Otuň üstünde oýnalýan hokkeý bilen meşgullanýanlar ini 55 metr, uzynlygy 91,4 metr bolan meýdançanyň içinde öz başarnyklaryny görkezýärler. Hokkeýiň bu görnüşi otuň üstünde oýnalýar diýilse-de, onuň sintetik örtgüsi bolan meýdançalarda-da oýnalýandygyny bellemelidiris. Otuň üstünde oýnalýan hokkeý 70 minut (1 arakesme) oýnalýar. Şaýbaly hokkeýde meýdança derwezeçi bilen bilelikde jemi 6 oýunçy çykýan bolsa, bu ýerde her toparyň oýunçy sany 11-e deň bolýar. Otuň üstünde oýnalýan hokkeý XIX asyryň ortalaryna Beýik Britaniýada döräpdir. Şaýbaly hokkeýiň döremegine-de britaniýalylar sebäp bolupdyrlar. 1763-nji ýylda britaniýaly esgerler Kanada baran mahallary ol ýere otuň üstünde oýnalýan hokkeýi eltipdirler. Ýöne howa aşa sowuk bolansoň, olar köwüşleriniň aşagyna peýnir kesilýän tyg daňyp, doňan kölüň üstünde hokkeý oýnapdyrlar. Şol pursady suratlandyrýan şekiller suratkeşleriň eserlerinde öz beýanyny tapypdyr. Soňlugy bilen otuň üstünde oýnalýan hokkeý Ýewropa bilen bir hatarda Aziýa hem ýaýrapdyr. Germaniýadyr Gollandiýa bilen birlikde Hindistan we Pakistan häzirki wagtda öňdebaryjy ýygyndyly ýurtlar hasaplanýarlar. Otuň üstünde oýnalýan hokkeýiň halkara federasiýasy (FIH) 1924-nji ýylda döredilip, häzir oňa agza döwletleriň sany 220-ä golaýlaýar. Erkekler ýygyndylary 1908-nji ýyldan bäri, zenanlar ýygyndylary hem 1980-nji ýyldan bäri olimpiýa oýunlaryna gatnaşyp gelýärler.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir