Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň karary esasynda durmuşa geçirmek, şeýle hem ýurdumyzda halkara ýaryşlaryny guramak arkaly sportuň ösmegine saldamly goşant goşmak we 2017-nji ýylda Aşgabat şäherinde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça geçiriljek V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek maksady bilen Noýabr aýynyň 19-24 aralygynda Aşgabatda Guşakly göreş we türkmen milli göreşi boýunça Dünýä çempionaty geçiriler. Bu halkara ýaryşa dünýäniň 30-a golaý ýurtdan 300-e golaý türgenleriň, eminleriň, sport hünärmenleriniň gelmegine garaşylýar. Bu ýaryşy Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komiteti, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Aşgabat şäher häkimligi, Türkmenistanyň guşakly göreş görnüşleri boýunça federasiýasy bilelikde ýokary derejede guramaçylykly geçirerler. Ähli gelen myhmanlar “Aşgabat” myhmanhanasynda ýerleşdirilip, Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş sport mekdebinde türgenleşikler geçiriler. 1200 orunlyk “Galkynyş” bedenterbiýe-sport toplumynda bolsa Guşakly göreş we türkmen milli göreşi boýunça Dünýä çempionatynyň bäsleşikleri geçiriler. Daşary ýurt dillerini suwara bilýän tejribeli meýletinçileriň 100-e golaýy öz ugrunda kämilleşerler hem-de öz ukyp-başarnyklaryny görkezip ýardam bererler. Noýabr aýynyň 19-na halkara ýaryşyna gatnaşmaga gelen daşary ýurtly toparlar howa menzilinden duz çörekli garşylanar we olary myhmanhana ýerleşdiriler. Noýabr aýynyň 20-ne daşary ýurtly toparlar hasaba alnyp olaryň ýolbaşçylary we tälimçileri bilen duşuşyk geçiriler. Şol gün sagat 15:00-da Halkara guşakly göreş federasiýasynyň maslahaty 17:00-da bolsa eminleriň maslahaty geçiriler. Maslahatyň yz ýany bolsa ýaryşa gatnaşjak türgenler lukmançylyk gözegçiliginden soň, bije atmak we agram çekmek işi geçiriler. 21-nji noýabrda 17:30-da Guşakly göreş we türkmen milli göreşi boýunça Dünýä çempionatynyň dabaraly açylşy geçiriler. 2017-nji ýyldaky Aziýa oýunlaryna taýýarlygyň çäginde guraljak bu bäsleşikde türkmen pälwanlary şowly çykyş edip, milli ýygyndymyzyň umumy toparlaýyn bäsleşikde 1-nji orny eýelemegine mynasyp goşantlaryny goşarlar diýlip garaşylýar. Türkmenistanly samboçylaryň ýylsaýyn kämilleşýändiklerini we halkara bäsleşiklerinde barha ynamly çykyş edýändiklerini görmek bolýar. Bu dünýä çempionatynyň öň ýanynda biziň pälwanlarymyzyň saýlama topary Gökderede okuw taýýarlyk işlerini geçirdiler. Orta Aziýa sebitiniň öňdebaryjy samboçylaryny bir ýere jemlejek bu bäsleşikde türkmenistanly pälwanlar özleriniň başarnyklaryny kemsiz görkezerler we dürli görnüşli medallara mynasyp bolarlar. Soňky ýyllarda türkmen samboçylarynyň diňe bir Orta Aziýa sebitinde däl, eýsem, tutuş dünýäde hem iň güýçlüleriň hatarynda durýandygyny bellemelidiris. Sambo – bu diňe bir sportuň görnüşi bolman, eýsem adamyň erk-ahlak häsiýetleriniň, watansöýüjilik duýgularynyň ösmegine ýardam edýän terbiýe ulgamydyr. Sambo – bu ilkinji nobatda goranmak sungaty. Sambo diňe bir özüňi goramagy öwretmän, eýsem professional we jemgyýetçilik durmuşynda zerur bolan berk häsiýeti, tutanýerliligi we çydamlylygy döredýär. Sambo durmuşy maksatlara ýetmek üçin gerek bolan häsiýetleri we ahlak esasyny şekillendirmäge, şahsy tertip-düzgüni emele getirmäge kömek edýär. Sambo özüni, öz maşgalasyny, Watanyny goramaga ukyply adamlary ýetişdirýär. Milli göreşimiz bilen Oguz han döwründe hem meşgullanypdyr. Gadymy döwür pälwanlardan Hezreti Alyny, halk gahrymanlary Rüstem Zal ogluny, Görögly begi, Bezirgen pälwany, aýal maşgalalardan bolsa Harmandälini we Aýsoltany görkezmek bolar. Türkmen halkynyň öz milli göreşini biçak söýendigini şu aşakdaky göreş bilen baglanşykly çuň manyly nakyllaryň döremeginde görmek bolýar. Mysal üçin “Göreşen ýykjakdyr, ýaryşan ozjakdyr.” , “Ýykylan göreşden doýmaz ”we başgalar. Milli sportumyzyň özeni bolup durýan göreşimiziň indi öňki ýaly öz akymlaýyn däl-de, belli bir ýola düşdi. Türkmen milli göreşi indi ýaryşlar geçirmek arkaly ösdürilip başlanyldy. Sport sambosynda garşydaşy zyňmak, saklamak we aýaklaryna, ellerine agyryly usul ulanmak rugsat berilýär. Samboda garşydaşy eliň, aýagyň we göwräň kömegi bilen zyňmak mümkin. Zyňmak – bu samboda ulanylýan usul bolup, onuň kömeginde garşydaşy deňagramlylykdan çykaryp, halyň üstüne dyz çökdürmek ýa-da göwresiniň bir ýany bilen taşlamak mümkin. Saklamakda samboçy garşydaşyna kellesi ýa-da göwresi bilen gysylýar we şu ýagdaýda ony 20 sekuntlap saklaýar. Eger-de samboçy garşydaşyny ýykyp, özi dik halda saklansa, agyryly usul ulansa, garşydaşyndan 12 ball köpräk alsa, ol möhletden öň ýeňip biler. Türkmenistanda geçirilýän bu sport çäresi türkmen halkyny we pälwanlary dünýä tanatmakda uly ýardam berer.

Köneler, nexttmm tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir