30-njy iýul 14-nji awgust 1932-nji ýyl 37 ýurt, 1332 türgen, 14 sport. 116 bäsleşik, 346 medal (116-116-114) Halkara 01impiýa Komitetiniň 1923-nji ýylda Rimde geçiren maslahatynda X 01impiýa oýunlarynyň Los Anjelesde gurnaljakdygy belli edilipdi. Sebäbi bu şäher 1924-nji ýyldan bäri dalaşgär hökmünde gatnaşýardy. Häzirkisi ýaly 16 günläp dowam eden ilkinji 01impiýa oýunlary hökmünde taryha giren X 01impiýa oýunlary 30-njy iýulda başlap, 14-nji awgustda hem soňlandy. Bu Olimpiadada mundan öňki 01impiýa oýunlaryna gatnaşan türgenleriň ýarysyndan hem az türgen çykyş etdi. Ýagny 37 ýurtdan 126-sy zenan jemi 1332 türgen gatnaşyp, olar sportuň 14 ugry boýunça 117 bäsleşik geçirdiler. 18 sany dünýä rekordy goýuldy. IIkinji gezek ýeňiş münberi ulanylyp başlandy. 01impiadanyň açylyş we ýapylyş dabaralary "Memorial Çoliseuim" ýa-da beýleki ady 01impiýa stadionynda geçirildi. 01impiýa şäherjiginiň häzirki wagtdaky ýaly edilip gurlan ilkinji 01impiadasynda medallar boýunça ýer eýesi Amerika sanawyň başyny çekdi. Olar altyn medallaryň 41-sine, kümüşdür bürünç medallaryň degişlilikde 32-sine we 30-syna eýelik etdiler (jemi 103 medal). Üç medalyň hersinden 12 sanysyny alyp, 2-nji bolan Italýanlardan soň Fransiýadan gelen türgenler 3-njilik bilen kanagatlanmaly boldy (10-5-4). ÝATDA GALAN ESASY WAKALAR Amerikaly ýeňil atletikaçy "Babe" Didrikson naýza zyňmakda we päsgelçilikli 80 metr aralyga ylgamakda altyn, beýikligine bökmekde bolsa, kümüş medala mynasyp boldy. Aslynda ol entegem köp medal alyp bilerdi. Ýöne şol wagtlar kada laýyklykda zenanlar ýeňil atletika boýunça bäsleşikleriň diňe 3 sanysyna ýekelikde gatnaşyp bilýärdi. Şeýle-de, Eddie Tolana 100 we 200 metr aralyga ylgamakda taý tapylmady. Amerikaly ýüzüji Helene Madison 100 metr we 400 metr aralyga ýüzmekde ýeňiji boldy. 4x100 metr aralyga ýüzmekde-de toparynyň altyn medal alyp, rekord goýmagyna saldamly goşant goşdy. OLIMPIADANYŇ ÝYLDYZY: BOB WAN OSDEL Ýakyn dost bolan Dankan MakNauton bilen Bob Wan Osdel ýeňil atletikanyň beýikligine bökmek görnüşi boýunça bu 01impiada gatnaşdylar. Dankan MakNauton Kanadanyň, Bob Wan Osdel bolsa ABŞ-nyň adyndan wekilçilik etdi. Altyn medal ugrundaky final duşuşygy garaşylyşy ýaly bu iki türgeniň arasynda boldy. Çekeleşikli geçen bäsleşikde 1,97 metre beýiklige böken MakNauton altyn medaly gazanmagy başardy. Wan Osdel bolsa kümüş medal bilen oňňut etmeli boldy.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir