Türkmenistanyň iň çetki, demirgazyk nokadynda ýerleşýän mukaddes Köneürgenç topragy rowaýatlara örän baý. Adamyň bagty gözelliklerden lezzet almagy başarmakdan başlanýar. Bu ýerde ýerleşýän taryhy binagärlik ýadigärlikleriň nepis nagyşlary, asyl durkuny saklap duran olaryň ilkibaşdaky reňkleriniň taýarlanylyşy, ýyllar kär etmedik bişen kerpiçleriň eýlenilişi, bularyň ählisiniň aňyrsynda uly rowaýat ummanlary ýatyr. «Miweli agajam yralamasaň miwesi dökülmez» - diýip, erjelden edenli eždatlammyzyň aýdyşy ýaly, düýe örküçleri kimin, zeminiň üstünde uzaklary nazarlap oturan aňňat-aňňat, urpak-urpak gum depeleliklerini gozgamasaň, onuň bagryny berip gujaklap ýatan gymmatlyklarynyň nämedigini asla biljek gümanyň ýok. Taryhy atlandyrylyşy boýunça Gürgenç şäheriniň dokuz kilometrlik günorta-gündogarynda ýerleşýän Saýat obasynda ýaşaýan, welileriň welisi, diniň beýik ýyldyzy Ahmet ibn Omar Abuljennap şyh Nejimeddin al Kubra tarap alyp barýan mukaddes ýoluň ugrunda ýerleşýän, biziň günlerimiziň takyk salgylanmasy boýunça aýdylanda bolsa, Köneürgenç şäherinden çykan ýeriňde Köneürgenç- Aşgabat ulag ýolunyň sagynda, uly minaranyň takmynan üç-dört ýüz metr demirgazyk günbatarynda emir Gutluk-Temiriň aýaly, ordanyň hany Özbek hanyň gyzy Törebeg hanymyň owadan köşgi seleňläp görünip dur. Asyr boýy azap etseň asyr boýy hem durar. Beýikligi 25 metrden, deň ölçeglilikdäki üç hüjreden, girelgeden çepde garawulhanasy, sag tarapynda bolsa, peşdaga çykylýan 45 sany aýlawly basgançakdan, merkezi jaýyň birinji gatynda jaýyň içine ýagtylyk düşmek üçin niýetlenilen, ýylyň dört paslyny alamatlandyrýan dört sany uly penjireden we ýylda on iki aýyň barlygyndan nyşan bolan ikinji gatynda 12 sany kiçiräk penjireden, meýdany 100 kw metre barabar uly zaldan hem-de, demirgazykda kiçi gupbanyň aşagynda ýerleşen şatagtyndan ybarat bolan Törebeg hanymyň köşginiň taryhy wakalarynyň gyzykly söhbetleri biri-birinden täsin. Ýazuw ýadygärlikleriniň berýän maglumatlaryna görä, Gutluk Temur Urgençde şalyk eden wagtynda köplenç wagtyny harby ýörişlerde geçiriren soň, ýurduň içerki işlerini onuň aýaly Törebeg hanum alyp barýar. Ol öz emirlik eden döwründe ýurdy adyl soranlygy üçin adyl han, adyny hem göterýär. Törebeg hanym adamsy ölenden soňra, ýagny 1336-1346 ýyllar aralygynda Ürgenji özbaşdak dolandyrýar. Rowaýatda aýdylyşyna görä XIV asyrda Ürgenji dolandyran Altyn Ordanyň dikmesi Gutlug Temuryň maşgalasy Törebeg hanymyň gözüne bu ymarat hiç ýaramandyr. Hanym XII asyrda salnan ymaratyň binagärine nägilelik bildirýar. Şerep baba bolsa şol binagäri goldamak üçin bu ymaraty öz howandarlygyna almakçy bolupdyr. Ol Törebeg hanyma ýüzlenip: «Eger-de, ymarat siziň göwnüňize ýaramaýan bolsa onda ony maňa sataýyň» - diýýär. Törebeg hanym muňa geň galyp: «Siz bir gezip ýören derwüş. Hany sizde ymaraty satyn alar ýaly harjy» - diýipdir. Derwüş näme-de bolsa hanymdan ymaratyň bahasyny aýtmagyny sorapdyr. Törebeg hanym bolsa «Jaýyň içini altyndan doldur-da alyber» - diýipdir. Şerep baba ymaratyň depesine çykyp tüýnüginden ýeňini sallap elini silkip ugrapdyr. Jaýyň içi gümmezi bilen altyn teňňeden dolupdyr. Halk arasynda hat-da gümmeziň ýarylyp ugramagynyň sebäbi-de şol dökülen altyn pullaryň köplügi zerarly bolandyr diýip aýdylýar. Bir gün Gürgenje gelen ilçileriň biriniň synçy nazary kiçi gupbanyň aşagynda ýerleşen şatagtynyň astyndaky hanada uzak wagt eglenýär. Ol öz ýanyndan synlap-çenläp ahyry bu hana gazna saklanýan jaý bolmaly diýip, kesgitli netijä gelýär. Özüniň bu ýere niçiksi matlap bilen gelendigini äşgär etmegi unudan ilçi Şa aýala sowal bilen ýüzlenýär: -Siz näme üçin Şa tagtyňyzy ýurduň gaznasynyň üstünde gurduňyz? Oslanmadyk bu sowala, Şa aýalyň okara ýaly pyýala gözleri köp manyly syrly ýylgyryp, ilçä ulumsylyk bilen gezeldi. Şol bir wagtyň özünde-de: « Dokluk bilen meslik gör hemişe bir-birinden hantama. Meniň halkym dok ýaşaýar. Bular bolsa meslikde ýaşaýarlar. Hilegärlik, mekirlik bilen gazan baýlyklaryny şady-horramlyga, ýele-yga sowurýarlar. Bu gününi tapsa ertirini alada etmän ýaşaýarlar. Şonda-da gününe kaýyl däl. Başarsa baýlygyňy owadan gep, ýalan wadalar bilen, ýogsam-da güýç bilen eliňden aljak, Muny meniň huzuryma başlap gelen hem hantamalyk niýeti bolmaly» - diýen pikir onuň serinden ýyldyrym çaltlygynda gelip geçdi. Törebeg hanym: - Gaznahanadaky bu baýlyklar meniň baýlygym däl. Olar halkyň, ýurduň baýlygy. Ol baýlygy öz gözegçiligiňde saklap, halk durmuşynyň zeruryna harç etmek bu bilseňiz baýlyklaryň baýlygy saýylýar. Uly baýlyk toplamak arkaly däl-de, ýerini bilip harç etmek arkaly eýe bolunýar. Ilçi: -Her näme-de bolsa baýlyk gizlin ýerde saklansa goragly bolmazmy?! -Haram toplanan baýlyk, diňe öz bähbidiň üçin ulanylýan pul gizlin ýerde saklanýar. Biziň ilde: „Aşyň halal bolsa köçede iç!“ - diýilýän jaýdar nakyl bar. Köpüň nazary düşüp duran ýerde saklanýan bu baýlyk, halkyň öz Şasyna bolan ynamyny artdyrýar. Ýurduň her bir şasy üçin uly baýlyk ol-da bolsa halkynyň özüne bolan ynamydyr. Ynam bar ýerde agzybirlik-de, asudalyk-da, bagtyýarlyk-da bolýandyr. Şonuň üçin hem men şatagtyny baýlygyň üstünde gurdurdym – diýip, jogap berýär. Ilçi: -Ýol ugruna gelýärkäm şähr-u-jahan Gürgeniň gözel binalaryna gözüm düşdi. Diňe şu deliliň özi-de ýurduň uly mümkinçilikleriniň barlygyndan habar berýär. Siziň hakykatdan-da owadan şäheriňiz bar eken-diýip, ilkibaşdaky niýeti paşmajagyny aňlan ilçi baýlyk hakdaky gürrüňini gapdala sowdy. Törebeg hanym: -Bezeg çeperçilik babatda dünýäde deňi-taýy bolmadyk nepisligi we özboluşlylygy bilen tapawutlanýan, köşkler, metjitler, minaralar, medreseler, kerwensaraýlar, kitaphanalar we aramgähler, ýurt ösüşiniň aýdyň nemunasydyr. Bu mukaddes dergähde gömülgi ýatan humlara, baýlyklara häli-şindi duş gelmek bolýar. Bu topragyň asty-da, üstü-de doly hazynadyr - diýen-de, Törebeg hanymyň buýsançly gözleri uçganaklap gitdi. „Bir bar eken, bir ýok eken“ - diýip, başlanýan türkmen ertekileriniň düýp mazmuny barada heý pilirlenip gördüňizmi? Ertekinиň мanysyna düşünseňiz ol bar, düşünmeseňiz ýok. Şonuň üçin rowaýatyň düýp mazmunyna düşünmegi başarsaňyz onda siz hökman uly baýlygyň eýesi bolarsyňyz. Eger rowaýatyň asyl manysyny akyl eleginden geçirip bilmeseňiz onda ol baýlygy tapjak gumanyňyz ýok. Siz taryhy baýlygyň hakyky mirasdüşerleri boljak bolsaňyz, onda ykbalyňyzdaky baýlygy ýitirmäň, ony gorap, aýawly saklaň! Annatuwak Kakayewa

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir