Bir adam bagtyň keşbini, onuň nurana didaryny görmegiň arzuwynda eken. Öz isleginiň wysal bolmagy üçin gije-gündiz doga-dilegde bolup, haka mynajat edipdir. Bir gün gaýypdan onuň gulagyna şeýle owaz eşdilipdir. -Eý, ynsan bendesi seniň yhlasyň zor çykdy. Seniň islegiň wysal bolar. Biz hökman duşuşarys. Ýöne, biz birek-birege pete-pet gelen mahalymyzda sen meni tanasaň bolýar-diýipdir. Ol adam bu sözlere monça bolupdyr. Bagt bilen didarlaşjakdygyna bolan beýik ynam bilen ýaşaberipdir. Günlerde bir gün häki adam aý diýse agzy , gün diýse gözi bar , badam gabak, pisse dodak, gaýry dinli bir näzenine aşyk bolýar. Gije-gündiz onuň yşkynda, sergezdan bolýar. Ahyrynda özüniň bütin barlygyndan, baýlygyndan geçip ol näzenin perizada öýlenýär. Olar bala –çagaly bolup, bütin ömürlerine agzybirlikde, sapaly durmuşda ýaşaýarlar. Belki-de bagt özüni şol näzenin aýalyň keşbinde beýan eden bolsa gerek. “Bagt” diýilýän söze her kimiň öz garaýşy , öz düşünjesi, öz nukdaýnazary bar. Goý, seniň soňky modeldäki maşynyň bolsun, durmuşda öz ornuň bolsun, aýlygyň hem gowy bolup, eliň uzadan ýerine ýetäýsin. Şonda-da , dünýäde maşgala bagtyýarlygynyň, perzent şatlygynyň öwezini dolup biljek uly bagt ýokdur. Bu elbetde, meniň öz şahsy garaýşym. Şonuň üçin hem maşgalaňyzy, bagtyňyzy goraň, bala-çagalaryňyzyň boýlaryna, toýlaryna guwanyp ýaşaň!

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir