Bagt, ykbal birbada berilýän däldir. Bagta zähmet bilen ýetilýändir. Bagtyň girewi edepli pikirlere, edepli söz­lere we edepli hereketlere endik etmek­dir. Bagtyýar ýaşamagyň altyn açary dünýä, ýaşaý­şa bolan söýgüňdedir! Baş döwletiňi tapsaň, baýlyga bakma. Başyň gökde bolsa-da, topraga tagzym et! Başyňy sallamazlyk üçin ruhuň belent bolmagy gerekdir. Batyr – uruşda, dana – gaharda, dost – hor­lukda tanalýandyr. Baý bolmaga-da zehin gerek. Baýlygy gazanmakdan saklamak, jaý ýerine sarp etmek kyn. Baýlygy gazanmankaň, ony sowmagyň pi­ki­rini et, soň giç bolar. Baýlygy göterinip bilmedik ýol urduryp, azgyn bolar, garyplygy ýeňen adam bolsa my­radyna ýeter, adam bolar. Baýlygy haýyr işe ulandygyňça, bere­ke­ti artar, baýlygy ulanman goýdugyňça, öz-özünden hümmeti gaçar. Baýlygy ruha gulluk etdir. Baýlygy saklamagy başar. Baýlygyň çeşmesi zähmetdir. Baýlyk – binýatdyr, rehnet – binadyr. Baýlyk – gulçulyga, rysgal-döwlet azat­ly­ga getirýär. Baýlyk – nebsiň keýpi däldir, iliň peý­dasydyr. Baýlyk sildir, siliň öňünde durup bil­mer­siň, ondan bir tarapa sowlup aman galan ýagşydyr. Baýlyk, zat – ýoldan çykarar. Döwlet-rys­gal – ýola salar. Bedenini mata gundagy, kalbyny hem aky­lyny edep gundagy bilen gundagla! Berip bilýärkäň bermeseň, almaly günüň hem alyp bilmersiň. Bermegi başarsaň – minnetdarlyk görer­siň. Beýiklik – diňe Watandadyr we beýiklik Watan bilendir. Bägül bagda gowy, gelin-gyz – öýde. Bikärligiň süýjüligi soňy ajy gutarýan gökje hyýaryňky ýalydyr. Bikärlik, nadanlyk we ýaltalyk hiç bir duş­manyň edip bilmejek zyýanyny eder. Bilegi zor birini ýykar, bilimli zor – müňüni. Bilim – ilden özüňe almakdyr, sarp et­mek­dir. Ylym – özüňden ile bermekdir, dö­retmekdir. Bilim we ylym ýaramaz işiň ähti­mal­ly­gy­ny juda azaldýandyr. Bilimi hem-de ylymy adamzadyň özi ta­pyp­dyr. Bilmek söýgiňi artdyrar. Bir aýaly iki är alyp bilmez. Bir ýurda iki töre sygmaz! Bir dogran biler, birem – dogan. Bir nahal ekseň, ýaşyň bakydyr. Biri oda siňe seredip, dünýäniň göz­ba­şy­ny görýär, ýene biri oda siňe seredip dün­ýäniň gutaryşyny görýär. Biri süýde siňe seredip gan görýär, ýene biri gana siňe seredip süýt görýär! Biedeplik ynsap gülüni guradar, akyl da­ragtyny çüýreder. Biz şahalar, ata-enemiz bolsa daragtdyr. Boljak oglan ýaşlykdan bellidir. Boýun egmegiň oňady nebsiň göwne boýun bol­magydyr. Bu dünýä gelmek bagtdyr. Bulagyň suwy hapalansa, sakasyndan, çeş­mäniň suwy kesilse, gözünden gör! Buzdan sowuk dünýäde ýüregiň yssysy bol­masa ýaşamak kyn düşýär.

Köneler, Horjun tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir