Ep-esli gün bäri bir pikiriň täsirinden hiç çykyp bilemok. Bu günler Gün giç dogansoň, çagalaryň mekdebe ugraýan wagtlary alagaraňky bolýar. “Bulary mekdebe çenli eltip gaýdaýyn, ýogsam kiçijik mekdep okuwçylary öňünden it-pişik çyksa-da, gorkup durmasynlar” diýip, olar bilen bile ýola düşdüm. “Merdem” dükanynyň öňündäki ýoldan geçip barýardym. Bir görmegeý, geýnüwli ýaş gelniň bize tarap gönügip gaýdandygyny, gözümiň gytagy bilen gördüm. Bir zat soramakçy bolýana meňzeşdi. Golaý-goltumda hem bizden başga janly-jemende ýokdy. Ol gabat-garşymyza geldi we bize dikanlap: “Bagyşlaň, bir minutjyk tagapyl ediň, bir zat soramakçy” – diýdi. “Soraberiň” diýerime mähetdel, ol: “Siz öz günüňizden hoşalmy?” - diýip düýbünden garaşmaýan soragymy berdi. “Hawa, oňat, Hudaýa şükür! Hä, näme?” diýip, menem onuň ýüzüne garadym. “Siz mundanam gowy ýaşap boljakdygyna ynanýaňyzmy we has gowy ýaşamak isleýäňizmi?” diýip, bu ýaş gelin göni gözüme seretdi. “Elbetde, ynanýanam, isleýänem” diýip, menem ekezlenip jogap berdim – “Heý-de, adam bolarda has gowy durmuşy arzuw etmezmi? Has gowusyny islemek ynsanyň borjy ahyry”. “Bizde has gowy durmuşa eltýän ýoluň anyk salgysy bar. Sizi şu ýola çagyrýarys” diýdi-de, ýaňky gelin bir-iki sany kitapçany maňa uzatdy. Ýanymda hem kiçijik çagalar bu gürrüňlere gulaklaryny berip, üns bilen diňleýärdi. “Bu kitaplarda şol ýoluň anyk salgysy beýan edilen. Okap görüň, durmuşyňyz mundanam ajaýyplaşar. Sebäbi bu kitap size ýetirilmeli “Hoş habar”. Hemmeler bagty arzuw eder, emma hemmeler oňa mynasyp hereket etmez. Bu bagta laýykdygyňyz üçin size ýollanan pursat” diýdi. Öňem bu tetelli “hoş habarçylara” kän gabat gelipdim. Olar bilen ýüzbe-ýüz bolmakda “baý tejribäm” bolansoň, kitaplary emaý bilen yzyna iterdim. “Sag boluň. Ýöne bu kitabyň beýleki kitaplardan näme parhy bar?” diýip soradym. “Bu kitap Allanyň sözi. Ol ýerde ýaňzydylýan her bir zat hakykat” diýip, ýaş gelin gürrüň bermäge döwtalapdygyny bildirdi. “Allanyň sözi diýýäňmi? Onsoň bu kitaby kim ýazypdyr?” diýip soradym. “Hudaýyň sözi-dä” diýip, ýaş gelin geňirgendi. Meňem barha myrryhym atlanyp barýardy. Garşylyklaýyn sowallar bilen özüni gabap başladym: “Düşündim, Hudaýyň sözüdir, ýöne kitaby ýazan kim? Allatagalanyň özi gelip ýazypdyrmy?” diýip, logika sygmaýanam bolsa, (beýle ýagdaýda logika ýada düşenok), bir töwra sowal berdim. “Ýo-ok, adamlar ýazandyr..” diýip, gelin äm-säm geňirgendi. “Men haýsy bir ýazan adamyň kitabyny Hudaýyň kitaby diýip kabul edeýin. Sen kitaby ýazanyň onuň içine öz pikirlerini goşmandygyny nädip bilýäň?” diýip soradym. “Aýý, beýle däldir-le, bu dogrudyr..” diýip, ýaş geliniň özi aljyrap başlady. “Gowusy, biz ýolumyza dowam edeli, edil bu kitaba mätäçligimiz ýok” diýip, ýöräp başladyk. “Ýok, duruň, saklanyň, biz düşünişip bilmedik öýdýän, bu gaty gowy kitap.., size hökman haýry deger” diýip, kitaply elini yzymyzdan salgap galdy. Ýöne biz soňky sözlerine ähmiýet bermän, mekdebe tarap ýöräp başladyk. Ýanymdaky çagajyklar özbaşyna gürrüňleşip başladylar: “Owadan kitap ekeni, alaýmaly ekeniňiz, iň bolmanda suratlaryny görerdik” diýişdiler. “Owadan diýýäňizmi..” diýip ýylgyrdym. “Ýolda-yzda biri size bir kitap uzadaýsa, asla alaýmaň. Diňe ene-ataňyz we öz mugallymyňyzyň beren kitaplaryny alyň. Galanyny almak gadagan” diýdim. Çagalaryň aňy ýetermi-ýetmezmi ýöne, olara ýaňzytmasamam, öz içimden ýylanyň hem daşynda juda owadan nagyşlaryň bolýandygy, ýöne onuň howply jandardygy, suratyna gyzygyp, golaýlaşsaň, janyňdan alyp goýjakdygy daş däldigi hakdaky pikirler öwrüm etdi durdy. Şeýle adamlar soňky döwürlerde seýregem bolsa, gabat gelip dur. Eger-de çagalaryň bir özüne goýberen bolsam, şelaýyn sözli beýle ündewçileriň olara nähili täsir etjekdigini ýatlap, howpurgamanam durmadym. Diňe “hoş habarçylar” däl, biziň ruhumyza düýbünden ýat garaýyşlara duş gelip bolýar. Özümizi, esasanam, heniz ak-garany doly saýgarmaýan çagalary ýaramaz düşünjelerden goramak gerek. Sagdyn garaýyşly kitap gerek bolsa, bazarlara, kitap dükanlaryna barybermeli. Şol ýerde özüňi gyzyklandyrýan dürli ugurlar boýunça kitaplary tapyp bolýar. Ýolda uzadylýan dürli mazmunly kitaplardan, şelaýyn sözli ündewçilerden seresap bolmak gerek. Çagalara hem şo zeýilli adamlardan uzak durmaklygy, ýaňky mazmunly jümleler bilen başlasa, derrew daşlaşmagy tabşyrmaly. Käte olar maddy üpjünçiligi hem wada berýärmişinler, ýöne ýeňil ýetilýän eklenje höwes etmek gerek däl. Uzagyndan bolsun, ýöne halal bolsun. Soň dürli pikirler bilen kellesi bulaşdyrylan ýaşlar, ilki bilen öz öýlerini, öz ojaklaryny, soňra degre-daşyny ýumrar. Soňra bolsa..., döwlet olaryň hötdesinden geler, ýöne ilki bilen özümiz ruhumyza ýat düşünjeleriň täsirine berilmekden goranmalydyrys.

Köneler, Mirab tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir