Adamzat neslini bu dünýäde-de, o dünýäde-de bagta ýetirýän zat – ylym-bilim.Durmuşyň barha ösüp-özgermegi bilen, adamzat jemgyýeti ylym arkaly ösmek ugruny nazarlaýar. Ynsany ruhy taýdan kämillige atarýan ilkinji ädim ylym-bilimden başlanýar.Ylym öwrenmek, bilimiňi baýlaşdyryp, halk, Watan üçin bähbitli açyşlary etmek, milli ykdysadyýeti ösdürmäge goşant goşmak, hünäriňi kämilleşdirmek sogap iş hasaplanylýar. Geçmişini asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan merdana türkmen halky “Bilimsiz öý – otsuz ojak”; “Bilimli – uçar,bilimsiz – gaçar”;” Bilimli – ölmez, bilimsiz – gülmez”;” Bilim bilen hikmet – altyndan gymmat”; “Ylym – akylyň ýarysy”; ”Ylymsyz bir ýaşar, ylymly – müň”; ”Ylymsyza ynanç ýok, hünärsize – guwanç” ýaly halk nakyllaryny, atalar sözüni döredip, gadymy döwürlerden bäri ylymdyr bilime aýratyn uly üns beripdirler.Akyldar Ýusup Balasagunly XI asyrda özüni dünýä ýüzüne doly ykrar etdirip, şu güne çenli öz gymmatyny gaçyrman gelen “Kutadgu bilik” eserinde raýatyň bagtly bolmagynyň ilkinji şerti ylym-bilimdir, adamzady diňe ylym-bilim bagtly edip biler diýip belleýär. Şahyryň: “Bilim bil, kişi bol , beýgelt sen özüň, Ýa “ýylky” diýdir-de, görmesin gözüm.” - diýip belleýşi ýaly, dogrudan-da, adamy haýwandan tapawutlandyrýan ylym-bilimdir. Günsüz ýaşaýşyň bolmaýşy ýaly, ylymsyz, bilimsiz ösüş-de, jemgyýet-de bolmaz. Tümlükden çykmak üçin ýagtylygyň zerurlygy ýaly, durmuşda öz ornuňy tapyp, abraýly bir hünäre eýe bolmak üçin ylym, bilim hökmandyr. Çünki hünärsiz kişi balsyz ary mysalyndadyr. Ylym, bilim adamzat aňyny, jemgyýeti öňe alyp barýan güýçdür, şamçyragdyr. Ynsany beýleki mahluklardan tapawutlandyrýan zat onuň aň-bilimidir. Bu barada akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragyda şeýle jümleler: Ýagşylar ýanynda ýörgül sen özüň, Dür bolsun daýyma sözlegen sözüň. Alymlara uýsaň, açylar gözüň, Jahyllara uýsaň, kör dek bolar sen. Döwletmämmet Azady “Wagzy-Azat” eseriniň bir babyny ylma we alymlara bagyşlapdyr. Onda şeýle diýilýär: Sahyby gündiz isedir, ylym -Gün, Açyk eýlär görmege batyl gözün. Gözlerimiziň nury, umyt – arzuwlarymyzyň gaýmagy siňen nurana türkmen topragymyz bu günki günde ylym – bilimiň ýagty şöhlesi bilen barha ösýär, ilerleýär. Häzirki Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwri türkmen ylym-biliminiň täze tapgyra çykmagy bilen dabaralanýar. Ylym ösen aňyň, ösen jemgyýetiň miwesi bolup, ol diňe kämil binýadyň, giň şertleriň döredilen ýurdunda ösüşlere eýe bolýar. Häzirki zaman maglumatlar jemgyýetinde şahsyýetiň bilimliligi we aňlaýyş ukyby ýurduň milli baýlygyna degişli bolup durýar. Adamyň ruhy sagdynlygy, hemmetaraplaýyn ösüşi, hünär taýýarlygynyň kämilligi, döredijilige ugurlylygy, mesele çözmek başarnygy jemgyýetiň kämilleşmegine we döwletiň ösüşine uly itergi berýär.Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde döwrebap tehnikalar bilen enjamlaşdyrylan, dünýä ülňülerine laýyk gelýän orta we ýokary okuw mekdepleri gurlup ulanylmaga berilýär. Bilim ulgamyny dünýä derejesine ýetirmekde halkara hyzmatdaşlygyna aýratyn orun degişli bolup durýar.Dünýäniň ençeme ösen ýurtlary bilen dostlukly, ikitaraplaýyn bähbitli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Ýokary okuw mekdeplerinde berilýän bilimi hil taýdan ýokarlandyrmak, dünýä ylmynyň soňky gazanan tejribelerini öwrenmek we özleşdirmek işi ýokary depginlerde durmuşa geçirilýär.

Köneler, TDUayka tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir