Sazlaşykly ösüşleriň bagtyýarlyga beslenýän döwründe halkymyzyň durmuş şertleriniň has-da giňelýändigine, bolelinligiň dabaralanýandygyna raýatlarymyza degişli bolan awtoulaglaryň sanynyň barha artýandygy hem şaýatlyk edýär. Şeýle ýagdaýda ýokary depginde barha ösýän ýurdumyzyň şäherlerinde, şäherçelerinde we beýleki ýerlerinde awtomobil ulaglarynyň hereketiniň sazlaşygyny guramak we ýollarda howpsuzlygy üpjün etmek ugry öňe çykýar. Şu jähetden seredeniňde, ýol hereketiniň sazlaşygyny we howpsuzlygyny üpjün etmek bilen baglylykda degişli işleri geçirmek baradaky meseleleriň hormatly Prezidentimiziň hemişe üns merkezinde durmagy tötänden däl. Çünki munuň özi, ozaly bilen, raýatlaryň janyny, saglygyny we emlägini gorap saklamagy üpjün etmäge, olaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini, şeýle hem daşky gurşawy goramaga gönükdirilendir. Bu işi üpjün etmek üçin 2012-nji ýylyň 31-nji martynda kabul edilen «Ýol hereketiniň howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny we ýol hereketiniň kadalaryny belleýän beýleki hukuk namalary möhüm kadalaşdyryjy binýat bolup hyzmat edýär. Ady agzalan Kanuna laýyklykda, ýol hereketiniň howpsuzlygy — bu ýol hereketine gatnaşyjylaryň ýol-ulag hadysalaryndan we olaryň netijelerinden goraglylyk derejesini görkezýän ýol hereketiniň ýagdaýydyr. Bu ýerde ýol-ulag hadysasy diýlip, ulag serişdesi ýolda hereket edýän mahaly we onuň gatnaşmagynda ýüze çykyp, adamlaryň heläk bolmagyna ýa-da ýaralanmagyna, ulag serişdelerine, ýüklere, desgalara maddy zyýanlaryň ýetirilmegine sebäp bolan waka düşünilýär. Ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça döwlet syýasaty birnäçe esasy ugurlary özüne birikdirýär. Meselem, onda ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak we olaryň netijeleriniň agyrlygyny peseltmek maksatlary bilen döwlet edaralarynyň, ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet edaralarynyň we beýleki ýuridik şahslaryň, şeýle hem fiziki şahslaryň işini utgaşdyrmak, awtomobil, ýer üsti şäher elektrik ulaglarynda we ýol hojalygynda işi düzgünleşdirmek, ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmegiň meseleleri boýunça bellenilen tertipde kadalaşdyryjy hukuk namalaryny işläp düzmek we tassyklamak, ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça çäreleri maddy-tehniki we maliýe taýdan üpjün etmek; ulag serişdeleriniň sürüjilerini taýýarlamagy we gaýtadan taýýarlamagy, raýatlara ýol hereketiniň kadalaryny hem-de ýol hereketiniň howpsuzlygynyň talaplaryny okatmagy guramak, ýol hereketiniň howpsuzlygyny lukmançylyk taýdan üpjün etmek boýunça çäreler toplumyny geçirmek, howpsuzlyk bilen baglanyşykly işi ygtyýarlylandyrmak ýaly ýagdaýlar göz öňünde tutulýar. Ýol hereketiniň howpsuzlygy meselesi ulaglaryň köplüginden döreýän dykynlary aradan aýryp, hereketleriň sazlaşygyny üpjün etmek bilen hem baglanyşyklydyr. Ýeri gelende aýtsak, soňky wagtlarda paýtagtymyzdaky ýollaryň durkuny täzelemek we olary giňeltmek, täze ýollary gurmak boýunça tapgyrlaýyn işler ulag hereketinde biraz bökdençlikleriň döremegine sebäp bolýar. Bu barada şu ýylyň 29-njy aprelinde geçirilen wideoşekilli iş maslahatynda-da gürrüň gozgalyp, hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzda ulaglaryň hereketini sazlamak boýunça zerur çäreleri görmek barada degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi. Şol tabşyrykdan ugur alnyp, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen paýtagtymyzyň myhmanlaryna we ýaşaýjylaryna haýsy ugurlar boýunça hereket edilende amatly boljakdygy baradaky maglumatlaryň ýetirilmegi ýola goýuldy. Ol maglumatlar her gün irden 7 sagat 15 minutdan başlap, her iki sagatdan «Aşgabat» teleýaýlymy we «Owaz» radioýaýlymy boýunça halka ýetirilip durulýar. Ýol hereketine gatnaşyjylaryň bir görnüşi hem pyýadalardyr. Pyýada ulagdan daşarda bolan we ýolda iş geçirmeýän adam bolup durýar. «Ýol hereketiniň howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ýol hereketinde pyýadalar artykmaçlykdan peýdalanýarlar, emma bu ýol hereketine gatnaşylanda olary öz borçlaryny ýerine ýetirmekden boşatmaýar. Pyýadalaryň howpsuzlygyny üpjün etmek çäreleri häzirki wagtda bütindünýä hereketine öwrüldi. Bu babatda döwlet Baştutanymyz şu ýylyň 6-njy maýynda geçiren wideoşekilli iş maslahatynda Ýol hereketiniň howpsuzlygynyň ählumumy hepdeliginiň ruhuna we wezipelerine gabat gelýän degişli çäreleri guramak we geçirme barada tabşyryk berdi. BMG-niň howandarlygynda geçirilýän bu bütindünýä çäresi şeýle uly möçberli meseleleriň halkara derejesinde ynjalyksyzlyk döredýändiginiň özboluşly mysalydyr. Milli Liderimiziň aýdyşy ýaly: «Türkmenistan BMG-niň tutuş dünýäde pyýadalaryň howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilen tagallalaryny doly goldaýar». Şonuň üçin hem häzirki wagtda ýurdumyzda ýollar şu wezipäni nazara almak arkaly gurulýar. Ýurdumyzyň ýol-ulag düzümi yşyklar bilen kadalaşdyrylýan çatryklary, köprüleri, ýerasty geçelgeleri, awtoduralgalary we beýlekileri öz içine almak bilen, pyýadalaryň mümkinçiliklerini has-da giňeldýär. Soňky wagtda meşhur kompaniýalaryň paýtagtymyzyň çäklerinde alyp barýan gurluşyk işleriniň netijesinde döwrebap köprüleriň, halkalaýyn aýlaw ýolunyň, ýol aýrytlarynyň we goşmaça ýol şahalarynyň gurlup ulanylmaga berilmegi uly ähmiýete eýe bolup, olar paýtagtyň merkezlerindäki ýollarda ulaglaryň hereketini sazlaşdyrmaga we azaltmaga mümkinçilik berýär. Şunuň bilen bir hatarda, hormatly Prezidentimiz ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak, sürüjileriň hem-de pyýadalaryň ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmegine berk gözegçiligi amala aşyrmak, ulagy dolandyrmagyň, ýollarda özüňi alyp barmagyň medeniýetini ýokarlandyrmak, ýol hereketini kadalaşdyrýan ulgamy has-da kämilleşdirmek, ýoluň ýagdaýyny degişli derejede saklamak ýaly ugurlara yzygiderli üns berýär. Paýtagtymyzda ulag hereketiniň artýandygyny nazara almak bilen, degişli işleri guramak meselelerine döwrebap serişdeleriň we usullaryň esasynda çemeleşilýär. Munuň özi ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek, ýollarda howpsuz şertleri döretmegi hil taýdan täze derejä çykarmak boýunça milli Liderimiziň tagallasy bilen amala aşyrylýan işleriň aýdyň miwesidir.

Köneler, Akademik tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir