Futbol boýunça Angliýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Ueýn Runi Daniýanyň kastom-atelýesi "Lauge Jensen" bilen bilelikde gymmat bahaly daşlara "bürenen" motosikli döredipdir. Ýangyç guýulýan bagynda Runiniň 10-luk belgidäki futbol köýnekçesi çekilen motosikliň yz tarapynda hüjümçiniň 2011-nji ýylda "Mançester Siti" toparynyň derwezesine netijeli urgyny geçiren pursaty şekillendirilipdir. Dürli öwüşgindäki göwher gaşlarynyň 21-si (20-si gara, biri bolsa ak) bilen bezelen motosikl 0-dan 100 kilometr tizlige bary-ýogy 4 sekuntda ýetýär. Ýeke-täk görnüşde öndürilen täsin motosikliň iň ýokary tizligi bolsa, sagatda 242 kilometre deňdir. "eBay" internet-auksionynda satuwa çykarylan motoskli näbelli ýagdaýda galmagyny islän alyjylaryň biri 170 müň 900 dollara satyn alypdyr. Bu barada habar beren "The Times" gazetiniň ýazmagyna görä, onuň satuwyndan alnan girdejileriň ählisi "KidsAid" haýyr-sahawat gurmasyna geçirilipdir.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir