17-nji maý - 12-nji awgust 1928-nji ýyl 46 ýurt, 2883 türgen, 15 sport, 109 bäsleşik, 327 medal (110-108-109) 1920-nji we 1924-nji ýyllardaky 0limpiadany gurnamak üçin dalaş- gär bolan Gollandiýanyň paýtagty Amsterdam bu arzuwyna 1928-nji ýylda ýetdi, 2883 (277-si zenan) türgeniň gatnaşan IX tomusky 0limpiýa oýunlary 17-nji maýda başlap, 12- nji awgustda tamamlandy. Bu 0limpiadadan başlap gimnastika we ýeňil atletika ýaryşlaryna zenanlarýň hem gatnaşmagyna rugsat edildi. Maltanyň, Panamanyň we Zimbabweniň türgenleriniň ilkinji gezek gatnaşan 0limpiadasynyň açylyş we ýapylyş dabaralary şäherdäki Olimpiýa (0lympisch) stadionynda geçirildi. Ilkinji sapar Olimpiýa alawy ýakyldy we stadionyň bir künjündäki beýik ýere goýuldy. Ilkinji gezek 0limpiadanyň parad ýörişi bolup, onda ilkinji grek türgenler, iň soňky bolup bolsa, ýer eýesiniň türgenleri geçdi (häzirki ýagdaýdäky ýaly). Olimpiadanyň ady ilkinji gezek tomusky 0limpiýa oýunlary diýlip atlandyryldy. "Сoсa-Сola" şereketi ilkinji sapar hemaýatkärlik edip başlady. Medallaryň sanawynda ýene-de amerikaly olimpiadaçylar 1-nji orna mynasyp boldular (22 altyn, 18 kümüş, 16 bürünç, jemi 56 medal). Mundan öňki 2 Olimpiada gatnaşmakdan mahrum edilen germaniýaly türgenler 2-nji (10-7- 14), finler bolsa 3-nji ýeri eýelediler (8-8-9). Ýaryşa gatnaşan 46 ýurduň 28-siniň türgenleri altyn medal alyp, bu görkeziji şol wagtky rekorda deň boldy. ÝATDA GALAN ESASY WAKALAR Kanadaly ýeňil atletikaçy Persi Williams erkekleriň arasynda 100 we 200 metr aralyga ylgamakda ýeňiji boldy. Paawo Nurmi 9-njy we iň soňky altyn medalyny gazandy. Polşaly Halina Konopaçka trekde hem-de meýdançada altyn medal alan ilkinji zenan türgen diýen ady eýeledi. Ýaponlaryň adyndan wekilçilik eden türgenleriň kapitan Mikio Oda üçürdikläp bökmekde altyn medala mynasyp boldy. 0l tomusky 0limpiýa oýunlarynyň taryhynda altyn medal alan ilkinji aziýaly türgendir. Awstraliýaly kürekçi Henri Piers çärýek final duşuşygynda öňiinde ördek toparynyň ýüzüp geçmegi üçin gaýygyny saklady. Ördekler geçip gideninden soň ol bäsleşmegini dowam etdirdi we altyn medala mynasyp boldy. OLIMPIADANYŇ ÝYLDYZY: JONNI WEISMÜLLER 1928-Amsterdam 0limpiýadasynda amerikaly ýüzüji Jonni Weismüller 100 metr aralyga erkin ýüzmekde ilkinji orna mynasyp boldy. Ondan başga-da 200 metr aralyga ýüzmekde (estafeta) altyn medal alan toparyň 1 agzasy bolup, ýene-de 1 altyn medal gazandy. 4 ýyl öň Pariždäki 01impiadada hem 3 altyn medal alan Weismüller 1929-njy ýyldan soň filmlerde-de surata düşüp başlady. 0l öz döwründe uly şöhrata ýeten Tarzan filmleriniň 12-sinde Tarzanyň keşbini janlandyrdy. 0l 30-dan gowrak filmde çykyş etdi.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir