“Aýdym-saz diňlemek, oňa hormat goýmak türkmeniň ata-baba kalbyna guýlandyr. Bu asylly ýörelge galkynyşlar eýýamymyzda täze hyjuw bilen oýanýar” -diýip, Тüpkmenistanyň Prezidentiнiň jaýdar belläp geçişi ýaly, biziň ýurdumyzda aýdym - saza goýulýan hormat gaty uly. Toý - baýram bir gowy zat. Halkymyzyň köňül içre biri - birinden oňat doga - dilegleri, ýagşy niýetleri bar. Bir zat bolsa ilçilikde: “Tapanyň toýa ýarasyn”, “Toýdan bolsun!”, “Toýdan topukça“, “Toýlaryňyz toýa ulaşsyn!”, “Toýda görşeli” - diýlip dileg edilýär. Adatça döwletmen türkmen toýuň beleňini uludan tutýar. Şonda ilçilikde üç gije - gündizläp, käte ýedi gije - gündizläp toý tutýanlary-da bolýar. Ine, şolar ýaly toýlaryň tutymly bagşysy bolup, bir gezek aýdan aýdymyňy ikilenç gaýtalaman, bir dessany gutaryp, ikinji, üçünji dessana geçmek hiç bir bagşa-da aňsat düşmese gerek. Eger, üns berýän bolsaňyz uly bagşylaryň aýdymyň arasynda: “Eý-weý-eý” - diýip goýberäýmesi bardyr. Bu ýöne ýere däl. Sebäbi, bagşynyň gerdenindäki ýük agyr. Toýy sowan bagşy däl-de, toýa gelen mähelläniň göwnüni awlap, halkyň “Haý berekellasynda” alkyşlanmagy başaran bagşydyr. Alty aýlyk ýoldan gelip, ýol aşyp, Senem diýip hijиr oduna tutaşyp, Tüniderýa akaryňa ulaşyp, Garyp janym hanjak gitmiş eý-weý-eý. Aşyk Tahyr Mahym gyza wepasyz Ömrüniň deň ýary ötdi sapasyz Geçen barmy bu ýollary jepasyz Bagt kimlere nesip etmiş eý-weý-eý. Gül yşkynda Bilbil göýä kebelek, Ýar yşkynda aşyk-magşuk ot elek, Kaýys adyn Mežnun eden eý pelek, Leýlim diýip, bagty ýatmyş eý-weý-eý. Şirin-Perhat söýgüsiniň haýrany, Lowlap duran otly halka çar ýany, Dag içinden çekjek bolsa derýany, Dagyň böwri gatbar-gatmyş eý-weý-eý. Ýar hijrinde otly köýnek geýişip, Oýnap-gülüp, käte ýanyp-köýüşip, Seýpelmelek-Metheljemal söýüşip, Ýedi aşyk, barça ötmüş eý-weý-eý. Deň çekişip, aşyklaryň derdini, Ýegşerlipdir, bagşyň ýükli gerdeni, Halk götermez depesinde her kimi, Besdir bagşy, daňlar atmyş eý-weý-eý. Hudaýtagalanyň Adam atany ýaradyp, oňa jan girиzmek hakynda pikir edip ýören döwri eken. “Ýeri, nätsemkäm?. Nädeniňde jany Adamyň kükregine salamda, töwerek –daşdaky ähli janly - jandarlara, ot - çöplere, bag - bakjalara, mahlasy tebigatdaky ähli zada rakyp bolar ýaly edip bilerkäm? Suw bilen jan girizsem-ä, Adamyň suwugrak бolmagy mümkin. Ot bilen salsamam onuň has gyzgyn bolup, töweregini ýakyp-ýandyryp barmagy ahmal. Ýel bilen salsamam şemal ýaly şuwlap, harasat ýaly baran ýerini syryp-süpürip ýörmegi ähtimal...” Hudaý soňam şu mesele barada köp oýlanan. Ahyrynam Adamyň göwresine jany saz bilen girizmegi makul bilipdir. Saz bilen giren janda mylakatlylygam, ýakymlylygam, oduňky ýaly ýylylygam, suw ýaly teşneligi gandyrmagam, ýel ýaly gubarlanyp oturan köňülleri syryp-süpürip arassalamagam bar. Ine, şeýdibem adama saz bilen jan beripdir. Adamyň kalbyna jan girizen saz guralynam oňa peşgeş beripdir. Hudaýtagala soň How enäni ýaradanmyşyn. Özem Adamdan daş düşmesin, bir jan, bir ten bolsun diýip, ony Adamyň çep gapyrgasynyň birinden ýasanmyşyn. Ýöne, entäk olar bir-birini görmänmişler. Adamyň haýwanlardyr dürli guşlary, bag - bakjalary, ot - çöpleri, giden gül-gunçaly meýdanlary, daglary deňizlerdir derýalary synlap, tebigatyň şol gözelliklerine maýyl bolup ýörşi. Ýöne ahyryn ýene - de içi gysyp ugrady. - Tebigatdaky ähli janly - jandarlaryň taýy bar... Eý Taňry, özüňden medet. Menem bir taýly bolsam... Şol wagt asmandan ýakymly ses eşidilipdir. - Gözläber taýyňy ýaradandyryn... Indi Adam has beter alakjap başlaýar. Taýyny gözläp ýörşi diýýä. Ýöne näçe gözlese - de, tapjak gümany ýok. Onuň indi içi hasam gaty gysýar. Bu ýerde durara karary ýok. Bir görseň deňziň kenaryndadyr, bir görseňem tokaýda. Bir görseň daglaryň arasyndadyr. Bir görseňem çöl beýewanlykda ümdüzine tutduryp barýar. Günlerde bir gün derýada suwa düşüp ýörkä, aňňyrrakda, gaýanyň gutaran ýerindäki uly daşyň gapdalynda duran, özüne meşzeş mahluga Adamyň gözi düşýär. Ol mahluk şo bada daşa dulanýar. Adamyň seredip, aňk bolup durşy. Ol mahluk özüne gaty meňzeş eken. Adam özüne taý ýasap berenine Hudaýtagala köp mertebe minnetdar. Adamyň yzarlap gidip oturşy. Yz dagdan jeňňele girýär. Jeňňelden soň bolsa deňze. Ol deňizden çykan yzy welin tapmady. Ol lapykeç bolup yzyna gaýtdy. Adamyň derdi artdy. Ozal ýekelikden kösenýän bolsa, indi özüne meňzeş mahluga duşup bilmän, ejir çekýär. Adamyň ýadyna birden dutar düşdi. Indi näçe gün bäri aç-suwsuzlykdan ýaňa, ysgynsyzlykdan ýaňa entirekläp duranam bolsa dutara elini ýetirdi. Eli degendenem dutar gümmürdäp başlady. Adam barha sazlaryň şirinden şirinini, süýjüden - süýjüsini çalýar. Adamyň ýüzüni galdyrman çalyp oturşy. Ol birden çalaja şygyrdynyň bardygyny eşitdi. Ýöne, “çöl haýwanlarynyň biridir-dä” diýip hiç zada üns bermedi. Aýak sesi barha ýakynlaşdy. Adam bolsa ýüzünem galdyrman, çalyp otyr. Mahluk barha öňe süýşüp - süýşüp, ahyryn adamyň golaýjygyna gelip otyrdy. Adam oňa barmysyňam diýenok. Aram - aram gözüni aýlanda, durşy bilen gulaga öwrülip, saz diňläp oturandygyny görýär. Adam ýene-de bir salym saz çalansoň ýadap, dutary bir gapdala goýdy. Saz tamamlanan badyna ökjäni göterer öýtdi. Ýöne How dutaryň owazyna melul bolup, gymyldap bilmän otyr. Onuň bolşy asla gaçmaga hyýal etjege-de meňzänok. Ol dyzlaryny gujaklap, gözlerini balkyldadyp, otyr. ..> Saz bilen söhbeti ýaman diýmäňler, Adam ata dünýä gelende bardyr. Kabyl bile Habyl ene garnynda, Olar hem dünýäge gelende bardyr. Görşümiz ýaly hezreti Adam atamyz bilen How enemizi bir-birine ysnyşdyran gudrat hem, olaryň nikasyny gyýan hem saz eken. Ýaş çatynjalaryň nika toýlarynyň aýdym - saz bilen dabaralnmagynyň aňyrsynda gör nähili ezeli sazlaşyk bar. Saz adamalryň birek - birege bolan mähir - muhabbetini güýçlendirýän jadyly gudrat. Adatça, ynsan duýgыlary sazyň teswirinde beýan edilýän, çeper kinofilmlere tomaşa etmegi halamaýan ýekeje-de adam ýok bolsa gerek. Emma, pikir edip görüň, her bir ýerine ýetirilýän aýdym hem saz bilen aýdymdyr. Aýdylýan aýdymyň sazy bolmasa, ol öz tomaşaçysyna geregiçe hoşwagtlygy bagyşlap bilmez. Edil, şonuň ýaly çeper filmleriň hem sazyny aýyrsaň, onda beýan ediljek wakalar guraksy we görksiz hem-de duýgusyz bolardy. Bir barly adamyň iki sany aýdym aýdýan gyrnagy bar eken. Olaryň biriniň gowy owazy bolup, beýleki biriniň owazy o diýen däl eken. Olaryň gowy owazlysy aýdym aýdanda, ol adam köýnegini ýyrtar eken. Beýlekisi aýdym aýdanda oturyp ýyrtan köýnegini tiker eken. Şeýle-de, Mugtasym Yshak Mosullydan: - Sen iki sany meňzeş heňdäki aýdymy nähili tapawutlandyryp bilýärsiň? - diýip soranda, Yshak: - Bir - birine meňzeş zat ýokdur. Ýöne olary sypatlandyryp, tapawutlandyryp başarmaly – diýýär.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir