Ençeme gowgalary başyndan geçiren türkmen ili Garaşsyzlygynyň şanly toýuny toýlady. Agrar döwletden ösen ykdysadyýetli, uly sungatly, köp dürli tehnikanyň eýesi bolan Türkmenistan indi dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna geçdi. Indi dünýä halklary öňki yza galak döwlet bilen gatnaşyk etmegiň arzuwynda. Ülkämize bir gelen ýene gelmegi höwes edýär. 1991-nji ýylda Garaşsyzlyk alan Türkmenistan 1995-nji ýylda Baky Bitarap döwlet diýilip ykrar edildi. Hiç bir harby birleşmelere goşulmaýan ýurt asuda asmanly boldy. Bu gün Türkmenistan ylalaşdyryj ýurda öwrüldi. Onuň paýtagty ak mermere bürelen Aşgabat halkara ýygnanyşyklaryny, festiwallaryň, sergileriň we bäsleşikleriň mekanyna öwrüldi. Türkmenistanyň Prezidenti özüniň ynsanperwerlik syýasaty bilen dünýäniň iň tanymal Liderleriniň birine öwrüldi. Ol parahatçylyk, asudalyk boýunça halklary dostluga çagyryp, energiýa üpjünçiligini ýola goýmak boýunça teklipler bilen çykyş edýär. Garaşsyz Türkmenistanyň sungaty, oba hojalygy, ykdysadyýeti, baý medeniýeti köpleri haýran edýär. Sähelçe wagtyň içinde Türkmenistan atly-abraýly, şohratly-şanly ýurtlaryň biri boldy. Biz ösen ýurtlaryň hataryna giren Garaşsyz Bitarap Türkmenistanyň medeniýeti hakda söhbet etmekçi. Türkmen medeniýeti gadymy medeniýet, ol günleriň, aýlaryň, ýyllaryň dowamynda ösen medeniýet. Ýone onuň garaşsyzlyk ýyllarynyň içinde gazanan üstünlikleri diýseň ajaýyp we çäksizdir. Garaşsyzlyk alanymyzdan soň Türkmen sungaty, medeniýeti özüne täze ösüş ýoluny tapdy. Teatrlarymyz “Däli Domrul”, “GAla”, “Garajaoglan”, “Soltansöýün we Myraly”, “Agzybirlik ýylysydyr ojagyň”, “Watan hakda üç aýdym” ýaly oýunlary goýdyla. Olar dessanlarymyza hem ýüzlendiler. “Oguz oýny”, “Apat” ýaly eserler, “Şasenem-Garyp”, “Saýatly-Hemra”, “Görogly”, “Garajaoglan” ýaly sözli dramalar, “Leýli-Mežnun”, “Ýusup-Züleýha”, “Zöhre-TAhyr”, “Şasenem-Garyp”, “Görogly”, “Magtymguly” ýaly operalar sahna çykdy. Ýitip barýan opera sungatymyz halkymyza gaýtarylyp berildi. Simfoniki arkestrimiz, dölet horumyz ýene-de işe başlady. Teatrlarymyzyň her biri üçin dünýä ülňilerine gabat gelýän, ösen tehniki üpjünçiligi bolan binalar salyndy. Ruhyýet köşkleri, abserwatoriýaly kitaphanalar, ajaýyp muzeýler, bagt öýleri, dürli sport desgalary peýda boldy. Şol işleriň netijesinde ilimiz uly üstünlikler gazandy. Türkmenlerimiz dünýä çempiýonlary boldylar. Täze ýeňişler täze üstünlikler getirdi. “Ahal aýy Awazada”, “Gel kenara söwer ýar”, “Ak alaňlaň aýdymy”, “Bir ojakda iki dünýä” ýaly döwrebap eserler tomaşaçylary begendirdi. Çagalar üçin ýörüte ýazylan we goýulan spektakyllar ýäş nesliň göwnünden turdy. Türkmen telewideniýasynyň täze ýaýlymlary “Türkmen sporty”, “Türkmen owazy”, “Aşgabat” tomaşaçylara çeperçiligi hödürläp başlady. Türkmen topragynyň ajaýyp ýeri bolan gojaman hazaryň kenarynda “Awaza” syýahatçylyk üolagy açyldy. Ol gün-günden gözelleşip, gelenleri mähir bilen garşylaýar. Awaza dostluk, doganlyk mekanyna öwrüldi. Türkmenistan gurluşyk meýdançasyna öwrülip, bütün ülkämizde ajaýyp binalar, halkymyzy şat edýän ýaşaýyş jaýlary salyndy. Il günümiz eşretli güne ýetdi. Zähmetde saýlanan işgärlere hormatly atlaryň dakylmagy, döwlet sylaglarynyň berilmegi olaryň göwünlerini göterýär. Welaýatlarymyzda geçirilýän Medeniýet hepdelikleri, dürli ýurtlarda geçirilýän medeniýet günleri halkymyzyň ruhyna ruh goşýar. Magtymguly atamyzyň 290ýyllygy üstünlikli bellenilip dur. Ýaşulylaryň Lebap welaýatynda geçirilen maslahaty halkymyzy begendirdi. Ülkämizde geçirilýän festiwallar, bäsleşikler, “Ýaňlan Diýarym”, “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” ýaly ýaryşlar uly netijeleri berýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden “Türkmeniň altyn asyry” bäsleşigi täze zehinlileri ýüze çykarýar. Hoş owazly aýdymçylarymyz, ajaýyp tansçylarymyz, ýazyjy-şahyrlarymyz, sazandarlarymyz we artistlerimiz onuň ýeňijileri boldular. Olar täze ýeňişlere ruhlanyp, täze-täze eserleri dörederler. Ajaýyp döwrümizi, zähmet gahrymanlaryny wasp ederler. Türkmen döwlet sirkiniň at üstünde çykyş edýän oglan-gyzlary, Maskwada we Italiýada uly üstünlikler gazandylar. Ýaňy bat alyp başlan sirk sungatymyzyň gazanan ýeňişi, ahalteke bedewlerimiziň badyna goşulyp joşmasy milli medeniýetimiziň uly ýeňişidir. Şu günki gün biz ol ýeňişlere, medeniýet işgärlerimize, bütün halkymyza uly-uly üstünlikleri arzuw edýäris.

Köneler, nexttmm tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir