Adamzat durmuşynda iň meşhur hasaplanylýan oýunlaryň biri hem futboldyr. Bu meşhur oýnuň taryhy barada bilmek hemmämize gyzykly bolsa gerek. Bu oýun öz taryhyny örän irki döwürlerden alyp gaýdýar. Ýagny aýakda oýnalýan toply oýunlar b.e.öňki 3000-nji ýyllarda Aziýa Hun döwleti tarapyndan ýaýrapdyr diýen çaklamalara gabat gelmek bolýar. Ondan soňra toply oýunlar hytaýlylara gelip ýetipdir. Olar hem top arkaly oýnalýan «Juju» oýnuny döredipdirler. Hatda b.e.öňki 2500-nji ýyllarda Hytaýda ýere iki sany naýzany dikip, onuň arasyndan topy geçirmek oýny hem meşhur bolupdyr. Gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde tapylan 7,5 sm. ululykdaky deri toplary, top oýnaýan adamlaryň şekilleri ýokardaky aýdylanlara delil hökmünde kabul edilýär. Rimli esgerler tarapyndan oýnalan «Harpastum» atly oýun häzirki futbolyň başlangyjy hökmünde kabul edilýär. Futbol oýnunyň Ýewropa ýurtlarynda ilkinji dörän ýeri jedellidir. Fransiýalylar, iňlisler, italiýanlar futbolyň ilkinji dörän ýerini öz ýurtlary hasaplaýarlar. Hernäçe jedelli bolsa-da, bu oýnuň häzirki zaman kämil görnüşi XVII asyrda iňlisler tarapyndan döredilendir. Çünki bu oýnuň ady hem iňlisleriň «Football» sözünden dörändir. Muňa mysal hökmünde bolsa 1857-nji ýylda döredilen «Şeffield» atly ilkinji iňlis klubyny, 1863-nji ýylda döredilen Angliýa futbol federasiýasyny görkezmek bolar. Soňra futbol oýny ýuwaş-ýuwaşdan dürli ýurtlara ýaýrap, bu oýnuň belli bir düzgünleri döredilipdir. Maglumatlara görä, 1841- -nji ýylda futbol topunyň şar şekilli bolmagy baradaky kada kabul edilen bolsa, 1848-nji ýylda «Kembrij kanunlary» atly futbol düzgünleri taýýarlanylypdyr. Bu düzgünlere laýyklykda futbol meýdançasynyň çyzgysy hem-de meýdançada her topar üçin bir derweze goýlupdyr. Derwezeleriň üstki sütüni bolsa 1875-nji ýylda goýlup, futbolçylara topy kelle bilen urmaga rugsat berlipdir. 1876-njy ýylda topy burçdan oýna girizmek, 1886-njy ýylda adatdan daşary ýagdaý düzgünleri arkaly futbol oýny baýlaşdyrylypdyr. Bu oýunda başda düzgünbozulmalar az bolupdyr. Ýöne basdaşlaryň köpelmegi bilen gödeklikler artyp başlapdyr. Şol sebäpli hem 1890-njy ýylda oýna ýörite futbol eminleri goşulypdyr. Şeýle hem derwezeban William Mak-Krumyň maslahaty netijesinde Irlandiýa futbol federasiýasy tarapyndan 11 metrlik jerime urgusy täze bir oýun düzgüni hökmünde kabul edilýär. Ilkinji gezek bu urgy 1891-nji ýylyň 14-nji sentýabrynda Irlandiýanyň ligasynda ýerine ýetirilipdir. Mundan başga-da sary-duýduryş we gyzyl-oýundan çykaryş petekleri döredilip, ol ilkinji gezek 1970-nji ýylda bolan Dünýä çempionatynda ulanylypdyr. 1905-nji ýylda yklymlar arasyndaky ilkinji bäsleşik yglan edilen bolsa, 1908-nji ýylda Londonda geçirilen Olimpiadada hem futbol oýny oýnalypdyr. Häzirki wagtda örän köp tomaşaçy futbol oýny bilen gyzyklanyp, oňa tomaşa etmegi halaýar, oýnuň şatlykly-şowhunly pursatlaryndan ruhy lezzet alýar. Sebäbi bu oýun iň meşhur, iň gyzykly hasaplanylýan sport oýunlarynyň birine öwrüldi. Nesil gazeti

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir