Uniwersitetiň mugallymy kömek sorap Akademiýanyň prezidenti, fizika boýunça Nobel baýragynyň lauriaty Ernest Rezerforda ýüz tutýar. Mugallym talyplarynyň birine iň pes bahany goýmakçy bolýandygyny, emma talyp öz gezeginde has ýokary baha mynasypdygyny tekrarlaýandygyny aýdýar. Mugallym hem, talyp hem üçünji bir adamyň pikiri bilen razylaşmagy makul bilýärler. Bularyň ahyrky netijesi Rezerforda düşýär. Synag sowalnamasy şeýle soragdan ybaratdy: “Barometriň kömegi bilen binanyň beýikligini nähili ölçäp boljakdygyny düşündiriň?”. Talybyň jogaby şeýledi: “Binanyň depesine çykyp, ýüpe daňylgy barometri ýere sallamaly. Soňra ýüpi yzyna çekip, onuň uzynlygyny ölçäp, binanyň uzynlygyny anyklap bolar”. Dogrudan hem bu ýagdaý çylşyrymlydy. Sebäbi berlen jogap doly hem dogrudy. Emma beýleki bir tarapdan, synag fizika dersi boýunçady we berlen jogabyň fizika degişli ýeri ýokdy. Rezerford talyba ýene-de bir gezek jogap bermäge synanyşmagy teklip etdi. Taýýarlanmak üçin alty minut berip, Rezerford beriljek jogapda fizikanyň kanunlarynyň görkezmelidigini talyba tabşyrdy. Bäş minut geçeninden soňra, talybyň jogap kagyzynyň arassa durandygyny gören Rezerford talybyň boýun egýändigini soranda, talyp özünde birnäçe jogabyň bardygyny we olaryň iň gowusyny saýlajak bolup pikir edýändigini aýdýar. Onuň berjek jogabyna gyzygyp, Rezeford wagtyň gutarmagyna hem garaşman, onuň jogap berip başlamagy soraýar. Sowalyň täze jogaby şeýledi: “Barometr bilen binanyň depesine çykyp, ony aşak zyňmaly we ýere düşen wagtyny ölçemeli. Netijede, formulanyň kömegi bilen jaýyň beýikligini kesgitlemeli”. Rezerford kärdeşiniň bu jogap bilen kanagatlanýandygyny soraýar. Ol, ahyry, jogap bilen zarylaşýar. Emma talypda birnäçe jogabyň bardygyny eşiden Rezerford olar bilen hem tanyşmak isleýändigini aýdýar. — Barometriň kömegi bilen binanyň beýikligini ölçemegiň birnäçe usuly bar –– diýip, talyp jogap berip başlaýar. — Mysal üçin, Gün çykyp duran wagty köçä çykyp, barometriň beýikligini we onuň kölegesiniň beýikligini, şeýle-de, binanyň kölegesiniň beýikligini ölçemeli. Netijede bolsa, alnan sanlary proporsiýa gatnaşyklarynda goýmak arkaly kyn bolmadyk formulanyň üsti bilen binanyň beýikligini kesgitlemek bolar. — Erbet däl. Belki, başga-da usuly bardyr? — Elbetde. Munuň has bir ýönekeý usuly hem bar. Binanyň basgançaklaryndan ýokary galyp barýarkaň, barometri diwara goýup ondaky bellikleriň jemini barometriň boýuna köpeltmeli. Iň aňsat usullaryň birimikä diýýän. — Munuň has çylşyrymly usuly hem bar –– diýip, ol dowam etdi. — Barometre kiçiräjik bagjyk daňyp, ony maýatnik ýaly yrgyldalyp binanyň düýbünde we depesinde dartyş güýjüni kesgitlemeli. Alnan aratapawutlaryň netijesinde binanyň beýikligini kesgitläp bolar. — Ahyrsoňy, ençeme usullaryň içinden, meniň pikirimçe, iň gowusy: barometri alyp binanyň dolandyryjysynyň ýanyna barmaly we eger ol binanyň beýikligini aýtsa, oňa şol barometri berjekdigiňi aýtmaly. Şu ýerde Rezerford talypdan, hakykatdan hem onuň bu meseläniň umumy kabul edilen, hemmeler tarapyndan ykrar edilen jogabyny bilmeýändigini sorady. Talyp bolsa jogaby bilýändigini, emma özüniň täzeçe pikirlenişiň tarapdarydygyny aýdýar. Bu talybyň ady Nils Bor, daniýaly fizik, 1922-nji ýylda Nobel baýragynyň eýesi.

Köneler, TDUmaksat tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir