Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady bankynyň ösüşiniň baş ugry, ilkinji nobatda, daşary yurt maýasyny çekmek hem-de ony ýurduň ykdysadyýetiniň ileri tutulýan ugurlaryna ýerleşdirmek boýunça işjeň iş alyp barmaga gönükdirlendir. Esasy karz ulanyjy pudaklaryň hataryna nebitgaz we agrosenagat toplumy, önümçilik we durmuş ugurly pudaklary girýär. Maýa goýumlaryň agzalan pudaklaýyn gurluşy döwletiň hereket edýän ileri tutulýän maýa goýum ugurlaryny takyk görkezýär we olaryň tejribede üstünlikli durmuşa geçirilişine anyk şaýatlyk edýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň taglymatlaryndan ugur alyp, daşary ýurt karzlaryň hasabyna düýpli maýa goýumlara degişli bolan harytlaryň we hyzmatlaryň importy maliýeleşdirilýär. Olar bolsa milli ykdysadyýetiň kuwwatyny berkitmek we onuň durnukly ösüşi üçin şertlerini döretmek maksatlaryna hyzmat edýär. Soňky ýyllaryň dowamynda Türkmenistan tarapyndan öz içerki jemi öndürlen önüminiň ep-esli ösüşiniň bütin dünýä görkezilendigi baradaky hakykat ykdysadyýetde maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilişinden, şol sanda Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt karzlarynyň çekilişiniň hasabyna, gazanylan öňaýly netijesini artykmajy bilen tassyklaýar. Bank Türkmenistanyň Hökümetiniň halkara maýa bazarynda resmi wekili bolup durýar. Ykdysady, şeýle hem durmuş jähtindäki strategik möhüm maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmek üçin ortaça möhletleýin, uzakmöhletleýin daşary ýurt maýasyny çekýär. Bank daşary ykdysady aragatnaşyklary berkitmek we ösdürmek, şeýle hem Türkmenistanyň walýuta bähbidini we Türkmenistanyň daşary ykdysady işe gatnaşyjylaryň bähbitlerini goramak üçin esaslanan. Bankyň korporatiw biznesi ösdürmek boýunça syýasaty müşderileriň bähbitlerini göz öňünde tutmak arkaly alnyp barylýar we olaryň islegleri doly we ýokary hilli kanagatlandyrmaga gönükdirilendir. Iri kompaniýalar bilen özara gatnaşyklara daýanýan korporatiw biznesiň ösüşi diňe bir biznesiň umumy möçberini artdyrlan, eýsem karz töwekgelçigini ykdysadyýetiň dürli pudaklary boýunça diwersirlemäge mümkinçilik berdi. Bank iri kärhanalaryň we korporasiýalaryň işjeň hyzmatdaşa bolmaga çalyşmak bilen, eksport we import amallary boýunça, erkin pul serişdelerini düşewüntli ýerleşdirmek boýunça, we hasaplaşykda ýalňyşlyklardan goramak maksady bilen beýleki maliýe amallaryny geçirmekde peýdaly maslahatlary berýär. Bank halkara banklary we ösüş gaznalary bilen hyzmatdaşlyk pudagynda Ýewropanyň Özgerdiş we Ösüş banky (ÝÖÖB), Yslam Ösüş banky, OPEK gaznasy we beýleki banklar, gaznalar bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn üns berýär. Yslam ösüş banky (şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň daşary ykdysady döwlet banky Türkmenistandan YÖB-niň dolandyryjysynyň edarasy bolup durýar), OPEK gaznasy we Saud Ösüş gaznasy bilen işjeň hyzmatdaşlygyň netijesinde durmuş taýdan möhüm taslamalaryň bir näçesiniň durmuşa geçirilmegi tamamlandy. Mundan başga-da, Türkmenistanyň çäginde ýene bir näçe durmuş ugurly we infrastruktura taslamalaryň maliýeleşdirilmegi barada ylalaşyldy. Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady banky korporatiw müşderlere hyzmat etmek bilen bilelikde şahsy taraplar üçin bank hyzmatlarynyň bazaryny ösdürmäge işjeň hem gatnaşýar. Bank öz müşderlerine bölekleýin maliýe hyzmatlarynyň içinde toplumlaýyn hasaplaşyk-kassa hyzmatlaryny, möhletli goýumlaryň dürli görnüşlerini, halkara tölegleri, VISA we Millikart plastik kartlaryna hyzmat etmegi, konwersion amallary hödürleýär. Bank tarapyndan edilýän bölekleýin hyzmatlaryň görnüşlerini giňeltmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri plastik kartlar bilen geçirilýän amallardyr. Bank ýurtda ilkinjileriň biri bolup plastik kartlarynyň girizilişi we ösüşi boýunça işi başlady. 1994-nji ýyldan „VISA INTERNATIONAL“-yň agzasy bolup, Bank daşary ýurt emitent banklarynyň karz kartlaryna hyzmat etmäge başlady. Kart işiniň ösdürmegini dowam etdirip, Türkmen döwlet daşary ykdysady banky 1996-njy ýylyň Bitaraplyk aýynda „MILLIKART“ plastik kartynyň çykarylyşyny başlady. Ol bolsa milli pulunda hasaplaşyklary amala aşyrmaga ýardam etdi. 1998-nji ýylyň Bitaraplyk aýynda Bank emitent hökmünde özüniň „VISA“ plastik kartlarynyň „Bizness“, „Klassik“ we „Elektron“ görnüşleriniň çykarylyşyna başlady. 2008-nji ýylda Bank bu kartlaryň “Gold” görnüşiniň çykarylmagyna girişdi. Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň VISA kartlaryny Türkmenistanyň raýatlaryna has elýeterli we amatly etmek, ulanylýan kartlaryň sanyny köpeltmek we töleg kartlaryny ulanmak arkaly nagt däl hasaplaşyklary ýola goýmak maksady bilen 2014-nji ýylyň sentýabr aýynyň 1-den VISA kartlary boýunça nyrhlary arzanladyldy. Şonuň bilen hem, raýatlarymyz Türkmenistanyň haýsy welaýatynda ýaşaýan bolsa-da, Aşgabat şäherinde we welaýatlarda ýerleşýän banklaryna we şahamçalaryna ýuz tutup VISA kartlary we gelejekde hem MasterCard ulgamynyň kartlaryny açyp bilýärler. Şeýle hem, VISA International halkara töleg ulgamynyň bank kartlaryny ýaýratmak we olara hyzmat etmek boýunça diňe banklarda däl-de “Türkmenpoçta” Döwlet kärhananyň şahamçalarynda hem işler ýola goýuldy. Visa we MasterCard töleg kartlaryny ilatyň arasynda ulanylmagyny köpeltmek maksady bilen Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky Aşgabat şäherinde ýerleşýän banklaryna öz wekillerini iki aýyň dowamynda ugratdy. Bankyň wekilleri raýatlarymyza töleg kartlarynyň amatlyklaryny, ulanyş usullaryny we nyrhlary barada düşündiriş we mahabatlandyryş işleri ýerine ýetirdiler.

Köneler, nexttmm tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir