19-njy iýul 3-nji awgust 1952-nji ýyl 63 ýurt, 4955 türgen. 17 sport, 149 bäsleşik, medal 459 (149-152-158) 1940-njy ýyldaky 01impiadany gurnamaklyk Helsinkä ynanylypdy. ÝÖne uruş sebäpli geçirilmedik şol 01impiadanyň deregine Halkara 01impiýa Komiteti 1947-nji ýylda Helsinkini XV 01impiýa oýunlarynyň geçirilmeli ýeri diýip belledi. Finlýandiýanyň paýtagty bu ugurda Amslerdatn bilen bir hatarda ABŞ-nyň 5 şäherinden öňe saýlandy. 01impiadanyň açylyş dabarasy 19-njy iýulda Qlimpiýa stadionynda bolup geçdi. Paawo Nurmi bilen Hannes Kolehmaineniň bilelikde tutaşdyran alawy bilen başlanan 01impiada 4955 (519-sv zenanlar) türgen gatnaşyp, bu görkeziji şol wagta çenli iň ýokary netije boldy. Bagama adalarynyň, Gananyň, Gwatemalanyň, Indoneziýanyň, Ysraýylyň, Nigeriýanyň, Taýlandyň hem-de Wýetnamyň türgenleri ilkinji sapar çykyş etdi. SSSR döredileninden soň ilkinji gezek 01impiada gatnaşdy. Medallar babatda ýene-de ABŞ-ly türgenler ilkinji orny eýeledi. Olar 40 altyn medal gazandylar (19 kümüş, 17 bürünç jemi 76). 40 ýyl soň ilkinji gezek gatnaşan öňki SSSR bolsa 22 altyn, 30 kümüş, 19 bürünç-jemi 71 medal bilen 2-nji orna mynasyp boldy. Wengriýaly 3-nji olimpiadaçylar bolsa 3-nji bolup sanawa goşuldy (16-10-16). Syýasy gopgunlaijy bilenem ýatlanýan 01impiada 3-nji awgustda tamamlandy. ÝATDA GALAN ESASY WAKALAR Çehiýaly ýeňil atletikaçy Emil Zatopek 5000 metr ylgawda çempion boldy. 01 1000 metr ylgawda bu 01impiada-da hem çempionlygyny saklamagy başardy. Ilkinji gezek gatnaşan marafon ylgawynda-da ýeftiş gazanyp, 01impiadadaky 3-nji altyn medalyny eýeledi. Daniýaly Lis Hartel atçylyk sportunda erkekler bilen bäsleşmäge rugsat edilen ilkinji zenan türgen bolup, ol dyzdan aşagy ysmaz keseliniň bardygyna garamazdan kümüş medaly eýelemegi başardy. Amerikaly ýeňil atletikaçý Bob Matias dekatlonda bassyr 2 01impiadada altyn medal alan ilkinji türgen boldy. Futbolda şol wagtky "Altyn topar" diýlip atlandyrylýan Wengriýanyň ýygyndysy finalda Ýugoslawiýany 2-0 hasabynda utdy. Şeýle-de, Hindistanyň ot hokkeýi topary bassyr 5-nji altyn medalyny gazandy. OLIMPIADANYŇ ÝYLDYZY: KAROLI TAKAŞ Karoli Takaş söweşde sag elini aldyrýar. 01 1938-nji ýyldan bäri wenger tüpeň atmak toparynda çykyş edip gelýärdi. Çep eli bilen tüpeň atmany öwrenen Takaş 1952-nji ýyldaky 01impiýa oýunlarynda altyn medala mynasyp bolýar. Bu onuň 01impiadalardaky bassyr 2-nji altyn medalydyr.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir