Toýlary toýlara, baýramlary baýramlara ulaşýan mähriban Watanymyzda täze Galkynyşlar we beýik özgertmeler zamanamyzda her bir maşgalanyň abadançylykda ýaşamagyna uly üns berilýär. Her bir maşgalanyň bol elin durmuşda, bagtly ýaşamagy üçin ähli şertler döredilýär. Köküni müňýyllyklardan alyp gaýdýan türkmen halkymyz maşgala düşünjesine örän uly ähmiýet beripdir. Ata-babalarymyz maşgalada esasanam ogul-gyz terbiýesine aýratyn üns beripdirler. Maşgalada gyz edebi bilen baglanyşykly türkmen halkymyz aşakdaky nakyllary döredipdirler: Gyzly öý - gyzylly öý. Gyzysy - gülysy. Gyzly öýde, iş galmaz. Gyzym öýde, gylygy daşda. Maşgalada ogullyk borçlary şulardyr: Göwnüň ata - enäniň göwni bilen bir perdeden gopsun. On iki süňňüň bilen olaryň hyzmatynda bol. Ýagşy ýörelgelerini has - da ösdürýänden bol. Abraýyna şärik bol. Senden göwni biten bolsun. Sargytlary seniň üçin kanun bolsun. Hiç haçan olaryň ýüzüne gelme. Türkmeniň her bir ogul - gyzy edepli bolmalydyr. Çünki, edep adama zerur bolan üç baýlygyň biridir. Edep sallançakdan başlap, bakyýete çenli ynsana öwredilen kada laýyk gowy endikleriň jemidir. Beýleki baýlyklar bolsa saglyk bilen akyldyr. Häzirki döwrümizde türkmen ýaşlarynyň beden taýdan sagat bolmagy üçin hemme şertler döredilendir. Ýurdumyzda «Olimpiýa» şäherçesiniň gurulmagy, welaýatlarymyzda sport toplumlarynyň açylmagy, atçylyk sport toplumynyň açylmagy türkmen ýaşlarynyň sagdyn bolmagy ugrunda edýän aladalarynyň mysalydyr. Çünki beden we akyl taýdan sagat ýaşlardan geljekde binýady berk agzybir, ýurdy ösdürjek maşgalalaryň ýetişjekdigi ikuçsyzdyr. Her bir maşgalanyň eşretli durmuşda, bagtly ýaşamagy üçin ähli mümkinçilikleri döredилен.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir