Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli, ylmyň, tehnikanyň we innowasion tilsimatlarynyň gazanan üstünliklerine daýanýan içeri we daşary syýasaty türkmen ykdysadyýetini belent sepgitlere ýetirdi. Häzirki döwürde wajyp meseleleriň biri hem halkara maliýe ulgamyna işjeň goşulmagy bolup durýar. Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky häzirki wagtda Mastercard halkara töleg ulgamynyň kartlaryny dolanyşyga göýbermek we olara hyzmat etmek babatda deslapky işleri geçirmegi meýilleşdirýär. Dünýäniň kart bazarynyň uly bölegini Visa we Mastercard bank kartlary eýeleýär. Häzirki wagtda halkara maliýe bazarynda kompaniýanyň abraýy çalt ýokary galýar. Şu günki gün dünýäniň töleg kartlarynyň 26% Mastercard-yň paýyna düşýär. Her ýylda Mastercard-yň töleg ulgamyndan ABŞ-nyň 23 mlrd. dollaryna babarabar amallar geçýär. Mastercard 1966-njy ýylda döredilen. Onuň ştab-kwartirasy ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýär. Mastercard töleg ulgamy Europay International ulgamy bilen birleşenden soňra, Mastercard bank karty bilen Ýewropada hasaplaşyklary geçirmek üçin has amatly bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda, ýurdumyzyň bank ulgamynyň işini we töleg hasaplşyklaryny geçirmegi has-da kämilleşdirmek hem-de halkara tejribesine laýyklykda halkara töleg ulgamynyň kartlaryny we hyzmatlaryny ornaşdyrmak boýunça işler alnyp barylýar. Dünýä belli Mastercard halkara töleg ulgamynyň ýurdumyzda ornaşdyrylmagy raýatlarymyza we daşary ýurtly myhmanlara söwda we hyzmat nokatlarynda tölegleri bökdençsiz geçirmäge, hasaplaşmaga we döwrebap elektron tölegleri amala aşyrmaga mümkinçilik döreder, şeýle-de 2017-nji ýylda Aşgabatda boljak Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V-nji Aziýa oýunlaryna taýynlyk görmek bilen baglylykda bank ulgamynyň bu ugurda tejribe toplamagyna ýardam eder. Bankymyz tarapyndan Mastercardy dolanyşyga göýbermek bilen nagt däl hasaplaşyklaryň möçberiniň artdyrylmagy garaşylýar. Nagt däl hasaplaşyklaryň ösüşi milli yksdysadyýetiň subýektleriniň maliýe serişdeleriniň bank ulgamyna gelşini artdyrar we bankyň tölege ukyplylygyny ýokarlandyrar. Hususanda, bank ulgamyndan daşarda saklanýan pullar banklaryň hasabyna girer. Munuň özi, pes göterim derejesi bilen karz bermäge mümkünçilik döreder. Maliýe taýdan ösen döwletleriň ýagdaýy nagt tölegleriň paýynyň azaldylmagynyň ýurduň ykdysadyýetine oňaýly täsir edýändigini görkezýär. Sebäbi bu maliýe amallarynyň açyklygyny ýokarlandyrmaga ýardam berýär. Bank kartlaryny ullanmaklyk nagt pulyň saklanmazlygy ýaly amatlyklary döredýär. Gije-gündiziň dowamynda islän mahalyňyz siziň bankdaky hasabyňyzda duran serişdäňizi ulanmaga mümkünçiligiňiz bolar. Siz internetdäki harytlara we hyzmatlara bank kartlary bilen töläp bilersiňiz. VISA WE MASTERCARD KARTLARY BARADA GYSGAÇA MAGLUMAT Visa we MasterCard – dünyäde iň ýaýran plastik kart halkara töleg ulgamlarydyr. Visa – bu kartyň eýelerine dünýäniň 200-den gowrak ýurtlaryndaky söwda-satuw hyzmatyny, maliýe we hökümet guramalaryna çalt, howpsyz we ynamdar elektron töleg toruny üpjün edýän töleg ulgamydyr. MasterCard Worldwide – bu dünýäniň 210 ýurtlarynda 22 müň maliýe guramalaryny birikdirýän halkara töleg ulgamydyr. Visa we MasterCard kartlary nagt pul serişdeleriniň ýerini tutmak üçin niýetlenen töleg ulgamydyr. Olary Bankyň kassasyndan ýa-da bankomatlardan nagt puly çykarmak üçin hem ulanyp bolar, ýöne bu kart bilen dükanlarda töleg etmek has çalt we oňaýlydyr. Müşderiler Visa we MasterCard karty bilen islendik harytlaryň, hyzmatlaryň töleglerini öz ýurdunyň çäginde ýaly daşary ýurtlarda hem ulanyp bilerler. Visa we MasterCard kartlary - bu köptaraplaýyn walýutadyr. Hasabyňyzdaky walýutaňyzdan garamazdan, Siz kartyňyz bilen islendik ýurdyň ýerli walýutasynda töleg geçirip bilersiňiz, hasabyňyzdan walýuta amatly nyrhlar boýunça awtomat konwertirlenilýär. Artykmaçlyklary Gündelik durmuşda oňaýlygy • Gije-gündiziň dowamynda islendik ýerde Visa we MasterCard kartlary kabul edilýän ýerlerde Siziň hasabyňyzdaky pul serişdeleriňize el ýeterlilik. • Kartyň kömegi bilen harydyň hiç hili gaýtargysyz laýyk bahasyny töläp, Siz bölek pullardan, teňňelerden kassada we jübiňizde amatsyň ýagdaýdan daşyrak durarsyňyz. • Dükanlarda harytlara töleg etmek üçin bankomatlardan we bank kassalaryndan nagt pul alyp hasaplaşanyňyzdan, Visa we MasterCard kartlary arkaly çalt hasaplaşyp bilersiňiz. • Visa we MasterCard kartynyň rahatlygy bankomatlardan gije-gündiziň dowamynda nagt puly çykaryp bilersiňiz. (Visa we MasterCard nyşany bolan islendik bankomatlarda) Syýahatda rahatlygy • Gezelençde ýanyňyza karty almak has oňaýly, Siziň serişdäňiz hemişe Siz bilen howpsyzlykda, ýanyňyz bilen nagt pul daşamak, olar barada biynjalyk bolmak we daşary ýurtda gezelençde daşary ýurt puluny satyn almak pikirini etmekligiň geregi ýokdyr. • Siz islän pul möçberiňizde syýahat edip bilersiňiz, karty gümrükhanada beýan etmek zerurlygy ýok we hiç kim Siziň hasabyňyzda näçe puluň barlygyny bilmeýär. Howpsuzlyk • Ýanyňyzda Visa ýa-da MasterCard karty bolsa nagt puldan has howpsyz bolup, başga adamlar kartyňyzda näçe pulyň bardygyny görüp bilmän, ogurlanan karty ulanmak bolsa aňsat däl. Şonuň üçin hem ol nagt pully gapjyk ýaly, ogrulary özüne çekiji däldir. • Kart üsti bilen töleg geçireniňizde Sizi aldamaklyk mümkinçiligi has-da azalýar, sebäbi töleg nagt däl hasaplaşykda we göni dükanyň hasabyna geçýär. • Siziň kartyňyzyň ýiten ýa-da ogurlanan ýagdaýynda, ony bloklap we soňra täzesini alyp bolýar – muňa garamazdan pullar siziň hasabyňyzda bankyň gözegçiliginde saklanýar. Nagt pullar bilen bu mümkin däl – olar hemişelik ýitýär. Gözegçilik • Siz wagtly-wagtyna hasabyňyzyň göçürmesini alyp, çykdajylaryňyzy gözegçilik etmäni ýeňledýär. Göçürme Size haýsy günde, haýsy dükanda we näçe möçberde pul sowanlygyňyzy görkezýär. Nagt pul sowanyňyzda köplenç hem ýatlap hem bolanok. • Siz köp bankomatlarda kart balansyny sorap bilersiňiz (şeýle hem başga banklaryň bankomatlarynda), bu bolsa hemişe Siziň hasabyňyzda näçe pulyň galandygyny bilmäge ýardam berýär. • Siz bankda SMS-habarnama hyzmatyna ýazylyp bilersiňiz. Göni mundan kartda her bir amaldan soňra, Siz SMS habarnamany alyp, kart hasabyňyzdaky galan puly we näçe möçberde alynandygyny size tassyklap berýär. • Visa we MasterCard kartynyň haýsy hem bolsa, ony diňe kimiň adyna berilen bolsa, şol adamyň özi ulanyp biler. Türkmen Döwlet daşary ykdysady iş banky size plastik kartlarynyň dürli görnüşlerini hödürleýär. Visa we MasterCard plastik kartlary bolup, olaryň amatlylygyny, rahatlygyny we howpsyzlygyny siziň dykgatyňyza ýetirýäris . Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky Visa kartlaryň indiki görnüşlerini hödürleýär: Visa Electron, Visa Classic, Visa Gold, we edara görnüşli taraplara Visa Business. Gelejekde hem MasterCard kartlaryň indiki görnüşlerini çykarmana göz öňünde tutulýar: Maestro, MasterCard Standart, MasterCard Gold, we edara görnüşli taraplara MasterCard Business karlary.

Köneler, nexttmm tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir