Adam şekilli ýaşamagy zähmet bilme! Adam tebigata garylyp, tebigat ýaly päk, owadan bolup biler. Adam tebigatyň önümi. Tebigatyň perzendi! Adam ýerde ýaşaýar, emma adamyň göwni asmanda perwaz urýar. Adama atadan gylyk-häsiýet, eneden bolsa zehin geçýändir. Adama ýylgyryp bilmegi, gülüp bilmegi Allatagala bagyş edendir. Adamdan ýalňyz bir ýadygärlik galýar, ol hem onuň bitiren işleridir. Adamy adam eden ylymdyr. Adamy – durmuş, şahsyýeti – taryh terbiýeleýär. Adamy özgä berýän bahasy bilen-de tanap bolar. Adamyň akyllysy dil öwrener. Adamyň borjy – bilmekdir. Adamyň gany atadandyr, süňňi bolsa enedendir. Adamyň hakyky keşbi – onuň ata-enesine goýýan hormatyndadyr. Adamyň ýaramazy günäni özünden gözlemän, döwrüne we jemgyýetine myjabat ýapýanydyr. Adamzadyň islendik işiniň manysy haýyr görmekdir. Adamzadyň mazmuny döretmekden, ýaratmakdan, agtarmakdan, gözlemekden, gurmakdan ybarat. Adamzat jemgyýeti ylymsyz, adam akylsyz ýaşap bilmez. Adamzat tebigatyň iň kämil närsesidir. Aga-arkaň gara dagy. Bibi öýüň söýesidir. Agam bar – ne gamym bar. Agyr zamananyň hem ýeňil günleri bolýandyr. Agzybire – Taňry biýr, agzybire – Taňry birdir. Agzybirlik – döwletiň ambary, hazynasydyr. Agzybirlik – ebedi türkmen milletiniň baş ýörelgesidir. Agzybirlik ojakdyr, agzybirlik saçakdyr. Ajaýyp adamlar köpelse, durmuş ajaýyplaşar. Akyl – adamzat ýaşaýşynyň uslybydyr. Akyl – Allanyň gözüdir, ynsap – halk gözüdir. Akyl aňlanylýan we aňlanylmaýan dertleriň baryndan halas edýändir. Akyl bagtyň kepili, ynsap kämilligiň güwäçisidir. Akyl bile ynsap bolsa – daşda däl, içdedir. Akyl – biwepalyk etmeýän dostdur. Akyl – çözgütdir. Akyl edebiniň manysy ataň-eneň gadyr-gymmatyna, tapylgysyzlygyna akyl ýetirmekden ybaratdyr. Akyl – gutarmaýan baýlykdyr. Akyl içinden açylýar. Akyl jomartlygy – peýdaly pähimleri ündemekdir. Akyl kämilligi danalyk, duýgy kämilligi – ruhanalykdyr. Akyl kämilligi Watanyň nämedigine düşünmekdir. Akyl nämäni buýursa, dil şony diýer. Akyl – öçmeýän söýgüdir. Akyl uly güýçdür. Akyl we ylym – Alla ýakynlaşmagyň mümkinçiligidir. Akyl ylmyň şinesidir, zehin – tohumydyr. Akyl ýaşadykça gurba gelýär. Akyl ýaşda bolmaz, başda bolar. Akyl ýok ýerinde adam bolmaz. Akyl ýok ýerinde ynam-ynanç ýokdur. Akyllylygyň şerti sagdynlykdyr. Akylyň bolmasa, Alladan gorkyny bilmersiň, ynsabyň bolmasa, ili sylamagy bilmersiň. Akylyň iň ýokary derejesi – parasatdyr. Alanyňda – bir eliň bilen al, bereniňde – iki eliň bilen ber. Alla bilen adamsyň, il-gün bilen kişisiň. Alla her kime, her bir jandara rysgal paýlaýar. Alla saňa baýlygy adamlaryň peýdasyna işlet diýip berendir. Alla ýaradandyr – ýaradyjydyr. Ene bolsa, döredijidir. Alladan gorkan ölümden gorkmaz, ilden çekinen nebisden gorkar. Alladan gorkmadyk ölümden gorkar, ilden çekinmedik ryswalykdan gorkmaz. Allany, Allanyň wekilini aldap bolmaýar. Allanyň bendesiniň ýagşysyny ýaýyň, ýamanyny, belki, onuň özi düzeder. Allanyň halamajak işini eden imansyz, il-günüň halamajak işini eden ryswa bolar. Allanyň öňünde imanyň, milletiň öňünde zähmetiň seniň iň uly güwäňdir. Allanyň saýlan ýerinde ýaramaz ýer bolmaz. Allanyň ýaradan bendesi hiç bolmanda sençe-mençe bardyr. Allatagala adama akyl beripdir. Allatagala adamy atasyz ýaratsa-da, enesiz döredip bilmändir. Allatagala bu dünýäni adamzat üçin ýaradypdyr. Alym bolmak aňsat, adam bolmak kyn. Alym hakykatyň dostudyr, jemgyýetiň hyzmatkäridir. Alym – ylym eýesi, jemgyýet – alym eýesidir. Amanady aýa, eýesi başgadyr. Anyk ýoly bar millet bagtlydyr. Aňy we köňli bilen Watan ezizligine göz ýetiren türkmen hiç mahal ruhdan düşmez. Arassalyk, päkizelik ynsapdan çykman, halallyga gol ýapmakdyr. Asyl ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň ulgamydyr. Ata-babalarymyz Asmanda Allatagala, Zeminde Adama ynanýardylar.