22-nji noyabr 8-nji dekabr 1956-njy ýyl 72 ýurt, 3314 türgen, 17 posrt, 145 bäsleşik, 469 medal (153-153-163) Tomusky 01impiýa oýunlary ilkinji gezek ekwatoryň günortasynda, ýagny Günorta polýusda geçirilip, bu taryhy çäräni 1956-njy ýylda Awstraliýanyň Melbum şäheri gurnady. Ýewropa hem-de Demirgazyk Amerika yklymlaryndan başga bir yklymda geçirilen ilkinji 0limpiada hökmünde taryhda özüne oran tapan Melbum Olimpiýa oýunlary 22-nji noýabrda bat alyp, 8-nji dekabrda-da tamamlandy. Halkara 0limpiýa Komiteti 1949-njy ýylda Rimde geçiren ýygnanyşygynda Melburny - Buenos Aýres, Mehiko Siti, Monreal we ABŞ-nyň 6 sany şäheriniň arasyndan saýlady. 0l1impiadanyň açylyş hem-de jemleýji dabaralary Melburn Kriket merkezinde geçirildi. Günorta polýusda bolany üçin howa şertleri (türgenleriň köpüsi Melburna ir gelip howa şertlerine uýgunlaşmak islän hem bolsalar, çykdajynyň ýokary bolmagy) zerarly, şol sanda käbir ýurtlaryň arasyndaky syýasy meseleler sebäpli, gatnaşýan ýurtlaryň sanynyň köplügine garamazdan 0limpiadada öňki bäsleşikden az türgen çykyş etdi. Uganda, Efiopiýa, Fiži, Keniýa, Liberiýa, Malaýziýa ýaly döwletleriň wekilleri 1-nji sapar 0limpiadanyň çäklerinde bäsleşdi. 72 ýurtdan 3314 türgeniň (376-sy zenan) gatnaşan 0limpiadasynda medallar boýunça SSSR 1-nji orny eýeledi. Olar altyn medalyň 37-sine, kümüşdir bürünç medallaryň degişlilikde 29 we 32-sine eýelik etdiler (jemi 98). 32 altyn, 25 kümüş, 17 bürünç medal alan ABŞ 2-njilik bilen oňňut etmeli boldy. Ýer eýesi Awstraliýa bolsa, 13 altyn medal bilen 3-nji basgançakda özüne orun tapdy (8 kümüş, 14 bürünç). ÝALDA GALAN ESASY WAKALAR 4 altyn. 1 kümüş. 1 bürünç medal gazanan öňki SSSR-li gimnastikaçy gyz Larisa Latynina 0limpiadanyň iň ökde türgeni boldy. Öňki SSSR-iň başga bir türgeni ýeňil atletikaçy Wiadimir Kuts bir 0limpiadada 5000 we 10000 metr aralyga ylgamakda altyn medaly eýeläp, olaryň ikinjisinde rekord goýmagy başardy. Atçylyk sportuna degişli ýaryşlar Şwesiýanyň Stokgolm şäherinde geçirildi. Şeýlelikde, bir Olimpiadanyň bäsleşikleri 2-nji gezek başga bir ýurtda geçirilip, mundan öň 1920-Antwerpen 0limpiadasynyň (Belgiýa) çäklerindäki ýelkenli gämi bäsleşikleri Gollandiýada gurnalypdy. * Awstraliýaly Dawn Freýser 19 ýaşynda 1000 metr aralyga ýüzmekde altyn medala mynasyp boldy we bu ugurda rekord goýdy. OLIMPIADANYŇ ÝYLDYZY: LARISA LATYNINA 0limpiýa oýunlarynyň taryhynda uly yz galdyran SSSR-li gimnastikaçy zenan Larisa Latynina 1956-Melburn 0limpiadasynda 4 altyn, 1 kümüş hem-de 1 bürünç medal gazanmagy başardy. 0l 4 ýyl soňky Rim 01impiadasynda-da medallaryň 6-syna (3 altyn, 2 kümüş, l bürünç) mynasyp boldy. 1934-nji ýylda doglan gimnastikaçy 1964-nji ýylda Tokiodaky 0limpiýa oýunlarynda-da çykyş etdi. 01 bu ýerden-de 6 medal (2 altyn, 2 bürünç, 2 kümüş) bilen dolandy. Şeýlelikde, medallarynyň sanyny 18-e ýetirip, bu ugurda häzirem rekordyň eýesidir. Latynina 0limpiýa oýunlarynda 9 altyn medal alan ilkinji we häzirlikçe ýeke-täk zenan türgendir.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir