Ümsümlik hakynda Şäheriň goh-galmagalyndan ýadap, öz-özüne akyl ýetirmek üçin, içki “meni” bilen gürleşmek üçin bir adam ümsüm, rahat bir ýer gözleýär. Şeýdip, ol tokaýa gelýär. Emma çekirtgedir mör-möjekleriň sesi onuň rahatlygyny bozýar. Ol tokaýyň has aňyr çetine barýar. Emma bu ýerde hem oňa içki “meni” bilen gürrüňdeş bolmak başartmaýar. Guşlaryň jürküldisi onuň gulagynda diýseň batly ýaňlanýar. Ümsümligiň gözleginde ýaňky adam gowaga girýär. Bu ýer ümsümdi, emma damja sesleri onuň gaharyny getirýärdi. Şonda ýaňky adam hiç hili ses geçirmeýän diwarlary bolan kiçeňräk jaý saldyryp, onuň hemme gapylaryny, aýnalaryny mäkäm bekleýär. Emma dym-dyrslykda onuň goşaryndaky sagadyň sesi has hem batly ýaňlanýardy. Gaharyna ol sagady alyp diwara zyňyp pytradýar. Ahyry, doly ümsümlige ýetendigine ynanyp, uludan demini alyp rahatlanýar. Emma indi onuň ýürek urgusy barha güýçli eşidilýän ýalydy. Haýsy aýnadan seredişiňe bagly Bir maşgala täze jaýa göçüp gelýär. Aýaly ertesi irden turup aýnadan seredip görse, goňşusy ýuwlan eşikleri guratmak üçin ýüpden serip oturan eken. – Seret onuň ýuwan eşikleri nähili kirli ¬¬–– diýip ol ýoldaşyna ýüzlenipdir. Emma gazet okap oturan ýoldaşy muňa ünsem bermändir. – Belki-de onuň kir ýuwýan serişdesi gowy däldir. Ýa-da ol kir ýuwup bilýän däldir. Men oňa kir ýuwmany öwretsem gowy bolar. Ine, her gezek goňşusy ýuwlan eşikleri serende, ýaňky aýal ol eşikleriň arassa däldigini geň galyp seredipdir. Günleriň birinde ol aýnadan seredip görse, gözlerine ynanmandyr. – Şu gün-ä eşikler arassa! Megerem, ol kir ýuwmagy öwrenen bolsa gerek! – Aý, ýok. Men irden irräk turup aýnany ýuwaýdym. Ine, bar bolany.

Köneler, TDUmaksat tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir