Polşanyň Bygdoş şäherinde bolan bir duşuşyga gatnaşan topar janköýerleri haýran galdyrypdyr. Sebäbi bu toparyň oýunçylarynyň hemmesi Osinskiý atly ussanyň ogullary eken. 15-28 ýaş aralygynda bolan 11 dogan bir toparda türgenleşip, meýdança-da bilelikde çykýarlar. Italiýanyň Asti şäherçesinde bolan bir duşuşykda merkezi hüjümçi Maskio topa degmezden ýere ýykylyp, şikes alýar. Soň onuň sebäbi barlanyp görülse, Maskio bir süňk bölegine büdräpdir. Şeýlelik-de gymmatly, taryhy tapyndynyň sebäpkäri hökmünde oýunça köp möçberde pul baýragy berlipdir. Braziliýada paraşutçylaryň bir topary şemalyň täsirinde futbol meýdançasyna düşýärler. Şol pursat dowam edip duran oýunda derwezä bir gol paraşutçynyň päsgelçiligi bilen geçen hem bolsa, bu gol emin tarapyndan hasaba alnypdyr. Futbol oýnunda janköýerleriň ulanýan «01e01e-01e» sözleri ispanlar tarapyndan döräpdir. Ilki olar bu sözleri özleriniň flamengo tanslarynda ulanypdyrlar. 2006-njy ýylyň 25-nji iýunynda Portugaliýa bilen Goliandiýanyň arasynda bolan duşuşykda iň köp sary petegini russiýaly emin Walentin Iwanow görkezipdir. 11 metrlik jerime urgusyny futbol oýnuna girizmegi 1891-nji ýylda irlandiýaly Jon Penalti teklip edýär hem-de bu jerime urgusy ilkinji gezek Irlandiýanyň futbol ligasynda ýerine ýetirilýär.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir