Ýalňyzyň dosty kitapdyr. Kitap ýaly wepaly ýaran ýokdur. Imanyň bezegi ylymdyr. Ылymyň bezegi amaldyr. Ылymly adamyň ýumşak häsiýetli bolmaga iň ajaýyp zatdyr. Ylymsyz adam süýji sözüň lezzetini bilmez. Ýunan ylymly Eflatundan: - Sen bu ylymlaryň hemmesini edinmäge nädip güýç tapdyň? - diýeninde, ol: - Bütin ömrümde içen suwumdan zeýtun ýagyny çyrada köp ýakdym -diýen. Afinada: «Her kim öz perzendine ylym öwretmese, onda ol atalyk hukugyndan mahrum bolýar» - diýen kanun çykarylypdyr. Ylym ýolbeletdir, amal gämisidir. Egergämiçi bolmasa, ýolbelediň akyly çaşar, eger ýolbelet bolmasa, gämiçi azaşar. Kitap bossanlykdyr, hat onuň gülleridir. Bir pelsepeçi: - Perzentleriňize edep kitaplaryny öwrediň, olaryň göwünlerinden turar. Emma mal-mülküň içinde göwnüňden turjak dür ýokdur - diýipdir. Ylym gulpdur, sorag onuň açarydyr. Ylym ýalňyşlykda ýoldaşdyr. Ylym ýalňyz çagyň syrdaşdyr. Ylym dostlaryň ýanynda bezegdir. Ylym bagtly bendelere berler. Halal-haram işler ylym bilen ölçelýändir. Ylym milleti beýgeldýändir. Ylym hem amalyň ýaragydyr. Eger ömür ony jemlemek bilen geçse haçan amal etsin. Amal edilmeýän ylymdan peýda ýokdur. Dogrudan hem öwrenilýän köp ylym eger onuň bilen amal edilmese, nadanlygy аrtdyrýar. Ylym öwreniň! Ylym öwrenmeklik gowulykdyr. Ylym mysapyrlykdan dostdur. Ylym duşmanlara garşy ýaragdyr. Perişdeler ylym eýeleriniň dostlukly gatnaşyklaryna uly üns berýärler, olary ganatlary bilen penalaýarlar. Ylym eýelerine deňizdäki ähli balyklar, guşlar, suw we gury ýer jandarlary, öý haýwanlary baş eger. Ylym pikirlenmekdir, ol orazanyň sogaby ýalydyr. Dogan-garyndaşlara ylym üsti bilen gowuşýarlar. Ylym ýolbeletdir, beýleki işler hem oňa tabyndyr. Bir kişi ylym ugrunda sapara çyksa, onuň perişdesi oňa jenneti buşlar. Geplemek ylmyň oýalygydyr, dymmak - ylmyň uklamagydyr. Ylym adamlary erbetliklerden iň gowy goraýan bir atadyr. Bilim kyndyr, sowatsyzlyk bolsa, ondanam kyndyr. /Mahmyt Zamahşarynyň «Ýagşyzadalaryň bahary» atly kltabyndan/

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir