Şu günki gün biziň hem dünýäniňem kart bazarynyň uly bölegini Visa we Mastercard bank kartlary eýeleýär. Visa International kompaniýanyň karty dýnýä bazarynda birinji derejeli bank kartydyr. Eýýäm ýarym asyrdan bäri Visa dünýäniň kart bazarynda esasy orunda durýar. Ýöne 2010-njy ýylda kartlaryň umumy sany boýunça Hytaýyň China Union Pay karty degişlilikde 28,6% - 29,2% göterime deň bolup ondan öňe geçdi. Şeýle-de bolsa Visa tölegleriň möçberi boýunça öňdeligi saklady, Russiýanyň bazarynyň ýarysy diýen ýaly şoňa degişli. Mastercard ululygy boýunça dünýäniň töleg ulgamynda ikinji ýerde durýar. Häzirki wagtda halkara maliýe bazarynda kompaniýanyň abraýy çalt ýokary galýar. Şu günki gün dünýäniň töleg kartlarynyň 26% Mastercard-yň paýyna düşýär. Her ýylda Mastercard-yň töleg ulgamyndan ABŞ-nyň 23 mlrd. Dollaryna babarabar amallar geçýär. American Express Co. (AMEX) töleg kartlaryň amerikan bazarynyň öňde baryjy kompaniýasy dünýäde üçünji orunda durýar. Ol dünýä bazarynyň 20% tutýar. Şeýlelikde, Visa we Mastercard şu günki gün Russiýanyň bazarynyň uly bölegini eýeleýärler. Iki iri töleg ulgamlaryndaky arasyndaky bäsdeşlik barha ýitileşýär. Bu iki iri kompaniýalary juda köp zat birleşdirýär. Bu belli markalar ABŞ-da ýerleşýär. Bu iki töleg ulgamlarynyg kartlary 200-den gowrak döwletde –ähli ýerde diýen ýaly kabul edilýär. Olaryň her biri dünýäniň ýüzünde 20 müňden gowrak bank bilen hyzmatdaşlyk edýär. Başgaça aýdylanda Mastercardy ulanyp bolýan ýerleriň ählisinde diýen ýaly Visa-da kabul edilýär. Visa we Mastercard iri halkara töleg ulgamynyň operatorydyr. Visa bu bazaryň 57% eýeleýär, Mastercardyň paýyna töleg kartlaryň 26% düşýär. Russiýanyň “Milli töleg ulgamy hakyndaky” hereket edýän kanuna laýyklykda 2014-nji ýyldan halkara töleg ulgamlarynyň Visa we Mastercard kartlary boýunça hasaplaşyklar Russiýada işlenmelidirler. Şol sebäpli Merkezi Bankda içerki Russiýanyň territoriýasynda geçirilen amallaryryny işleýän Merkez döretmek meýilleňdirilýär. Visa bilen Mastercard kartlary boýunça öz amallaryny şu merkezde işlemeli bolarlar. Häzirki wagtda olar daşary ýurtlaryň prossesing merkezlerinde işlenilýär. Russiýada öz işlerini alyp barmaga ymtylýan halkara töleg ulgamlarynyň Russiýanyň Merkezi Bankynyň şertlerini kabul etjekdigine Roman Prohorow ynam bildirýär. “Biz häzir Visa we Mastercard bilen gepleşikleri alyp barýarys. Girdejileriniň azalmagyny has ýeňil geçmek üçin biz özara kabul ederlikli şertnama baglaşmalydyrys. ” diýip Prohorow belläp geçýär. Bazarda nagt puluň uly möçberde dolanyşygy JIÖ-niň ösüňini 1,1% çenli kemeldip bilýär. Mysal üçin Russiýada nagt pulyň möçberi JIÖ-niň 11,9% eýeleýär. Ösen ýurtlaryň köpüsinde ol iki esse diýen ýaly azdyr. Mysal üçin, diňe söwda nokatlarda we hyzmat ediş merkezleriniň ählisinde bank kartlaryň ulanylmagy, olaryň kart bilen hasaplaşýan müşderiler üçin ýeňillikleriň berilmegi, şeýle-de nagt puluň daşalyşyny we saklanyşy boýunça çäreleriň berkidilmegi esasynda JIÖ-niň ýitginiň göterimini 0,8% çenli peselmäge ukyplydyr. Ýöne halkara töleg kartlary arkaly nagt däl hasaplaşyklary ösdürmekde kynçylyklaram bar. Mysal üçin söwda nokatlarynyň köpüsinde henize çenli tölege bank kartlary kabul edilenok. Şeýle hem bankomatlaryň oba ýerlerde ýaýradylyşy pes derejededir. Şu günki gün Russiýada nagt däl hasaplaşyklaryň möçberi nagt tölegleriň mukdaryndan 32 esse pesdir. Şunda-da bizdäki nagt pul massasynyň paýy, ösen ýurtlaryňkydan birnäçe esse yokarydyr, diýip deputat Anton Işenko nygtap geçýär. Göz öňünde tutulýan çäklendirme kanuna boýun bolýan raýatlar üçin hiç hili kynçylyk döretmez. Onsoňam uly möçberde zat satyn almak häli-şindi bolýan zat däl. Bu çäre ilkinji nobatda, gizlin girdejisi bar adamlara gönükdirilendir, sebäbi ol olara kän amatsyzlyk döredip biler. “Ýurtda pul aýlanyşygyny guramaga ýylda 11 milliard rublyň harçlanýandygyny hasaba alaňda, şu kanun taslamasynyň kabul edilmegi bilen, ol üstesine nagt puluň aýlanylmagyny guramaga çykarylýan harajadyň azalmagyesasynda, býujede tygşytlylyk getirer. Tygşytlanan şeriştäni bolsa, ykdysadyýetiň beýleki pudaklaryna gönükdirip bolar ” diýip, deputat aýdanlaryň üstüni ýetirdi. Kanun taslamasynyň kabul edilmegi Russiýa Federasiýasynyň milli töleg ulgamyny ep-esli berkitmäge mümkinçilik berer. Nagt däl töleglere geçilmeginiň hasabyna töleg amallarynyň aç-açanlyk ýokarlanar, rýatlara tölegli hyzmat edilýärkä, olaryň howpsyzlygyny berkider. Bank ulgamynyň serişde goruny giňelder, şonuň netijesinde-de banklaryň karzlaşdyrmaga we göterim stawkasyny peseltmäge mümkinçilik artar. Aslynda iri satyn alyşlaryň nagt däl hasaplaşyga geçirilmegi durnukly ykdysady ösüşe ýardam eder. Nagt puluň çäklendirilmegiň makroykdysady netijesi diňe peýdaly bolar – diýip, LDPR nygtap geçýär. Nagt puluň möçberi azalar, bank ulgamyň serişde gory giňeler, sebäbi raýatlaryň bank kartlarynyň hasaplaryndaky galyndylar artar. Bu zatlaryň bary bankalryň karzlaşdyrmaga, göterim stawkalaryny peseltmek üçin mümkinçilik döreder. Kanun taslamasynyň kabul edilmegi Russiýa Federasiýasynyň milli töleg ulgamyny ep-esli berkitmäge mümkinçilik berer. Töleg amallarynyň aç-açanlygyny ýokarlandyrar, tölegli hyzmatlar berilýärkä, raýatlaryň hukugynyň goraglylygyny üpjün eder, şeýlelikde umumy ykdysady ösüşiň durnuklylygyna ýardam eder. Moodys-yň nagt däl tölegleriň dünýä ýurtlarynyň ykdysadyýetine ýetirýän täsirine bagyşlanan hasabatynda, şolar ýaly tölegleriň 2012-nji ýylda Ukrainanyň ykdysadyýetini pese düşmekden gorandygy görkezilýär. Barlaglara laýyklykda 2012-nji ýylda nagt däl hasaplaşyklaryň täsiriniň 0,48% ýetenliginiň hasabyna soňky bäş ýylda elektron tölegler Ukrainanyň JIÖ-iň ösüşini 0,26% çenli ýokarlandyrdy. Şonuň bilen bir wagtda Ukrainanyň Statistika Komiteti 2012-nji ýylda JIÖ-iň ösüşiniň iň pes derejesini – 0,2% belledi. Şundan netije çykarsaň, nagt däl elektron tölegleriň oňaýly täsiri bolmasa Ukrainanyň ykdysadyýetiniň 2012-nji ýylda ösüşiniň otrisatel bolandygyny görkezerdi. Absolýut sanlarda, nagt däl tölegleriň Ukrainanyň ykdysadyýetine beren umumy peýdasy ABŞ-nyň 1,8 dollary boldy. Tutuşlygyna alynanda 2008-2012-nji ýyllarda ilatyň nagt däl kart amallary dünýä ykdysadyýetiniň ýyllyk ösüşiniň goşmaça 0,17% çaltlanmagyny üpjün etdi. Ilatyň serişdelerini maliýe ulgamyna çekmegiň bir topar görnüşi bar. Bu hakda Ukrainanyň Milli bankynyň başlygynyň orunbasary Wera Ryçakowskaýa belläp geçdi. “Ilatyň puluny maliýe ulgamyna çekmek üçin, banklara ynamyň geljekde-de berkemegine ýardam edýän tekliplerini ornaşdyrmagy hyzmat eder. ” – diýip UMB-nyň wekili aýytdy. Onuň pikiriçe, şolar ýaly teklipleriň biri hem nagt hasaplaşyklara çäklendirme girizmekdir. “Nagt däl hasaplaşyklaryň ösüşi milli yksdysadyýetiň subýektleriniň maliýe serişdeleriniň bank ulgamyna gelşini artdyrar we bankyň likwidliligini ýokarlandyrar. Hususanda, bank ulgamyndan daşarda saklanýan pullar, kem-käsleýin banklaryň hasabyna girer. Munuň özi, pes göterim stawkasy bilen karz bermäge mümkünçilik berer. Ykdysadyýeti karzlaşdyrmagyň serişdesi bolup hyzmat eder, netijede-de ol JIÖ-niň ösüşine ýardam berer.” – diýip Ryçakowskaýa belläp geçdi. Onuň pikiriçe şonuň ýaly teklip daşary ýurt walýuta amallarynyň möçberini çäklendirmäge şert döreder, şonuň bilenem ykdysadyýetiň dollarlaşmagynyň peselmegine täsir eder. Bu zatlaryň hemmesi öz gezeginde býüjete girdejileri artdyrar. Maliýe taýdan ösen döwletleriň ýagdaýy nagt tölegleriň paýynyň azaldylmagynyň ýurduň ykdysadyýetine gowy täsir edýändigini görkezýär. Sebäbi bu maliýe amallarynyň aç-açanlygyny ýokarlandyrmaga kömek edýär hem-de ykdysadyýetiň göze görünmeýän sektorynyň möçberini azaldýar. Häzirki wagtda Russiýada umumy puluň mukdarynyň 25% nagt puluň paýyna düşýär, ösýän ýurtlarda bu görkeziji 15% deňdir, a ösen döwletlerde bolsa 7-10%-dir. Halkara Hasaplaşyklary Bankynyň maglumatlaryna görä, Şwesiýanyň ykdysadyýetiniň diňe 3%-ni nagt pul eýeleýär, şonlukda Şwesiýanyň şäherleriniň köpüsinde hatda ulagda-da nagt pul bilen hasaplaşmak bolanok. Russiýada, elbetde entäk Şwesiýanyň derejesine ýeterden has pes, ýöne nämede bolsa, öňe gidişlik bar. Merkezi Bankyň hasaplamalary boýunça 2012-nji ýylda geçirmeleriň ählisiniň 52% nagt däl amallarynyň üsti bilen amala aşyryldy, a nagt puluň paýam 48% kemeldi. Ýöne bu zatlaryň ýene-de bir tarapy-nagt däl tölegleriň ýaýradylmagyna päsgel berýän bir topar sebäplerem bar. Birinjiden-ä, bankomatlaryň ýetmezçiligi, onda nagt puluň bolmazlygy hem-de enjamlarynyň işlemezligi, bu ýagdaý çetdäki ýerlerde hasam ýiti duýulýar. Ikinjidenem, tehniki taýdan yza galaklyk, ol häzir umuman tutuşlygyna bank kartlara netijeli hyzmat etmäge ukyply däl. Şeýle-de bolsa, nagt däl hasaplaşyklarda bize gabat gelýän ähli howplara garamazdan, nagt däl tölegleriň möçberi ýyl-ýyldan artýar. Sebäbi maliýe ulgamyny ösdürmegiň dünýä boýunça tendensiýasy şunuň ýalydyr.Howa, onsoňam bu diýseň oňaýly: ýanyňda uly mukdarda nagt pul göterip ýörmeli däl, kagyz puldan tapawutlylykda, elektron pullar “yz” galdyrýar. Şonuň üsti bilenem onuň hereketini yzarlap bolýar.y Gije-gündiziň dowamynda islän mahalygyňyz siziň bankdaky hasabyňyzda duran serişdäňizi ulanmaga mümkünçiligiňiz bolar. Siz internetdäki harydy we hyzmatlary bank kartlary bilen töläp bilersiňiz, we başga-da her hili amatlyklary bar. Daşary ýurt bazarlaryna öz ekspansiýasyny güýçlendirmek üçin, Hytaýyň Union Pay töleg ulgamy halkara bölümini döretdi, diýip Reuters habar berýär. Hytaý kompaniýasy Visa we Mastercard bilen bäsleşigini güýçlendirmek üçin hem-de HHR-den beýleki ýurtlara syýahantçylaryň gün-günden artýan akymyny, monetizirlemek isleýär. Hytaýyň Union Pay töleg ulgamy Hytaýyň Halk Bankynyň goldaw bermeginde ýurduň öňde baryjy banklary tarapyndan 2002-nji ýylda döredildi. Eýýäm iki ýyl geçenden kompaniýa HHR-nyň çäkinden daşarda işläp başlady, häzirki wagtda onuň öz maglumatlaryna görä, ol 135 döwletde 8 million kompaniýa bilen hyzmatdaşlyk şertnamasyny baglaşdy, olarda 30-synyň müşderileri bolsa hatda özlerine onuň hödürleýän bank kartlaryny buýrubam bilýärler. Ýöne daşary ýurtlardaky ösüş, Union Payyň kartlary üçin aýratyn töleg terminallarynyň ýokdygy sebäpli kynlaşýardy. Visa we Mastercardy kabul edýän terminallar Hytaýyň kartlaryny kabul edenok. Union Pay öz daňary ýurt ekspansiýasyny ösdürmek bilen, öz günbatarly bäsdeşlerini Visa we Mastercardyň bolan çäklerine barha çuň aralaşýar. Ýöne iri halkara kompaniýalaram çäreleri amala aşyrýarlar. Hytaýyň içerki bazarynda Union Paýyň ýeke-täk hojalyk edýän ýerinde daşary ýurt töleg ulgamlarynyň goşulmagyna garşy bolýardylar. Ýöne 2013-nji ýylyň iýulynda Bütindünýä Söwda Guramasy Union Paý kart çykarmagyny we ýuan hasaplaryna baglanan kartlary bilen nagt däl tölegleriň geçirmegini monopolloşdyrandygy barada karar çykardy. Şol kararyň netijesinde Hytaý reforma geçirip öz nagt däl tölegleriň içerki bazaryna daşary ýurt kompaniýalary üçin açmaga söz berdi.

Köneler, nexttmm tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir