Akyldarlaryň biri derýanyň kenarynda töweregiň gözelligini synlap, tebigatdan lezzet alyp oturan eken. Birden onuň gözi suwa gaçan içýana kaklyşypdyr. Ol gark bolmakdan halas bolmak üçin janhowluna urunýan eken. Akyldar elini uzadypdyr-da içýany alyp, halas etmek isläpdir. Elini ýetireni hem şol eken, içýan onuň barmagyndan çakypdyr. “Eý wäk”- diýip akyldar elini yza çekipdir. Agyrysy mazaly bildirýän bolmaly, emma muňa garamazdan, aradan bir salym salym geçmänkä, ýene-de şol içýany bu apatdan gutarmak üçin elini uzadypdyr. Içýan onuň elinden ikinji gezek hem çakypdyr. Akyldar ýene elini yzyna çekipdir we agyrysyna çydap, az salym oturypdyr. Içýany halas etmek üçin üçünji gezek hem elini uzadypdyr. Bu bolýan wakalary golaýrakdan synlap oturan başga biri akyldara seslenipdir: “Eý, akyldar goja, sen birinji gezekden hem, ikinji gezekden hem netije çykarmadyň öýdýän, awunan ýeriňe eýýäm üçünji gezek eliňi uzadýaň.Özüňi çakýan içýany halas etmek nä derkar?- diýipdir. Akyldar bu sözleri eşitse-de, oňa baş galdyrmandyr. Üçünji gezek hem elini uzadypdyr we bir tärini tapyp, içýany suwdan halas edipdir. Soňra ýaňky seslenen adamyň ýanyna barypdyr. Egnine elini goýup: “Oglum, içýanyň häsiýeti-çakmak, meniň häsiýetim-bagyşlamak we kömek etmek. Näme üçin onuň häsiýetiniň meniň häsiýetimden üstin çykmagyny isleýärsiň?”.Adamlara öz häsiýetiň bilen gara, öz bolşuň ýaly bol, olaryň häsiýetine görä görünme, olara görä üýtgeme. Hatda olaryň hereketleri, aýdan sözleri, edýän işleri käteler içýan awusy deýin janyňdan ötýän hem bolsa sen öz häsiýetiňe mynasyp jogap ber-diýipdir.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir