200 million ilatynyň 74 göterimi futbol oýnaýan, iň bir kiçijek obalarynda-da futbol meýdançalary, ýüzlerçe stadionlary, şol sanda dünýäde iň uly, 200 müňden-de köp tomaşaçy ýerleşýän «Marakana» stadiony bolan ýurtdan Pele (Edson Arantis du Nasimentu ) ýaly «futbol şasynyň» çykmagy, bu ýurduň futbol boýunça bäş gezek dünýäniň çempiony bolmagy, galyberse-de 2014-nji ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynyň Braziliýada geçirilendigi — bularyň ählisi Braziliýany «futbolyň ýurdy» diýip atlandyrmak islegini döredýär. Ýöne Braziliýada diňe bir sportuň futbol görnüşi ýörgünli bolman, söweş sungatynyň kapoeýra, džiu-džitsi ýaly aýratyn görnüşlerem, woleýbolam ösendir. Awtomobil ýaryşlarynyň «Formula-l» görnüşi boýunça dünýäniň çempionlary bolan Emerson Fittipaldi, Nelson Pike, Aýrton Senna dagynyň gazanan üstünlikleri bolsa bu ýurtda awtomobil sportunyň hem ösendigine şaýatlyk edýär. Braziliýanyň yssy howa şertleri bilen baglylykda bu ýerde sportuň gyşky görnüşleri onçakly ösmedik-de bolsa, soňky döwürlerde bu ugurlar boýunça hem öňegidişlikler mese-mälim göze ilýär. Mysal üçin, 2010-njy ýylda Braziliýanyň ýygyndy topary hokkeý boýunça Günorta Amerikanyň çempionatynda ikinji orny eýelemegi başardy. Braziliýanyň ykdysadyýeti diýseň köp görnüşlidir. Daşary ýurtlara iň köp eksport edilýän önümler: awiasiýa tehnikalary, kofe, transport serişdeleri, soýa, apelsin şerbeti, polat, demir magdanlary, matalar, aýakgaplar, elektrik enjamlary, gant. Ýurtda iň köp öndürilýän önüm şekerdir. Ýurtda awtomobil ýollary esasy gatnaw ulgamy bolup durýar. Braziliýada demir ýollar diňe ýükleri daşamak üçin ulanylýar diýen ýalydyr, deňiz transporty hem häzirki wagtda, esasan, ýük daşamakda peýdalanylýar. Awiasiýa transporty häzirki döwürde çalt ösýär. Gatnawyň bu görnüşi boýunça Braziliýada «Vasp and Transbrasil« kompaniýasy öňdeligi eýeleýär.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir