BIRAHAT ÝÜREK http://www.turkmenhh.org/2009/07/07/birahat-yurek/ Näme üçin aglaýaň gussaly ýürek. Sag-aman öreniňe begenmä derek. Durmuş girdabyna berk düşen bolsaň, Hudaýyň öňünde dyza çökmegiň gerek. Bu dünýäň gerdişine özüň oýnadyp, Baýlygyň yzynda gezdiň ganat galgadyp, Duzaga düşeňde galdyň aňňalyp, Çykalgany Rebden tapmagyň gerek. Ynsan gursagyňda nalap, perwana bolýaň. Kapasa düşen dek, her ýan urunýaň. Haraý gözläp daşyňa intizar bakýaň. Haraýy Hudaýdan gözlemäň gerek.
Birahat yurek
-
mensylap
10 years ago
- Turkmen goshgy okamasa bolarmy...
-
Nol
10 years ago
- türkmen owalam goşgusyz ýaşapdyr, ýenede ýaşaaar
-
Nol
10 years ago
- onsoňam, aşaky temadaky goşgyny aýratyn tema edip açmak nämä gerek, şuňa ýaplaýmaly ekeniň, iň soňam okalanok
-
mensylap
10 years ago
- Turkmen goshgy okamasa bolarmy...
Nol 10 years ago- goşgy ýazmaýyňow gaýrat edip, owalam ertirkomda döşüme gaýtaryp duran etdiler, birtopar şahyrsumaklar