Ýürek dil açanda... Gulak goýgul, saňa aýdýan sözlerme, Ýürek dil açanda aýdýandyr şuny. Kalbyň bilen diňle bakyp gözlerme, Ýürek dil açanda aýdýandyr şuny. Gürleýär ol:’’Allajanym bu name. Janym bilen ýakyp barýarla meni. Bu gözeli saldyň meniň dünýame’’ Ýürek dil açanda aýdýandyr şuny Köp zatlary aýtýar joşan mahaly Saňa garşy goşgy goşan mahaly ,,bile durmuş guraly biz sapaly’’ Ýürek dil açanda aýdýandyr şany Emma bu pikire seniň garaýşyň Düýbünden başgaça tersine bolýar ,,Garaşýaryn,maýyl etýär ýöreýşiň Ýürek dil açanda aýdýandyr şunyy ,,Bir gezejik menem bagtly bolaýsam, Ýaryň süýji sözlerinden doýaýsam Mähirli keşbini synlap doýaýsam Ýürek dil açanda aýdýandyr şuny Söýse ýürek köp zatlary aýdýandyr, Näçe köp aýtsa-da bäden gaýdýandyr, Wah, söýsemem söýmeýändir öýdýändir, Ýürek dil açanda aýdýandyr şony. Amangeldi aýdar diňläň sözlerim, Ýürek dil açanda açýar gözleriň "birje bagra bassam ýaryň ellerin” Ýürek dil açanda aýdýandyr şuny.

Köneler, Makestm tarapyndan 10 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir