Pyhy dädäniň obasynda ady belli towuk ogurysy bar eken. Bir gezek gijäniň ýarynda towuklar uly gykylyk turzanda, Pyhy Taganyň aýaly: -Pyhy, tursana, pylany towuk ogurlamaga gelipdir öýdýän – diýýär. Onda Pyhy Tagan: - Aý, keýwany, ýatybersene, pylany alsa, bir towuk alar, görenmizi gorüp, “Bişirip ber” diýse name etjek? – diýipdir-de, beýlesine öwrülip ýatyberipdir. * * * Yzyny üzmän gürleýäniň biri Pyhy aga yüzlenipdir: - Pyhy däde, size diýseň sunçy adam diýärler. Eýsem, men naçe ýaşymdakam? Pyhy aganyň jogaby köp garaşdyrmandyr: - Öte synçy adamam seň ýaşyňy anyk bilmese gerek. Sebäbi ýüz-gözüň-ä kyrkdan geçeniňki, akylyň bolsa, alty-ýedi ýaşlynyňky… * * * - Men bir oba bardym welin, ähli adamlar daşyma üýşäýdiler. Munuň sebäbi nämedenkä? – diýip, özüni meşhur edip görkezjek bolýanyň biri Pyhy Tagandan sorapdyr. Şonda Pyhy aga: - Megerem, ol oba heniz maýmyn eltilen däldir – diýip jogap beripdir. * * * Pyhy aga bir gezek şäher bazaryna baranda, obaly bir garyndaşy gabatlaşyp: - Pyhy däde, meniň bir zerur işim bar, sen gaýrat et-de, gelýänçäm şu çallarymy sataweri – diýip, sargyt edip gidýär. Şol wagt bir müşderi gelip: - Ŷaşuly, çalyň gowumy? – diýýär Öňem ýolundan galyp, jany ýanyp duran Pyhy aga, harydyny öwmäge Derek: - Wah, ballym, gowy bolsa, ýol aşyp, şähere gelinjek-maý…Gowy bolsa, öz obamda öýe gelibem alýarlar – diýip jogap beripdir.

Köneler, Horjun tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir