Merdana pederlerimiziň hiç haçan öçmejek şöhraty we zähmet edermenligi bu gün biziň gülläp ösýän Garaşsyz döwletimizde bagtyýar ýaşamagymyzyň we geljege ynamly garamagymyzyň girewi bolup durýar. Bu ýadygärlikler toplumy merjen şäherimiz Aşgabadymyzyň günorta-günbatar böleginde ýaýylyp gidýär. Bu ýerde 1941-1945-nji ýyllaryň urşunda Watanyň azatlygy, halkymyzyň erkinligi ugrundaky söweşlerde wepat bolanlaryň hatyrasyna gurlan “Baky ot”, “Milletiň ogullary” we 1948-nji ýylyň Aşgabat ýer titremesiniň şehitleri baradaky hakydany ebedileşdiren “Ruhy tagzym” ýadigärlikleri uzaklardan howalanyp görünýär. Bu ýadigärlikler halkymyzyň gaýduwsyz gahrymanlaryna, öz beýik geçmişine çuňňur hormatynyň nyşanyna öwrüldi. Bulardan başga-da, bu ýerde hatyra güni sadaka bermek üçin oňaýly ýer göz öňünde tutulypdyr. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 23 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda açylan bu ýadygärlikler toplumyny öz gözelligi, bezegi, dürli reňkli çyralar bilen yşyklandyrylan suw çüwdürimleri gurşap alypdyr, olaryň töwereginde gülli aýmançalardyr ajaýyp oturgyçlar bar. “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumy ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemek, türkmen halkynyň parasatly, mizemez däpleriniň biri bolan gahrymanlara hormat goýmak, ata-babalarymyzyň taryha altyn harplar bilen ýazyljak ýagty ýadygärliklerine tagzym etmek ýaly asylly däp-dessurlaryň berjay edilýän ýerine öwrüldi. Bu Watan ogullarynyň ruhy hemişe biz bilen, olar hemişe diri. Berkarar döwletimiziň Bagtyýarlyk döwründe gurlan bu binalar, ýadygärlikler toplumy halkyň edermenligini, synmaz erkini beýan edýär. Garaşsyzlygyň 23 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda açylan bu ýadygärlikler toplumynda döwürleri janlandyrýan muzey ýerleşdirilipdir. Bu muzeý 3 bölümden ybarat bolup, birinji bölüminde 1948-nji ýylda bolup geçen pajygaly ýer titremesini beýan edýän suratlar we monumentler ornaşdyrylypdyr. Ikinji bölüminde Gökdepe söweşi we söweşde edermenlik görkezen serkerdeleriň suratlary we geýen egin-eşikleri, ulanan esbaplary, enjamlaryň asyl nusgalary ýerleşdirilipdir. Muzeýiň üçünji bölüminde Berkarar döwletimiziň, bagtyýarlyk döwri beýan edilipdir. Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda Berkarar döwletiň Bagtyýarlyk zamanasynda amala aşyran beýik işleriniň beýany, gurlup ulanmaga berlen ajaýyp binalaryň gözel görki hem şekillendirilipdir. Ýurdumyzda şeýle binalaryň açylmagy, biziň ähli ildeşlerimize, geljek nesillerimize galybersede gül diýarymyza gelýän daşary ýurtly myhmanlaryna biziň şöhratly taryhymyzy, aýdyň geljegimizi , şuglaly şu günümizi doly beýan edýär. Gahryman Arkadagymyzyň gurduryp beren bu ýadygärlikler toplumy ýaşlarymyzda Watana, Milli ruhuň esasyny düzýän ene topraga bolan çäksiz söýgini, agzybirligi we jebisligi, durmuşa bolan ynamy döredýär. Biziň ýaş nesillerimiz üçin görelde mekdebi boljak bu ýadygärlikler toplumy olaryň bu edermen gerçek ýigitlerimiziň bitiren ajaýyp işlerine eýerip, edepli, gaýratly, dogumly, öňdengörüji ýaşlar bolmagyna itergi berer. Mähriban halkymyz Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 23 ýyllyk toýuny toýlaды. Şu günler toý lybasyny geýnen merjen şäher Aşgabadymyzda we welaýatlarymyzda, gör, näçe binalardyr ýaşaýyş jaýlary açylyp, ulanylmaga berildi. Şol bir wagtyň özünde-de birnäçe binalaryň düýbi tutuldy. Watan ogullaryny sarpalap, ýadygärlikler toplumyny gurduryp beren Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun.

Köneler, nexttmm tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir