Hemme halklaram ýaşuly adamlary hormatlaýarlar, olaryň sarpasyny belent tutýarlar. Käbir millet zenanlara aýratyn hormat goýýar, käbir ýurtlarda bolsa, çaga hemmelerden ileri tutulýar. Biziň halkymyz şolaryň baryny jemläpdir . Çaganam, aýal-gyzlaram sylaýar. “Suw kiçiniňki” diýip, ýaşuly adamlaram teşneligi gandyrmakda, balalara ýol berýär. “Naçar maşgala” diýip, gelin-gyzyny hormatlýar, olaryň namysyny goramakda bolsa, janyny orta atmaga tabyn. Ýaşulylar babatynda aýdmyzda, “Irden tur-da ataňy gör, ataňdan soň atyňy” diýen nakyldan çen tutmaly. Maşgalabaşy diýen uly manyly bir söz bar. Ol özünde sylag-hormatam, agzybirligem, döwletliligem, berekedem jemleýär. Öý hojalyk bu-da bir kiçiräk döwlet. Onuň öz baştutany, görelde görkezýäni, tälimçisi bolmaly. Şol adam özüniň parasatlylygy, çydamlylygy, kanagatlylygy, edep-ekramy bilen maşgalanyň beýleki agzlaryna görelde görkezmeli. Ana, şonda onuň hormaty hasam beýgelýär. Biziň döwletimizde ýaşulylaryň maslahaty iň belent, iň hormatly guramadyr. Oňa Döwlet Baştutany ýolbaşçylyk edýär. Liderimiz öz akyl-paýhasy bilen, ýaşuly nesle goýan çäksiz hormaty bilen adygandyr. Ol ýaşulylar bilen saglyk-amanlyk soraşandan soň, hemişe olaryň haýyşyny, islegini, maslahat bermeklerini soraýar. Ýaşuly nesil öz saýlan, ykbalyny ynanan Baştutany bilen açyk gürleşip bilýär, maslahat berip bilýär. Eger ýurduň Baştutany olary diňleýän bolsa, olaryň sarpasynyň nähili ýokarydygyny biliberiň. Ýaşuly bar ýerinde, kiçiler geplemeýär, ony diňleýär. Aýdan zatlaryny seljerip, salgy beren ýolundan ýöreýär. Ýaşulynyň sözüni bölmek bizde aýyp hasaplanýar. Ýaşula ýaşkiçi salam berýär. Ýöne elini uzadyp görüşmeýär. Ýaşuly elini bermese, onuň bilen görüşjek bolup dyzap durmaly däl. Ýaşuly saglyk-amanlyk sorndan soň, sen onuň ýagdaýyny sorap bilersiň. Ondan öň “Gurgunmysyňyz?” diýmek, onuň ýagdaýyny sormak (özi soramanka) aýypdyr. Hut şonuň üçinem ýaşulylar: “Soraşaý”, “Sizdendir” diýişýärler. Gerek bolsa, ýaşam hasaplaşýarlar. Birden biedeplik edip, özümden uludan öň söz açmaýyn” diýip, ýaşulylaň hormatyny saklaýrlar. Şu ýerde ýene bir zady belläliň. Ýaşuly bilen, ýeke olar bilenem däl, umuman görüşilende ýasgynjakly oturan bolsaň, hökman ýeňlenip, (donuňy, penjegiňi egniňe atyp oturman, doly geýip) görüşmeli. Bu düzgün saçak başynda-da saklanmaly. Owkadyň hatyrasyna desterhanyň başynda ýasgynjakly oturmaly däl. Ýene bir zady ýatladasym gelýär. Türkmenlerde gapy kakyp ýören ýok ekeni. Oňa derek, öýe ýetip barýan myhman ardynjyraýar, özüniň gelýändigini, hä diýmän gapyny açjakdygyny duýdurýar. Ana, şol biziň gapy kakyşymyz. Milli däp-dessury gowy bilýän adam, ardynjyrar, daş ýerden gelen nätanyş bolsa: “ Öýde kim bar?”- diýip, soraşar. Jogap bolmasa, az wagtdan ýene gaýtalar. Jogap berilmese, ol girmez. Türkmen myhmanparaz bolýar. Geleni güler ýüz bilen garşylaýar. “Myhman ataňdan uly” diýen nakyla eýerip, myhmana hyzmat edýär. Myhmanyň üstüne howup abansa, ony döşüni gerip goraýar. Myhmany ýola salýança onuň ykbalyny öz üstüne alýar. Myhmanyň özi söz açmasa, üç günläp ondan näme hyzmat bilen geleninem soramaýar. Söwüşleýär, hormat edýär. Biziň döwletimizde ýaşuly nesil uly işler bitirýär. Ýagşy iş edene minnetdarlyk bildirip, telek iş edeni dogry ýola salmak ugrunda çalyşýar. Ýaşlary neşe belasyndan goramakda olaryň her bir ädimi ähmiýetlidir. Arakhory, neşekeşi, haram keýpe kowalaşýanlary ýepbekläp, ýagşy ýola gidenleri goldaýar. Ýol bejermekde, köprülere gözegçilik etmekde olar görelde bolýarlar. Umuman ýaşulylar dek oturyp bilmeýärler, hemişe haýsam bolsa, bir işe gümra bolýarlar. Bag ekmekde, olara serenjam bermekde ýaşlara ýol görkezýärler. Lebap welaýatynda gumuň içinden ýer açyp, guýy gazyp, bag suwaryp, uly bir bagy ýetişdiren Begmyrat aganyň ady halkyň dilinden düşenok. Ol özüniň gara zähmedi bilen, özüne abraý gazandy. Çölüň içinde seýilgäh döretdi. Şahyr Gara Seýitliýew bir goşgusynda, kim ýekeje bag ekse, onuň ady taryha girer diýýär. Biziň ýaşulylarymyz bolsa, ýadamany- ýaltanmany bilenoklar. Şonuň üçinem il olary hormatlaýar. Oturan ýaş ýigit, gapydan ýaşuly giren dessine ýerinden turup, ony hormatlaýar. Oturgyçda oturan, ulagda oturan oňa ýer berýär. Ol bolsa, öz gezeginde bag ekmäge gitse, ýanyna agtygyny alyp gidýär, oňa iş öwredýär, onda zähmede bolan söýgüni döredýär. Juda gowy görýän adamymyzy biz ýagşyzada deňeýäris. Pähim-paýhasly ýaşulylara “Hydyr gören” diýýäris. Barynyň düýbünde-de olara hormat ýatyr. Sebäbi, ýaşulylar bize emen ene süýdümizi haklamaga, ataňy sylamaga rehimdar bolmaga, ynsanperwer bolup ýetişmäge ýol görkezýär. -Gynansagam. Olaryň arasynda-da bitertibi tapylýar. Ana, şonda oňa öz deň-duşlary, ýüzüne gelip, garagyna garap, “Sakgalyň agyndan utan!” diýýärler. Ondan aralaryny açanlaryny kem –görenoklar . Ol näkes bolsa, düzelmese, kem-kemden gözden düşýär, masgara bolýar. Ýaşulylar tarapyndanam, ýaşlar tarapyndanam ýüz berlenok. Indi, ýene bir zady belläliň. Biziň ýaşulylarymyz öz gelin-gyzlaryny depelerine täç edinmäge taýyn. Olaryň hormatyny belent tutup, her bir erbetlikden goraýarlar. Hut şonuň üçinem, gelinlerimiz olaryň hormatyna hormat bilen jogap berip, olar bilen gürleşip durmagy aýyp görüp, olardan uýat edip, ýaşynýarlar, olaryň sarpasyny belende göterýärler. “Gelin” kinosy ýadyňyzdamy. Gum içinde gaýynatasy bilen galan gelin, onuň ýüzüne garap ýeke sözem diýenok. Ýaşulyň oglunyň sarpasyny saklap, (Ol Watan goragyna giden) ýaşula mähir bilen garaýar, ony idetýär, eşigini ýuwup-ardyp, naharyny taýýarlaýar. Ýeke gezegem gaňrylyp bakmaýar. Ana, hakyky terbiýe gören zenan şeýle bolýar. Il içinde “Gelin ýaşar, sesi ummadan aşar” diýen nakyl bar. “Bir kemsiz gözel bolmaz” diýilşi ýaly, köpçülikde olar ýaly ýasama hereket edýänlerem tapylaýar. Süri agsaksyz bolanok-da?” Nähilem bolsa, türkmen öz ýaşulysyny eý görýär, oňa gulak asýar, onuň diýeninden çykanok. Şu zatlar asyr boýy dowam edip gelse-de, ýaşuly sarpasy Bagtyýarlyk döwründe has belent tutulýar. Döwletimiz olaryň gadryny galdyrmak maksady bilen ýaşulylaryň gününi belläp geçýär. Bir agza gulak salmagy ündeýän türkmen ýaşulylary şuňa mynasybam!

Köneler, Akademik tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir