Adamyň jany sag, kalby rahat, durmuşy asuda bolsa, şol iň uly bagtdyr. Her bir adam öz ömründe köp arzuw hyýallara beslenýär, başardygyça öňkisinden hem gowy ýaşamaga çalyşýar. Bu örän gowy häsiýetdir. Adamyň durmuşda bagtly ýaşamagyna mydama höwes, yhlas, zähmet, döredijilik baradaky ajaýyp arzuw-islegleri itergi berýär. Eger-de adamlar bagtly bolsa, onda bütin halk bagtlydyr. Şonuň üçin biz öz şahsy bagtyýarlygymyz barada alada edenimizde, munuň diňe biziň üçin däl, eýsem tutuş jemgyýet üçin ähmiýetlidigini bilmelidiris. Elbetde, töweregimizden, il-günden aýrylyp, bagtly bolup bilmejekdigimiz bellidir. Bagtly durmuş ozaly bilen biziň milli düşünjämize we häsiýetimize baglydyr. Durmuşda gazanan zatlaryň gadyr-gymmatyny bilip, hözirini görüp, ykbalyňdan razy bolup ýaşasaň, bu seniň üçin uly bagtdyr. Rahatlygyň özi uly baýlykdyr. “At çapmaz, bagt çapar” diýilýär. “Näçe alada,yhlas etsem-de göwnümdäki arzuwlaryma ýetip bilmeýärin, işim, durmuşym rowaç almaýar” diýip zeýrenýänlerem bar. Ŷöne ýagşy niýetli, çyn yhlasly adam irde-giçde maksadyna ýetýär. “Ŷhlasa-myrat” diýlenidir. Ol ata-babalaryň paýhas eleginden geçen hakykatdyr. “Her kim agtaran zadyny tapar” diýlişi ýaly, bagty gözlesek, tapýarys. Munuň üçin biz ilki bilen özümizi terbiýelemeli, kämilleşdirmeli. Durmuşda her bir zadyň gadyr-gymmatyna dogry baha berip, töwergi gözel görnüşde görüp, duýup ýaşamagy başarmagyň özi hem bagtlylykdan bir nyşandyr. Bagta her adam öziçe düşünýär. Kim ony agzybir, asuda maşgala bolup ýaşamakdan gözlese, kimler bagty maddy taýdan baý ýaşamakdan gözleýär. Kim jan saglygyň, on iki synaň sagatlygynyň özi hem Allatagallanyň bendesine eçilen uly bagtydyr diýip ýaşasa, kimler bagty daşky görk-görmekden, owadanlykdan gözleýär. Aslynda bagtly ýaşamagyň açary belli bir derejede biziň öz elimizdedir. Elbet-de durmuşymyzda özümize bagly däl pursatlar hem bolýar. Ýöne olardan hem baş alyp çykjak bolmaly. Biziň käbirimiz durmuşda aram-aram duş gelýän şowsuzlygymyza biri günäkär ýaly, daş-töweregimize ajemyzy pürküp, olar üçin ýakymsyz ýagdaý döredýäris. “Mert özünden namart ýoldaşyndan” diýlenini edip ejizlemeli däl-de,durmuşda ýüze çykan kynçylygy mertlik, parasatlylyk bilen ýaňip geçmegiň alajyny gözlemeli. Hoşniýetlilik, giňgöwünlilik, sabyr-kanagatlylyk, zähmetsöýerlik, birek-birege ynanmak, kimdir biriniň ýagşy gylyklaryny görüp bilmek, azaşany dogry ýola ugrukdyrmaklyk we şuňa meňzeş köp sanly ýagşy gylyk häsiýetlere eýe bolmagyň özi bagta barýan iň dogry ýoldyr. Elbet-de, adam üçin ynsan balasynyň bu ajaýyp dünýä jägildäp dogulmasynyň özi bagt, eýjejik çaganyň “eje” diýip birenaýy dillenmesi bagt, ak mekdebe perzendiň elinden tutup ilkinji ädimleri bile ärmegiň, ýaşy ýeten ogluňy öýerip, gyzyňy çykaryp, gapyňda toý tutmagyň özi bagt, agtykly-çowlukly, gol doly maşgala bolup ýaşamagyň özi bagt. Ynsan balasy Allatagallanyň bendesine peşgeş beren bu gözel tebigatynyň her bir ösümliginde, janly-jandarynda gözelligi görmegi, oňa guwanmagy başarsa, ertiriň säherinde, agşamyň şapagynda özüniň bu ajaýyp dünýäde ýaşaýandygyna, onuň arassa howasyndan dem alýandygyna buýsanyp ýaşamagy başarsa, bu-da bir bagt. Bagt sowgat berilmeýär, bagt gazanylýar. Bagt gözellikdir, oňa mynasyp bolup ýaşamak üçin bolsa özümiz hem kalbymyz gözel, ýüregimiz arassa bolmalydyr.

Köneler, nexttmm tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir