Gözleriň görüjiligi kem-kemden peselýär, bu tebigy ýagdaý. Emma gözleri goramagyň syryny bilseňiz, köp kynçylyklardan halas eder. Şonuň üçinem gözlere aýratyn täsir edýän ýörite sagaldyş toplumy. 1-NJI TÜRGENLEŞMÄNIŇ TOPARY GÖZ DAMARYNDA GANYŇ ŞEÝLE-DE GÖZÜŇ IÇKI SUWUKLYGYNYŇ AÝLANMASYNY KADALAŞDYRÝAR. 1-nji pursat: Iki gözüňem 3-5 sekuntlyk pugta ýumuň we şol wagtda açyp duruň. Maşky 6-8 gezek gaýtalaň. 2-nji pursat: Iki gözüňem 10-15 sekundyň dowamynda durman gyrypdyryň. Arasyna 7-10 sekunt salyp, maşky 3-4 gezek gaýtalaň. 3-nji pursat: Iki gözüňem ýumda, gabagyňyzyň üstünden barmagyňyz bilen gözleriňizi aýlawly hereket edip, bir minudyň dowamynda owkalaň. 4-nji pursat: Gözleriňizi pugta ýumuňda, elleriňiziň üç barmagy bilen gabagyňyzyň üstünden emaý bilen 1-3 sekundyň dowamynda basyň. Ara 3-5 sekunt salyp, maşky 3-4 gezek gaýtalaň. 5-nji pursat: Elleriňiz bilen gözüň üstüni örtýän gabagyňyzy gaşa tarap çekiň-de, gözleriňizi ýumýan hereket ediň. Maşky her 3-5 sekuntdan 6-8 gezek gaýtalaň. 2-NJI TÜRGENLEŞMÄNIŇ TOPARY GÖZ MYŞSALARYNY BERKIDÝÄR. 1. Kelläňizi amatly ýagdaýa getiriňde, gözleriňizi haýallyk bilen ýerden ilki asmana, soň tersine bakýan terzde hereketlendiriň. Maşky 8-12 gezek gaýtalaň. 2. Başyňyzy gymyldatman, gözleriňizi ilki çepe, soň saga tarap mümkin boldugyça öwrüň. Ara 2-3sekunt maý salyp, maşky 8-10 gezek gaýtalaň. 3. Başyňyzy amatly ýagdaýda goýup, howlukman ilki aşak, soň ýokaryk, saga hem çepe serediň. Soňra gözleriňizi bu görkezilen tertibiň tersine hereketlendiriň. Gözleriňize az salym dynç berip, maşky 8-10 gezek gaytalaň. 4. Gözleriňiziň ilki sag tarapa, soň çep tarapa aýlap hereketlendiriň. Maşky 4-5 gezek gaytalaň. 3-NJI TÜRGENLEŞMÄNIŇ TOPARY GÖZLERIŇ GÖRÜJILIGINI ARTDYRÝAR. 1. Duran ýeriňizden ilki 2-3 sekuntlap üns berip öň serediň, soňra sag eliňiziň süýem barmagyny burnuňyzyň deňine ýetiriň-de, onuň ujuna 3-5 sekuntlap serediň. Barmak bilen gözleriň arasy 25-30 santimetr bolmaly. Maşky 10-12 gezek gaýtalaň. 2. Iki gözüňizem çep eliňiziň süýem barmagynyň ujuna dikip, üns berip serediň-de, barmagyňyzy kem-kemden burnuňyzyň ujuna ýetiriň. Maşky 6-8 gezek ýerine ýetiriň. 3. Iki gözüňizem öňe uzadylan sag eliňiziň süýem barmagyna dikip duruň, soňra çep eliňiziň aýasy bilen çep gözüňizi ýapyň-da, sag gözüňizi sag eliň bilen süým barmagyna seredip durşuňyza, eliňizi tirsekde epiň we ýene ýapyň. Soňra bu maşky gözüňiz hem çep eliňiz bilen gaýtalaň. Maşky 6-8 gezek gaýtalaň. 4. Aýnanyň ýüzün reňkli kagyzdan kesilip alnan diametri 3-5 millimetrden uly bolmadyk tegelegi ýelmäň-de, äýnegiňizi çykarman 30-35 santimetr aralykdan 1-2 sekuntlap serediň, soň gözüňizi ýaňky nyşandan başga ýerde duran haýsydyr bir gözüňizi nyşanjykdan aýranyňyzda, şol bir zada bakmalydyr. Maşky ilkinji günler 5 minutlap ýerine ýetirmeli, soň bu wagty 7 minuta ýetirseňem bolýar. Maşky iki gözüň bilenem, çep hem sag gözleriň bilen aýratynlykda-da ýerine ýetiriň.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir