Bir şäherde iki molla ýaşapdyr. Olar öz aralarynda hemişe dawalaşyp ýörüpdirler, biri-biri bilen hiç ylalaşyp bilmändirler, hiç mahal bir ýerde oturmandyrlar, bile naharlanmandyrlar, biri-birini güm etjek bolup ýörüpdirler. Bir gezek olaryň birini del aýal bilen tutupdyrlar, mollanyň el-aýagyny daňyp goýupdyrlar, ol aýaly bolsa bir çukura salypdyrlar. Ertir kazynyň öňünden şaýatlar geçmeli eken. Günäleri subut edilse, olary jezalandyrmaly eken. Bu habary beýleki molla hem eşidipdir. Ol onuň öýüne baryp, aýalyny çagyrypdyr, zor bilen diýen ýaly äriniň ýanyna çukura getiripdir. Onuň ärine bolsa: -Aýalyňa ol aýalyň eşigini, ol aýala bolsa öz aýalyň eşigini geýdir-de, oňa çukurdan çykmaga kömek et-diýipdir. Çukura salnan molla duşmanynyň maslahat berşi ýaly edýär. Jahan ýagtylyp, gün doganda kazy şaýatlary bilen ýetip gelipdir. Beýleki duşman mollany hem çagyrypdyrlar. Ol beýleki mollanyň öz aýaly bilen durandygyny gorüp: -Meniň ony gowy görmeýänligimi, elbet-de, siziň hemmäňiz bilýäňiz. Ŷöne siz ony name üçin biderek ýere günäkärlejek bolýarşyňyz? Görüp otyrsyňyz-a, ýanyndaky onuň öz aýaly ahyryn! Şu gep bilen mollany jeza bermekden boşadýarlar. Şonda duşman molla oňa şeýle diýipdir: -Hemmeler ýaly, senem bilýärsiň, men seniň duşmanyň. Şonda-da men seni halas etdim. Sebäbi meniňem erbetlik edip biljekligim hakynda pikir etmesinler diýdim. Senem molla, menem molla. Ine, şonuň üçin seni halas etdim.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir