli ugurlar boýunça söhbetdeşlik geçirilip bilner. Şol ýagdaýyň başga hiç hili bökdençligi ýok. Edil şu ýagdaý, şu talap dünýäniň aglaba ýurdunda hem bardyr. Men ol tanşymdan zerur zatlary soramasyna soradym welin, özümde birnäçe sowallar peýda boldy. Birinjiden, daşary ýurtda okamak islegmi ýa zerurlyk? Mysal üçin, öz ýurdumyzda ýokary okuw jaýlaryna talyp sany belli bir möçberde alynýar we galany ýa indiki ýylky synaga galmaly bolýar ýa-da başga çykalga bolmansoň, zerur ýagdaýda daşary ýurtlarda okamagy saýlamaly bolýar. Saýladyň diýeli. Şol ýerdäki okuw derejesini öz ýurdumyzyňky bilen deňeşdirip gördüňizmi? Ikinjiden, daşary ýurtdaky ýokary okuw jaýynyň bilim beriş derejesi öz ýurdumyzdakydan pes hem bolsa, Bilim ministrligi şolary hökman tassyklamalymy? Üçünjiden, daşary ýurtda okadyň, ýöne okan ugruň biziň ýurdumyzda nä derejede ähmiýetli, geleniňden soňra öz ugruňdan iş tapyp bolýarmy? Ýa-da diplomyň bardygyna guwanyp, kesbiňi taksiçilikden gazanjak ýörjekmi? Dördünjiden, daşary ýurtda hakykatdanam okadyňmy ýa-da meniň başga bir tanşym ýaly, alty ýyllyk okuwyň iki ýylyny Ýewropada we Amerikada sowda-satyk edip geçirdiňmi? Bäşinji soragym Türkmenistanda okaýanlara ýa-da bu ýerdäki okuwa kembaha garaýanlara; käbir köpçülikleýin çäreler sebäpli okuw okamaga el degenok diýýänler bar, ýöne şolar bilen deň derejede çärä gatnaýan, üstesine öz ugrundan juda sowatly, zehinli türkmen ýaşlarymyz bar. Şolaryň hem bir güni edil siziňki ýaly 24 sagatdan ybarat. Olar okamaga wagt tapýar, siz näme üçin tapaňzok? Belki, okamazlygyň sebäbini özümizden gözlemelidiris. Belki-de şeýle pikire uýýanlaryň köpüsi “Pylan gyza arpa çörek bahana” diýen nakyla laýyk gelýändir. Daşary ýurtlarda okamagyň hem, öz ilimizde okamagyň hem özboluşly taraplary bar. Mahlasy, nirede okasaňyzam, ýurda bähbitli ugurlary saýlaň. Ýurda bähbitli her bir ugur size-de bähbitlidir. Ylym-bilim ugrunda sarp eden yhlasyňyz, gaýratyňyz birjikde köýmez. Sebäbi döwlet, hökümet ýaşlaryň ylymly-bilimli bolmagyny isleýär.
kuraldyshy1 10 years ago- Isleg, zerurlyk- iki tarapy hem bar. Daşary ýurtda okaryn diýip maksadym ýokdy, öz uniwlerimize geçmek ähtimallygym pes bolansoň tapan ýerime burnumy sokupdym we maňlaýymdan daşary ýurt çykdy. Ýokary bilim almak, kämilleşmek, okamak islegi bolan adam nirede bolsa-da oňat okar, okuw meselesinde her ýeriniň oňyn we tersin taraplary bar.
Bir ýurdyň hemme YOJ-y birmeňzeş bilim berenok, hat-da bir kursda okanlaryň hem hemmesi deň derejede ylyma eýe bolup çykanok. Peslik-oňatlyk diýip deňeşdirmek kyn.
Öz höwes edýän ugryňdan okamaly, Tm-da we köp ýurtda ady eşidilmeýän we eşidilse hem ör gökden gelinjek bölüm okap, ýurdumyzda öz ýerini tapyp işläp ýörenler bar. Iň ýönekeýi, müňlerçe mollum bar, emma ady tutuş Türkmenistanda eşdiliýänleriniň sany barmak basyp sanaýmaly.
Söwda satyk edip geçirmek okamadygyň manysynda däl bolsa gerek. Çyndanam okap okamadygyňy işiňdäki profosýanallygyň kesgitleýär.
Şol Tm-da doly derejeli okady diýýänleriň mümkünçilikleri has giňiş bolan daşary ýurtdaky bir uniw-de okan bolsa has hem kämil bolup ýetişerdiler.
*Maşgala ýagdaýyňa, öz düşünjäňe görä saýlanýar eger saýlamaga mümkünçiligiň bar bolsa.