4-nji maý 27-nji iýul 1924-nji ýyl 44 ýurt. 3089 türgen, 17 sport, 126 bäsleşik. 378 medal (126-127-125) VIII tomusky 0limpiýaoýunlary Fransiýanyň paýtagty Parižde geçirilip, oňa 44 ýurtdan 3089 türgen (135-si zenan) gatnaşdy. Ilkinji gezek 01impiýa oýunlary 1 şäherde 2-nji gezek gurnalyp, Pariž şäheri Amsterdam, Rim, Praga, Los Anjeles, Barselona ýaly şäherlerden tapawutlanmagy başardy. 4-nji maýda başlap, 27-nji iýulda tamamlanan 0limpiadada türgenler sportuň 17 görnüşi boýunça 126 bäsleşik geçirdiler, Ekwador, Gaiti, Irlandiýa, Litwa, Latwiýa, Filippinler, Meksika, Urugwaý, Polşa döwletleriniň türgenleri tomusky 0limpiada ilkinji gezek gatnaşdylar. 0limpiadanyň açylyş dabarasy we käbir ýaryşlar 45 müň orunlyk 0limpiýa oýunlarynyň düýbüni tutujy Pierr de Koubertiniň ýolbaşçylygyndaky iň soňky Olimniada bolan bu bäsleşigiň çäklerinde, onuň başlangyjy bilen ilkinji gezek (häzirki görnüşdäki ýaly bolmasa-da) Olimpiýa şäherjigi döredildi. Medallaryň sanawynda 45 altyn, kümüşdir bürünç medallaryň hersinden 27 sanysyny alan ABŞ ilkinji orny eýeledi (jemi 99 medal). 2-njiýere finler(14-13-10), 3-nji basgançaga bolsa ýer eýesi fransuzlar mynasyp boldy. 0limpiadanyň "Has tiz, has ýokarý, has güýçli" (Сitius, Altius, Fortius) diýen şygary ilkinji gezek bu ýerde ulanylyp başlandy. Ýapylyş dabarasynda ilkinji gezek 3 baýdak (Halkara Olimpiýa Komitetiniň, ýer eýeşi ýurduň hemde indiki 0limpiadany gurnajak döwletiň baýdaklary) asmana göterildi. ÝATDA GALAN ESASY WAKALAR Amerikaly Jonni Weismuller 1 günüň dowamynda ýüzmekde 2 altyn, watrepolda 1 bürünç medal gazandy. Şeýle-de, fransiýalý fehtowaniýaçy Rojer Dukret 3-si altyn 5 medal almagy başardy. Fin ýeňil atletikaçysy Wille Ritola 10 müň metr aralyga ylgamakda öz rekordyny täzeledi. Päsgelçilikli 3 müň metr ylgawyndada altyn alan Ritola, 5 we 10 müň metr kros ylgawlarynda bolsa, Nurmiden soň 2-nji ýeri eýeläp, kümüş medala mynasyp boldy. OLIMPIADANYŇ ÝYLDYZY: PAAWO NURMI 1924-Pariž 0limpiadasynda finlýandiýaly ýeňil atletikaçy Paawö Nurmi Olimpiýa oýunlarynyň taryhyndaky iň uly başarnyklaryň birini gazandy. 01 ilki 1500 metr, bu ýaryşdan 2 sagat soň bolsa, 5000 metr aralyga ylgamakda altyn medala eýelik etdi. 2 gün soň Nurmi 10000 metr kros ylgawynda, toparlaýyn kros ylgawynda hem-de toparlaýyri 3000 metr aralyga ylgamakda, jemi 5 altyn medal gazanmagyň hötdesinden geldi. 0l 4 ýyl öňki Olimpiadadan hem 3 altyn, 1 kümüş medal bilen öýüne dolanypdy.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir