Gadym döwürde goňşyçylykda ýaşan iki hökümdar bolupdyr. Hökümdarlaryň biri goňşy ýurduň şasynyň we halkynyň zehinini, düşünjesini barlamak üçin olara bir sowgat iberipdir. Bu sowgat bir-birine meňzäp duran üç sany adam heýkelimiş. Sowgat iberen hökümdar bularyň bir-birinden tapawudynyň nämedigini bilmegini hem aýdypdyr. Şa sowgady alanyndan soň öz emeldarlaryny köşge çagyrypdyr. Ilki özi heýkele seredipdir, ýöne tapawuduny tapmandyr. Soňra wezirleri we emeldarlary synanyşypdyrlar, emma olar hem tapmandyrlar. Soňra şa ýurduň akyldarlaryny jemläpdir, olardan hem netije bolmandyr, muňa hökümdaryň gahary gelipdir. Ejizleriň tarapyny tutanlygy üçin şanyň zyndana saldyran ýigidi emeldarlaryň biriniň ýadyna düşýär we ol ýigidiň muny çözüp biljekligini hökümdara habar berýär. Şa ony derhal köşge getirmegi buýurýar. Sähel salymdan ýigidi şanyň garşysyna getirýärler. Şa ýaş ýigide heýkelleriň syryny tapsa azat etjekdigini aýdýar. Bu wakany öwrenen ýigit heýkellere birin-birin seredýär we ol heýkelleriň üçüsiniň hem sag gulagynda deşik görüp, oňa inçe bir simi sokýar, birinji heýkeliň gulagyndan girip agzyndan çykýar, ikinji heýkeliň sag gulagyndan girip çep gulagyndan çykýar, iň soňky heýkeliň bolsa gulagyndan girip hiç bir ýerinden çykmaýar. Ýaş ýigit hökümdaryň ýüzüne seredip: "Şahym, bu heýkelleriň jogaby açyk kitap ýaly öňümizde dur, biz diňe şol kitaby okamagy başarmaly. Bu heýkeller ynsanyň içki duýgusy bilen baglanyşyklydyr. Daş görnüşi meňzeş bolany bilenem her ynsanyň içki duýgusy üýtgeşikdir. Birinji heýkelde dostundan eşidenini derrew başga birine ýetiren adam barada, ikinji bolsa dostunyň ýüreginden syzdyryp aýdan zatlaryny bir gulagyndan girip, beýlekisinden çykarýanlar barada, üçünji bolsa dostundan eşiden zatlaryny içinde saklap, şoňa görä hereket edip bilýän adamy aňladýar. Hökümdarym, men size tapawuduny aýtdym. Indi siz haýsynyň gowulugy hakda özüňiz netija geliň"- diýipdir. Dostlaryň iň gowusuny saýlamagy her bir adam başarmalydyr. Özüňize syrdaş hökmünde kimi saýlardyňyz? Aýdylan sözi öz içinde saklap bilmeýänimi, ýa sözüňize üns bermeýänimi ýa-da sözüne ynanyp boljak birinimi dost tutardyňyz?".

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir