Çaganyň terbiýesi esasan enesine bagly. Ol ejesini häli-şindi görüp dur. Beýle diýdigim, kakanyň terbiýe bilen işi ýok diýdigim däl. Atada çagasynyň üstünde kökenek, onuň ile ýaramly adam bolmagyny isleýär. Ýöne onuň gerdeninde ýene bir äpet ýük ýüklenen, ol maşgalabaşy hökmünde eklenç etmeli, çagasyny eklemeli. Hemme taraplaýyn üpjün etmeli. Şonuň üçin hem çagasy bilen kän görüşip, onuň bilen häli-şindi hem gürleşip bilenok. Bu iş, ýaňky aýdyşymyz ýaly enäniň boýnuna düşýär. Ene söýgüden geçýär, Her bir gyzyň edebi, Eneleriň sargydy, Galsyn aňda edebi. Şu ýerde gyzyň edebi diýilse-de onuň oglan çaga hem degişlidigini hemmeler düşünýändir. “Gyzym saňa aýdaýyn, gelinim sen düşün” diýilişi ýaly, biz bir işiň başyna barmakçy bolýan her bir çaga sargyt baryny edýäris. Uzak ýola gitsin, okuwa gitsin, gezelenje hyýallansyn, harby gulluga çagyrylsyn, öýlenjek bolsun... garaz her bir işde olara maslahat berýäris. Men syýahat etmäni halaýan, şonuň üçin köplenç ýolda bolýaryn ine şu günem men ýola düşdüm. Daşary ýurtda okap ýören agtyjagymy görüp gaýdaýyn diýdim. Garşymda oturan saçyndan kümüş sepen daýza, meniň maksadymy eşidip, gök çaýyk hözirini gürrüň bilen görmekçi boldy öýdýän. “Gowy niýetiňiz bar eken, aman baryp aman geliň ýeke öz çagaňyza däl ol ýerde okaýan külli türkmeniň ogul-gyzyna salam aýdyň, sargyt hem ediň, goý il-gününe gep getirmesinler, gowja okasynlar. Esasan hem gyzlara aýdyň, Milli eşigimize horma goýsunlar” – diýdi-de, şaglap glen derini syrdy. “enem pahyryň bar aladasy bizdik, bizi adam etjek bolup hm söýerdi hem käýýärdi. Bolmasa, biz onuň hemişe gözüniň alyndadyk. Häzirki ýaşlar ýaly ýurt söküp gidýän ýerimizem ýokdy. Men arada gyzymy durmuşa çykardym. Köp-köp hoş arzuwlar etdiler. Enesi söz sözledi, özem goşgy bilen men şol goşgyn ýadymda galanja ýerlerini aýdyp bereýin, sizem belläp alyň-da ogluňyz bilen okaýan ýaşlara aýdyp beriň. Olara näçe maslahat berseňem känlik etmez. “Atalar sözi – akylyň gözi” diýipdirler, ýaşuly adamlaryň sargydy tenekar ýalydyr” – diýip eslije, oýlanyp oturanyndan soň şu bentleri aýtdy: Ene sargar gyzyna, edepli bolmaklygy. Urmaz ýaly dyzyna, Sözünde durmaklygy. Agzalalyk duşmandyr, Bütin ömre duşmandyr. Atyn ýeke çapanyň, Işi asla Paşmandyr. Gadyrly bor iş eden, Ýüz öwürmäň pişeden. Gaçyň ýaman kişiden Ýagşyny sylyň ýüze. Ejize ganym bolma, öýkäni ýada salma. Her kesden ýüz öwürme, etmişini anyk bilmän. Men bu parasatly daýzada kän gürrüňler eşitdim. Bar söz hoşniýetli maslahatlar. Olary diňledigiňizçe diňläsiň gelýär.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir