Ýurdumyzda halkyň gadymy däp-dessurlary, edim-gylymlary, medeni mirasy täzeden dikeldilýär, döwrüň ruhuna laýyk keşbe eýe bolýar. Dünýäniň çar künjegine ýaýran türkmeniň 4, 6, 8 ganatly ak öýleri bilen baglanyşykly gadymy däp-dessurlarymyz has-da baýlaşdyrylýar. Wagtyň geçmegi bilen gurluşy, daşky gömüşi üýtgese-de, ak öýler bilen baglanyşykly gadymy däp-dessurlarymyz öz ähmiýetini ýitirmeýär. Ýygnalyp, sökülýän tärimli ak öýleriň gurulmagy we olaryň giňden ýaýramagy halkyň çarwaçylyk bilen meşgullananlygy sebäplidir. Ak öýleriň artykmaç we täsin taraplary has köpdür. Olar göçhä-göçlükde aýratyn aladany talap etmeýärler. Ak öýi derrew söküp, ýygnap, dessine-de dikip bolýar. Ony araba ýükläp, islän ýeriňe äkidip bolýar. Türkmeniň ak öýleriniň gabarasy onuň ganatlarynyň sanyna bagly bolupdyr. Ýygy-ýygydan göçüp-gonýan çarwalar 4 ganatly ak öýleri ulanypdyrlar. Olar iň ýeňil, amatly öý hasaplanylypdyr. Gadymyýetde senetçi ussalar agaç işläp bejermek arkaly gara we ak öýleri ýasapdyrlar. Elbetde, uklary, tärimleri, tüýnükleri, gapylary ýasamagyň özüne ýetik aladasy bolupdyr. Etnograf-alymlaryň bellemeklerine görä, her bir çarwadar maşgalasynyň özüniň gelip çykyşy boýunça biri-birinden tapawutlanýan öýleri bolup, olar, esasan, gara keçe bilen örtülipdir. Bu öýler gyşyna yssy, tomsuna salkyn, göçüp-gonmak üçin amatly bolupdyr. Olar gurlanda oýlanyşykly çemeleşilip, içi milli däp-dessurlara laýyklykda bölünipdir. Ortarada ojak, gapynyň edil garşysynda iň hormatly orun-tör, onuň arkasynda sandyk, sag tarapynda azyk önümleri, aşhana enjamlary, çep tarapynda at esbaplary, zähmet gurallary, ýaraglar ýerleşdirilipdir. Tördäki sandygyň üstünde bolsa ýorgan-düşeklerý ygnalypdyr. Türkmeniň 4, 6, 8 ganatly ak öýleriniň aýratyn tapawutly we amatly taraplarynyň biri-de sag tarapynda myhmanlar üçin agaç sekiniň ýerleşdirilmegidir. Çagalar, aýallar üçin çep dulunda ýörite ýer bölünip goýlupdyr. Ak öýlerimiz diňe bir çarwa durmuşy bilen baglanyşykly bolman, olar älem gümmezine, asman jisimleriniň hereketlerine akyl ýetirmekde-de uly ähmiýete eýe bolupdyr. Däp boýunça ak öýleriň gapysy gündogara bakan gurlupdyr. Olaryň serpigi bolsa, köplenç açylyp goýlupdyr. Çarwalar Günüň, Aýyň, ýyldyzlaryň dogup-batyşyny synlap, howanyň nähili boljakdygyny öňünden anyklapdyrlar. Häzirki döwürde ak öýlerimiz ekerançylykda, öri meýdanlarynda meýdan düşelgesi hökmünde giňden ulanylýar. Olar ýurdumyzda geçirilýän toý-baýramlaryň esasy bezegidir.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir