UEFA-2012 UEFA çempionatyň iň ökde oýunçysy diýlen sylaga toparynyň ýeňiji bolmagynda uly rol oýnan we final duşuşygynyň ýyldyzy saýlanan Andres Iniestany laýyk gördi. 01 şu çempionatda 3 gezek "duşuşygyň ýyldyzy" diýlip saýlanmagy başardy. 28 ýaşyndaky Andres Iniesta Dünýä çempionatynyň final oýnunyň hem ýyldyzy bolupdy. Bu çempionatda tapawutlanyp bilmedik Iniesta aýratynam toparyny hüjüme geçiren oýunçy hökmünde bellenildi. 1 pökginiň pasyny beren Iniesta derwezä tarap urlan urgularyň 14-sini dürs urmagyň hötdesinden geldi. Aslynda bilermenler toparynyň finala çenli gelmeginde saldamly goşandy bolan italiýaly Andrea Pirlonyň hem iň ökde oýunçy saýlanyp biljekdigini belläp geçipdiler. Ýöne onuň final oýnunda şowsuz oýnamagy bu baýragyň çempion toparyň oýunçysyna gitmegine sebäp boldy. Şeýlelikde, Andres Iniesta Ýewropa çempionatynyň iň ökde oýunçysy diýlip saýlandy. Çempionatda iň köp pökgi geçiren futbolçylaryň sanawynda 6 futbolçynyň ady bar bolup olaryň hersi 3 gezek tapawutlandy. Bu görkeziji bäsleşigiň çäklerinde rekord hökmünde bellenildi. Ýeri gelende aýtsak, mundan öň Ýewropa çempionatlarynda iň netijeli futbolçylaryň sanawynda iň köp 5 futbolçynyň adyna duş gelnipdi. Ýagny 1960-njy ýylda ilkinji Ýewropa çempionatynda 5 futbolçynyň hersi 2 gezek tapawutlanypdy. UEFA "Altyn butsy" baýragyny bu gezek ispaniýaly Fernando Torrese gowşurdy. 01 189 minutyň dowamynda 3 pökgini tora salmagy başardy. Üstesine-de ezber hüjümçi 1 pökginiň hem pasyny berdi. Ýöne edil Torres ýaly Mario Gomeziň hem 3 pökgi, 1 asistlik netije görkezendigi bellärliklidir. Ýöne Torresiň Gomeze görä az wagtda şeýle netije görkezmegi nazarda tutulyp, arzyly sylag oňa berildi. Çempionatyň simwoliki topary. Dünýä belli öňki tälimçilerden we beýleki futbol hünärmenlerinden düzülen UEFA-nyň ýörite tehniki topary çempionatyň simwoliki ýygyndysyny saýlady. 23 futbolçydan ybarat bolan şol ýygyndynyň hataryna çempion Ispaniýadan 10 oýunçy goşulypdyr. Şwesiýaly Zlatan Ibrahimowiç hem sanawa goşulyp, ol sanawdaky çärýek finala çykyp bilmedik toparlaryň futbolçylarynyň arasyndan saýalanan ýeke-täk futbolçydyr. Çempionatyň simwoliki ýygyndysyna saýlanan 23 futbolçy: derwezeçiler: Jianluiji Buffon (Italiýa), Iker Kasillas (Ispaniýa), Manuel Noýer (Germaniýa) Goragçylar: Jerard Pike (Ispaniýa), Fabio Koentrao (Portugaliýa), Filipp Lam (Germaniýa), Pepe (Portugaliýa), Serjio Ramos (Ispaniýa), Hordi Alba (Ispaniýa) Ýarymgoragçylar: Daniele de Rossi (Italiýa), Stiwen Jerrard (Angliýa), Çawi Hernandez (Ispaniýa), Andres Iniesta (Ispaniýa), Sami Kedira (Germaniýa), Serjio Buskets (Ispaniýa), Mesut Özil (Germaniýa), Andrea Pirlo (Italiýa), Çabi Alonso (Ispaniýa) Hüjümçiler: Mario Balotelli (Italiýa), Sesk Fabregas (Ispaniýa), Kristiano Ronaldo (Portugaliýa), Zlatan Ibrahimowiç (Şwesiýa), Dawid Silwa (Ispaniýa).

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir