Watanymyz öz Garaşsyzlygyna eýe bolandan son ösüşleriň belent sepgitlerine ýetildi. Milli däp-dessurlarymyz dikeldilip, halkymyz öz milli ädim-gylymlaryny erkin berjaý edip başlady. Тüркменистаныň Prezidentiнiň Karary bilen her ýylda bellenilýän «Suw samjasy altyn dänesi», Galla baýramy, Ýaşulularyň halkara güni, Türkmen gaвунynyň güni, Hasyl toýy ýaly milli baýramlarymyz хalkyň bagtyýar günlerine siňip, öz orunlaryny tapdylar. Hawa, halkymyzyň söýüp, sarpalap jebislikde baýram edýän günleriniň biri bolan Türkmen gawunynyň güni белленилип гечилди. Ene topragymyzda babadaýhanlarymyzyň halal zähmeti bilen ösdürip ýetişdirilýän togalak, süýri görnüşli, güneşden reňk alan gawunlar dine bir süýjüligi bilen däl-de, dermanlyk häsiýetleri bilen özüne çekýär. Aslynda kerem-keramatly türkmen topragynda bitip ýetişen önümleriň haýsy birini alanymyzda hem olaryň dermanlyk häsiýetleri barada parasatly ýaşulularymyzyň paýhasly gürrüňlerini diňlemek bolýar. Munuň özi bolsa tebigata düşünip, onuň bilen ylalaşykda ýaşan türkmen halkynyň dürli dertleri bejermek boýunça halk tebipçiliginiň juda ösendigine şaýatlyk edýär. Düzüminde uglewodlary, beloklary, betta-karotini, «A» witaminidir «B» witaminler toparyny, askorbin turşusyny, natriý, kaliý, magniý, demir mikroelementlerini saklaýan gawunyň dermanlyk häsiýetleri gadym döwürlerden bäri öwrenilip gelipdir. Dünýä meşhur Lukman Hekim gawun çigidiniň we petiniň dürli keselleri bejermekde nepiniň degýändigini ýazyp beýan edipdir we lukmançylyk tejribesinde giňden ulanypdyr. Ynsan bedeninde gan aýlanyşygyň bozulmagynyň öňüni almakda juda peýdaly bolan demir mikroelementleri gawunyň düzüminde süýtdäkiden 17 esse, balygyň düzümindäkiden 3 esse köpdür. Gawunda bar bolan askorbin turşulygy nerw ulgamynyň işleýşini sazlamaga we bedeniň kesellere garşylygyny, ýagny immuniteti berkitmäge öz täsirini ýetirýär. Betta-karotiniň ynsan bedeniniň näzik bolmagyna we saçyň gür hem tiz ösmegine nepiniň bardygyny, magniýniň bolsa ýüregiň saz işlemegine täsiriniň bardygyny bilmegimiz gawuna bolan söýgimi artdyrdy. Kiçijik çagalaryň ýüzlerinde döreýän çiläni Gülaby gawunynyň paçagyny ýukajyk alyp, kölegede guradyp, un ýaly owradylanyny çig süýdüň gaýmagyna garyp çalyp aýyrýandyklary hakynda atamyň beren gürrüňleri meniň çagalykdan gulagymda galypdy. Gawunlar maşgalasyna girýän hoşboý ysy bilen köpleri özüne muşdak eden, halk arasynda sarymazy ady bilen tanalýan Dessemmaýa barada hem köpler bilýändir. Enelerimiziň öz gyzlaryny «saryjamazym» diýip söýgüleýändigine häli-häzirlerem duşulmagy bu täsin, naşyja bakja önümine bolan söýgüden alamat. Iýmek üçin däl-de, hoşboý ys beriji närse hökmünde ulanylan Dessemmaýany halk arasyndaky gürrüňlere görä ýaş ýigitler päk söýgüleriniň teswiri hökmünde öz magşuklaryna sowgat beripdirler. Ululygy, bary-ýogy, 5-6 santimetr bolup, agramy 50-100 gram bolan bu gelşikli, hoşboý ysly täsinligi görseňiz, synlap, ysgap geçmegi unutmaň. Bu gözellik babadaýhanlarymyzyň çeken halal zähmetlerine Ylahydan berlen rehnetleriň biri. Göwrüminiň kiçiligi bilen hemde iň ir bişýänligi bilen tapawutlanýan кyrkgünlük gawuny maý aýynda bişip ýetişip, saçaklarymyza bezeg berse, gyş gawuny hasaplanylýan гarrygyz gawuny aýazly gyş günlerinde hem öz süýji tagamy bilen halkymyza maza berýär. Haýsy bazara baryp, gawuny bahaladyp görsek-de, onuň garpyzdan gymmatdygynyň sebäbi barada oýlanyp gördüňizmi? Şu mesele bилен gyzyklanyp daýhan ýaşululara beren soragyma gawun we gar¬pyz ekilen 1 gektar meýdandan alynýan garpyzyň hasylynyň gawundan 3 esse köpdügi bilen tapawutlanýandygy, şeýle-de gawuna ideg etmegiň garpyzdan has çylşyrymlydygy hakyndaky jogaplary aldym. Gawuna mahsus aýratynlyklar hakda gürrüň edilende, türkmen topragynda bitýän gawunlaryň başga ýurtlaryň topragyna uýgunlaşanda öz gowy häsiýetlerini, ýagny süýjüligini, hoşboý ysyny ýitirýändigine göz ýetirilendigi hakynda aýtmalydyrys. Şu ýerde biziň halkymyzda hoşniýetlilik, hoşmeýillilik häsiýetleriň has ösen bolşy ýaly, güneşe baý ýurdumyzda ýetişýän önümlerimize-de täsin aýratynlyklaryň mahsusdygy ýüze çykdy. Şol täsinlik hakda gürrüň edilende bolsa düme ekinlerini ýatlamazlyk mümkin däl. Gawundyr garpyzyň dermanlyk häsiýetleri barada gözleglerim meni düme gawun-garpyzlaryň täsin ekiliş usulynyň üstünden eltdi. Bu usul ekinleri diňe ýagyş-ýagmyryň suwunyň, ýagny tebigy ygalyň hasabyna ýetişdirmekden ybaratdyr. Düme ekerançylygy, esasan, dag düzlüklerinde hem-de gum eteklerinde ulanylypdyr. Bu usul käbir ýerlerde häzirki wagtda hem ulanylýar. Düme ekilýän bakja ekinleriniň çigitleri çägeli ýerlerde çäge gatlagynyň aşagyndaky toýunsow topraga taýagyň ýa-da iş guralynyň ujy arkaly sünjülip ekilýär. Düme ekinleriniň içinde gawun-garpyz ýaly bakja ekinlerine uly orun degişli bolup, olaryň tagamynyň örän süýji bolýandygy üçin sarpasy ýokary tutulypdyr. Käbir gumly babadaýhanlar ýandagyň köküni dilip, içine bakja ekinleriniň çigidini oturtmak-sapmak arkaly hem bakja önümlerini ýetişdiripdirler. Bu täsin usula «sapmak» usuly diýlipdir. Şol çigitden gögerýän pazyldan hasyl alynýandygy türkmen halkynyň oýlaptapyjylyk ukybynyň juda ösendigine şaýatlyk edýär. Şeýle-de, şeýdip ekilen düme ekinleriň hasylynyň kesel bejerijiliginiň we ýokumlylygynyň has güýçlüdiginiň ylmy nukdaýnazardan tassyk edilmegi ene topragymyzyň kerem-keramatyndan habar berýär. Gawun hakda gürrüň edilende, ondan taýýarlanylýan kakdyr ijanyň, gaýnadylyp taýýarlanylýan toşabyň, söküň tagamy we olaryň adam bedenine peýdasy bаgtyýar ýadyňa düşýär. Gawunyň ýumşak etinden dilnip, гüne serlip guradylyp taýýarlanylýan kak önümi burum-burum görnüşi we özünde saklaýan witaminleriniň köpdügi bilen ýürege, gan-damar ulgamyna juda peýdalydyr. Gadym döwürlerden bäri dürli süýji önümlerinden pesde durmaýan gawun söki gara goňur reňkli bolup, gowy bişip, mazaly ýumşan gawunyň etiniň gyrlan löti gazanda gaýnadylyp taýýarlanylýar. Dürli miwelerden gaýnadylýan mürepbelerden tagamy hem-de peýdalydygy bilen tapawutlanýan gawun toşaby gawunyň etini-lötüni gazanda gaýnadyp taýýarlanylýar. Ony gyşyň aňzakly günleri saryýaga garyp iýseň, adam bedenini sowuklamadan we dürli hili kesellerden goraýandygy bize mälimdir. Mirasgärlerimiz bu tagama «Keselkerten» diýilýändigi, ýagny ýöneräk keseli ýom-ýok edýändigi hakynda maglumatlaryny ýazyp galdyrypdyrlar. Gawunyň kakyna künji, gawun çigidiniň maňzyny goşup soňra sokuda mazaly ýenjip ýasalýan halwa meňzeş tagama bolsa ijan diýilýär. Juda tagamly hem peýdaly bu önümi taýýarlap iýip görmegi unutmaň! Şeýle-de, meşhur lukman Abu Aly ibn Sinanyň: «Gawun böwrekdäki we peşew haltadaky daşlara garşy ulanylanda, kiçijik daşlary çykarmaga kömek edýär» diýip ýazan sözleri gawunyň ýene-de bir tapylgysyz taraplaryny açyp görkezýär. Gawunyň damar inçelmesine, ganyň köpelmegine haýrynyň köpdügini, onuň aşgazan-içege ulgamyny gowy arassalaýandygyny, lötüniň we çigidiniň el-aýakdaky çişi aýyrýandygyny bilmek hem peýdaly¬dyr. Ýöne gawunyň düzüminde köp mukdarda gant barlygy sebäpli käbir kesellerde, meselem, süýji keselinde gawun iýmegiň, gawun iýip, yzyndan suw içmegiň zyýanlydygyny unutmalyň. Gan azlykdan, aterosklerozdan, çişleriň döremeginden goraýan gawundyr garpyzy antibiotikleriň täsirini güýçlendirip, olaryň zäherliligini peseldýändigi üçin olary kabul edýän syrkawlara hem köpüräk iýmek lukmanlar tarapyndan maslahat berilýär. Hawa, türkmeniň bereketli, keremli top¬ragynda bitip ýetişýän datly gawunlarynyň şanyna Тüркменистаныň Prezidentiниň Karary bilen her ýylyň awgust aýynyň ikinji ýekşenbesinde Türkmen gawunynyň güni bellenilip geçilýär. Ine, bu gezekki Türkmen gawu¬nynyň baýramçylygynda hem ýurdumyzyň dürli künjeklerinden gelen babadaýhanlarymyz öz öndürip ýetişdiren bakja önümleri bilen halkymyzy haýrana goйдулар. Gawun baýramyňyz gutly mübärek bolsun, mähriban ildeşler! Türkmen topragyna rysgal-bereket ýar bolsun!

Köneler, TDUayka tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir