Pökgüli hokkeý «Bendi» diýlip hem atlandyrylýar. 01 XIX asyryň ortalaryna Beýik Britaniýada döräpdir. Tä geçen asyryň ortalaryna çenli rus hokkeýi diýip at berlen pökgüli hokkeý bilen bendi bir-birinden aýry görnüşler hasaplanypdyr. 1955-nji ýylda onuň halkara federasiýasy döredileninde, iki görnüş birikdirilip, pökgüli hokkeý adyna eýe bolupdyr. Ýöne käbir ýurtlarda oňa bendi diýýänlerem bardygyny aýtmalydyrys. Pökgüli hokkeý bilen bendiniň oýunçy sany-da, esasy düzgünleri-de, meýdançanyň ölçegi-de gabat gelipdir. Emma olaryň pökgüsi, hokkeý taýagy we derwezeleriň ölçegi bir-birinden üýtgeşik bolupdyr. Halkara federasiýasy döredilen soň ähli babatda bitewi düzgünler işlenilip düzülipdir. Onuň meýdançasynyň ini 50-65 metre, uzynlygy hem 90-110 metre barabar bolýar. Pökgüli hokkeýde her bir duşuşyk 90 minut (1 arakesme) dowam edýär. Her toparyň oýunçy sany 11-e deň bolýar.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir