Futbol boýunça Ýewropanyň çempionaty (iňlisçe UEFA EURO) UEFA-nyň — Ýewropanyň birleşen futbol assosiasiýasynyň ýolbaşçylygy astynda ýewropaly milli ýygyndy futbol toparlarynyň arasynda geçirilýän esasy sport ýaryşydyr. Bu ýaryş boýunça birinjiligi almak ugrundaky futbol bäsleşikleri her dört ýyldan geçirilýär, özi-de bäsleşigiň saýlama oýunlary bilen birlikde alanyňda ýaryş iki ýyl dowam edýär. 1960-njy ýyldan bäri geçirilýän futbol boýunça Ýewropa çempionaty (bäsleşigiň ilkinji oýunlary 1958-nji ýylda başlanypdy) futbol boyunça dünýä çempionaty bilen gezekleşip gelýär. Bu ýaryş ilkibada ýewropaly milletleriň Kubogy diýlip atlandyrylýar, yöne 1968-nji ýyldan başlap, ol futbol boýunça Ýewropanyň çempionaty diyen ada eýe bolýar. Şeýle hem aýallaryň arasynda-da futbol boýunça Ýewropanyň çempionlygy ugrunda yaryşlar geçirilýär. Ýöne futbol janköýerleriniň arasynda bu çempionat onçakly meşhur däl. Aýallaryň arasynda bu ýaryş ilkinji gezek 1984-nji ýylda geçirildi, 1997-nji ýyldan bäri bolsa bu bäsleşik hem her dört ýyldan geçirilýär. Her näçe geň bolsa-da, sportuň bu görnüşiniň hut Ýewropada dörändigine garamazdan, futbol boýunça Ýewropanyň çempionlygy ugrundaky ýaryş ilkinji gezek 1960-njy ýylda, ýagny ilkinji futbol klublarynyň peýda bolanyna tas ýüz ýyl geçenden soň geçirilýär. Birinji çempionata bary-ýogy 17 topar gatnaşýar. «Futbolyň atalary-esaslandyryjylary» bolan Angliýa başlyklaýyn Italiýanyň, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ilkinji Ýewropa çempionatyna gatnaşmakdan ýüz öwürmekleri, şol wagtky SSSR-iň yygyndy toparynyň bu ýaryşda birinjiligi eyelemek meselesini göz-görtele ýeňilleşdirip, olaryň taryhda «täzeläp bolmaýan» rekord gazanmaklaryna mümkinçilik döredýär. Ýewropanyň çempionlygy ugrundaky ilkinji futbol ýaryşy Moskwada «Lužniki» stadionynda geçirilyär. Futbol ägirtleri oýnapdylar. Ýaryşyň ýarym final oýnunda olar Italiýanyň ýygyndy toparyny 2:0 hasabynda ýeňmegiň hötdesinden gelen-de bolsalar, diýseň dartgynly we çekeleşikli geçen final oýnunda düzüminde Rud Gullit, Marko Wan Basten ýaly meşhur futbol «ýyldyzlary» çykyş eden Gollandiýanyň ýygyndy toparyndan 2:0 hasabynda ýeňlişe sezewar bolupdylar. XXI asyrda futbol boýunça Ýewropanyň çempionaty birbada iki döwletiň çäginde geçirilýändigi bilen tapawutlanýar. Şeýle görnüşde guralan ilkinji çempionat 2000-nji ýylda Belgiýada we Gollandiýada geçirildi. 2004-nji ýylda Ýewropanyň futbol çempionatynyň final oýunlary Portugaliýada, 2008-nji ýylda bolsa Awstriýada we Şweýsariýada geçirildi. Futbol boýunça Ýewropanyň çerapionlygy ugrundaky ýaryşlaryň taryhynda tora ilkinji pökgini ozalky SSSR-iň ýygyndy toparynyň oýunçysy Anatoliý Mihaýlowiç Ilin salýar. Şeýlelik bilen hem öňki SSSR futbol boýunça Ýewropanyň çempionatynyň taryhynda ilkinji çempion bolýar. Şol ilkinji gezek geçirilen ýaryşda öňki SSSR-iň yygyndy toparyna ýeňiş gazanmak üçin bary-ýogy dört topary utmak gerekdi. Üstesine-de ýaryşda ozalky SSSR-iň ähli garşydaşlary onuň gündogar ýewropaly goňşulary bolup çykdy. Ilkibada 1958 we 1959-njy ýyllarda iki gezek Wengriýanyň yygyndy toparyndan üstün çykyldy. Ýarym ýyl geçenden soň ozalky SSSR-iň ýygyndy topary Ispaniýanyň yygyndy topary bilen iki oýun oýnamalydy, ýöne ýaryş ýatyrylýar. Her näme bolsa-da, Ispaniýa ýeňildi diýlip hasap edilipdi hem-de ozalky SSSRiň ýygyndy topary ýaryşyň finalyna çykdy. Parižde geçen şol final ýaryşlaryna bary-ýogy dört topar gatnaşýar. Ýarymfinal ýaryşynda ozalky SSSR-iň ýygyndy topary ozalky Çehoslowakiýanyň ýygyndy toparyny ýeňýär, bu ýygyndy topar bolsa biraz soňrak fransuzlaryň yygyndy toparyndan üstün çykyp. üçünji orny eýelemegi başarypdy. Futbol boýunça Ýewropanyň çempionlygy ugrunda ilkinji gezek geçirilen bu futbol ýaryşynyň final oýnunda bolsa şol wagtky SSSR-iň ýygyndy toparynyň futbolçylary ozalky Ýugoslawiýanyň ýygyndy toparyny 2:1 hasabynda utup ýeňiş gazanypdylar. Oýnuň 113-nji minutynda ozalky SSSR-iň ýygyndy toparynyň hüjüraçisi Wiktor Wladimirowiç Ponedelnik ýeňişli pökgini derwezä salýar. 1964-nji ýylda futbol boýunça Ýewropanyň çempionaty Ispaniýada geçirilýär. Ýaryşyň final oýnunda ozalky SSSR-iň ýygyndy topary ýer eýelerinden 2:1 hasabynda utulyp, kümüş medala mynasyp bolýarlar. 1968-nji ýylda çempionat Italiýada geçirilýär. Fiýýäm däbe öwrülen kada görä bu gezek hem ýer eýeleri çempion bolýarlar, ýagny final ýaryşynda Italiýanyň ýygyndy topary ozalky Ýugoslawiýanyň ýygyndy toparyny 2:0 hasabynda utup, Ýewropanyň çempiony bolyar. Üçünji orun üçin ýaryşan Angliýanyň we öňki SSSR-iň ýygyndy toparlarynyň arasyndaky ýaryşda iňlisler garşydaşlaryny 2:0 hasabynda ýeňip, çempionatyň bürünç medalyny alýarlar. 1972-nji ýylda çempionat Belgiýada geçirilýär. Ýaryşyň finalynda Germaniýanyň ýygyndy toparynyň garşysyna oýnan ozalky SSSR-iň ýygyndy topary 0:3 hasabynda utulýar. Şeýlelikde, bu gezekki ýaryşda Germaniýa Federatiw Respublikasynyn ýygyndy topary Ýewropanyň çempiony bolýar. Ozalky SSSR-iň ýygyndy topary üçin Ýewropanyň futbol çempionatynyň taryhyndaky öçmejek yz galdyran ýaryş 1988-nji ýylda Germaniýada bolup geçýär. Bu ýaryş ozalky SSSR-iň ýygyndy toparynyň iň soňky çykyşydy. Hoşlaşyk ýaryşy diýseň ýatdagalyjy bolupdy. Legendar futbol tälimçisi W.W.Lobanowskiniň ýolbaşçylygynda çykyş eden ozalky SSSR-iň ýygyndy toparynyň şol gezekki düzüminde Kiýewiň «Dinamo» futbol toparyndan Belanow, Blohin, Protasow, Zawarow, Moskwanyň «Spartak» futbol toparyndan Bubnow, Hidiýatullin, Dasaýew ýaly futbol ägirtleri oýnapdylar. Ýaryşyň ýarym final oýnunda olar Italiýanyň ýygyndy toparyny 2:0 hasabynda ýeňmegiň hötdesinden gelen-de bolsalar, diýseň dartgynly we çekeleşikli geçen final oýnunda düzüminde Rud Gullit, Marko Wan Basten ýaly meşhur futbol «ýyldyzlary» çykyş eden Gollandiýanyň ýygyndy toparyndan 2:0 hasabynda ýeňlişe sezewar bolupdylar.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir