Täze bir ylmy gözleg dinozawrlary gyran asteroidiň ýere düşmüginden guşlaryň nädip halas bolup galandygynyň anygyna ýetmäge synanyşýar.Hasabatda guşlaryň halas bolmagynyň ýumurtgalarynyň şekilleri bilen bagly bolmagy mümkin diýilýär. Gözleg toparlary 250 million ýyl mundan öň Mezozoý erasyndan biziň döwrümize çenli bolan aralykdaky guş ýumurtgalarynyň geometrik aýratynlyklaryny analizledi. Takmynan 65 million ýyl öň bolup geçen gyrgynçylykdan öňki ýumurtga gabyklarynda halas bolan guş görnüşleriniňkä garanyňda ara-tapawutlyklar bar.Häzirki zaman guş ştamlarynyň hemmesi ýokarky halas bolmagy başaran guşlaryň neslinden.Beýleki bir tarapdan bu barlag netijeleri käbirleri üçin "ewolýusiýanyň diňeje bir bölegi"Analiz Mezozoýik ýumurtgalaryň beýleki guşlaryň ýumurtgasyna garanyňda uzyn we simmetrikdigini subut etdi. Onsoňam Mezozoýik guşlaryň ýumurtgalarynyň gabyklary häzirki guşlaryň gabyklaryna görä has gözenekleri uly. Ylmy gözlegi alyp barýan Angliýa Lincoln Uniwersitetinden Dr. Charles Deeming 65 million ýyl mundan öňki guş ýumurtgasyndan günümize gelip ýeten guş ýumurtgasynyň galyndylarynyň häzirki guş ýumurtgalaryndan üýtgeşik däldiklerini aýtdy. Mezozoýik ýumurtgalarda bolsa häzirki ýumurtgalar bilen deňeşdirilende düýpli tapawutlyklara gabat gelindi.Dr. Deeming " Bu Mezozoýik guşlar Seropod jynsly guşlara, häzirki guşlara garanyňda has meňzeş görünýär" diýýär.Seropodlar Ýura we Hek döwründe agdyklyk edýän ýyrtyjy haýwanlar toparyna girýär. Bu dinozawrlaryň guşlary emele getirýän ştamlardandygy aýdylýar. Nesliniň gyrylmagy entegem käbir soraglary döredýär.Ýumurtga gabyklarynyň şekili bilen bagly gözleg netijeleriniň köp goşandynyň bolandygy aýdylsa-da, takmynan haýsy sebäpler bilen ýekeje toparyň sag galandygy gizlinligini saklaýar.Dr. Deeming eden bir çykyşynda:" Entägem näme üçin bir toparynyň gyrylyp, häzirki guşlaryň diri galmagy başarandyklaryny doly bilemizok. Gözleg hasabatymyzdaky netijeleriň hem bu soraga jogap boljakdygyny aýdyp bilmeris" diýdi.Dr. Deeminge görä başga bir sebäp hem guşlaryň hereketine bagly bolup bilýär."Häzirki guşlaryň uly asteroit heläkçiliginden halas bolmagynyň bu günki günde hem belli bolşy ýaly ýumurtga basanlaryndaky hereketleri meni pikirlendirýär. Bu guşlar höwürtge ýasap ýumurtgalarynyň üstünde otursa beýleki guşlar öňki Seropot guşlaryň edişi ýaly ilki ýumurtgalaryny gömýär we olary has goragsyz ýagdaýda goýýar"Southampton Uniwersitetinde Dr. Gareth Dyke gözleg işleri bilen bagly ýumurtga gabyklarynyň aýratyn şekillerde bolmagynyň öz-özünden bolup biljekdigini we tapyndylaryň geňligini aýtdy. "Hek döwrüniň soňlarynda heläkçilikden soň halas bolup galan azyndan iki ýa-da üç sany guş görnüşi bar we görnüşler anatomiki taýdan heläkçilikden soň diri galan ähli guş görnüşleriniň alsydyr"Dr. Dyke görä bu toparlar arasyndaky aýratynlyklar paleontologikleri iň gyzyklandyran soraglaryň biri."Munuň biologiki ýa-da ekologiki bir sebäbi bolmaly. Eger bu tötänleýin bir tapawut bolan bolsady, onda hek döwrüniň guşlary gyrylmazdy. Ýöne bu bolmady"Kanadadaky Iňlis Karollygy Kolumbiýa muzeýinden Gari Kaiser bu zynjyrda ýumurtga şekilleriniň hökman bir täsiri bolaýmaly diýip aýtdy.Kaiser:" Käbir dinozawrlaryň ýumurtga basýandygyny bilýäs, ýöne şol bir wagtyň özünde süňkleriniň hili sebäpli, ýumurtgadan täze çykan çagalarynyň ulalýança köp wagtyň gerekligini hem bilýäs. Dinozawrlaryň gyrylmagynyň sebäbiniň gaty haýal ösüp kemala gelmeginden hem bolup biler" diýdi.Beýleki bir tarapdan Hytaý Ylmy Akademiýasynan Prof. Xu Xing bu gözleg işi bilen baglanşykly "Gözleg topary amniýot ýumurtgalaryň arasyndaky şekilleriniň tapawudyny görkezmegi üstünlikli ýerine ýetirendiklerini" aýtdy.Prof. Xing:" Ýöne gözleg işiniň uly guş görnüşiniň gyrylmagy bilen bagly ýetmezçiliklerini nähili jogaplajagymy bilmedim. Sebäbi gözleg topary geologiki döwürlere görä bölýär. Şu sebäpli, nesli gyrylmakdan halas bolan guşlar hakda maglumat bularda ýok"  diýdi.Makala terjime edildi.  Awtory Melissa Hogenboom

Köneler, lalalalalala tarapyndan 10 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir